Takmynan, 100 ýyl mundan öň bir adam gazet okap oturan wagty örän geň galýar we onuň içinde gorky döreýär. Çünki gazetde özüniň ölendigi barada ýalan maglumat ýazylypdyr. Soňra okyjy özüni dürsäp, özi barada adamlaryň başga nähili zatlar ýazandygyny bilmek üçin ol makalany dolulygyna okap görýär we ol ýerde özüne «Dinamit Karoly öldi» diýip ýazylan ýere gözi düşýär. Üstesine-de, ol adam barada «Ölümiň söwdagäri» diýip bellenipdi. Okyjynyň özüniň dinamiti oýlap tapan adamdygyna garamazdan, ölümiň söwdagäri sözüni göreninde, adamlar tarapyndan beýle ýatlanmak islemeýär. Ol adamzada peýdaly bir zatlar galdyrmagy ýüregine düwýär we adamlaryň ony ýagşylykda ýatlamagyny isleýär. Şol günden başlap, ol adam parahatçylyk üçin işler alyp barýar. Ol adamyň ady, elbetde, hemmämize belli bolan Alfred Nobeldi we ol şu wagt Nobel baýragynyň düýbüni tutujy hökmünde tanalýar.

Elbetde, biz hem ýagşylykda ýatlanmak isleýän bolsak, häzirki wagtda dowam edýän erbet hereketlerimizden, häsiýetlerimizden, endiklerimizden dänmelidiris we ýagşy işler bilen meşgullanmalydyrys. Goý, bizi tanaýan töweregimizdäki mähribanlarymyz bizi ýagşylykda ýatlasyn!

Bilim, sapalybegenjow000000 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir