Türkmenistanyň we BAE-niň welosipedçileri Aşgabatdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda 1270 kilometre golaý ýol geçerler
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndysy Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi weloklubynyň wekilleri bilen bilelikde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu ýygnanyşygy guramak boýunça meýilnamalar barada hasabat berildi. Guramaçylaryň mälim etmegine görä, okuw-tü...
Türkmen türgeni Abdylla Babaýew awgust aýynyň ahyrynda geçiriljek tutluşyga taýýarlyk görýär
Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Abdylla Babaýew awgust aýynyň ahyrynda «Fight Nights» guramasy tarapyndan geçiriljek nobatdaky tutluşygyna taýýarlyk görmek maksady bilen, Tailandyň Phuket adasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.
Türkmen türgeni Abdylla Babaýew awgust aýynyň ahyrynda geçiriljek tutluşyga...
Türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryndan 471 medal gazandylar
Türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryndan 471 medal gazandylar. Bu barada 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi.
TDH-de habar berlişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňde...
Türkmen karateçileri Aktau şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň çempionatynyň ilkinji gününde 4 medal gazandylar
Gazagystanyň Aktau şäherinde badalga alan karate boýunça WKF-niň Merkezi Aziýanyň 11-nji çempionatynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň türgenleri bir altyn, bir kümüş we iki bürünç medal gazandylar. Bu barada «Türkmenistan:Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Üç gün dowam etjek ýaryşa Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistanda...
Usman Nurmagomedow tehniki nokaut bilen Kolgany ýeňip, PFL-iň titulyny gorady
Russiýaly türgen Usman Nurmagomedow Nýu-Ýorkdaky ýaryşda amerikaly Arçi Kolgany tehniki nokaut bilen ýeňip, ýeňil agram derejesinde PFL-iň çempionlyk guşagyny gorady.
Duşuşyk birinji raundda tamamlandy. Nurmagomedow garşydaşyna öz tilsimini ulanmaga mümkinçilik bermän, möhletinden öň ýeňiş gazandy. Bu ýeňiş russiýaly türgen üçin PFL-iň ýeňil...
Usman Nurmagomedow Kolgany nokaut bilen ýeňip, PFL-iň çempionlyk adyny gorap saklady
Russiýanyň garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça ussady Usman Nurmagomedow Professional Fighters League (PFL) guramasynyň ýeňil agram (70 kilograma çenli) derejesindäki çempionlyk guşagyny üstünlikli gorady. Ol Nýu-Ýork şäherinde geçirilen söweşde amerikaly Arçi Kolgany birinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi.
28 ýaşly Usman Nurmag...
Kriştian Ronaldu serialda surata düşer
Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu britan futboly baradaky çeper serialyň ýerine ýetiriji prodýuseri bolar hem-de esasy keşpleriň birinde surata düşer. Bu barada «The Sun» neşiri habar berdi.
Taslama eýýäm surata düşürilip başlandy, onda britan aktýory Demien Luis tarapyndan ýerine ýetirilýän futbol agenti barada gürrüň berilýär. Seria...
Ýagşymyradow bilen Pauelliň PFL ýaryşyndaky söweşi 7-nji awgusta geçirildi
Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow bilen Beýik Britaniýanyň wekili Simeon Pauelliň PFL New York ýaryşynyň çäklerinde meýilleşdirilen söweşi 31-nji iýuldan 7-nji awgusta geçirildi. Bu barada Döwletjan Ýagşymyradow özüniň sosial torundaky sahypasynda habar berdi.
Onuň sözlerine görä, söweşiň baş...
«Real Madrid» sport klublarynyň arasynda bir möwsümdäki girdejisi boýunça rekord goýdy
Madridiň «Real» futbol kluby sport klublarynyň arasynda bir möwsümdäki girdejisi boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.
2025/26-njy möwsümiň jemleri boýunça klubyň umumy girdejisi 1,221 milliard ýewro ýetdi. Bu görkeziji geçen möwsüm bilen deňeşdirilende 3,1 göterim ýokarydyr. Şunça möçberdäki gir...
Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň ugrunda «Arkadag» bilen «Ahal» duşuşar
Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol kluby bilen Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň «Ahal» topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda duşuşar. Oýun 2-nji awgustda Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçiriler we ýerli wagt bilen sagat 17:45-de başlanar.
«Arkadag» topary Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempiony hem-de Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi...
2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň final oýnunyň baş emini Slawko Winçiç eminlik işini tamamlady
2026-njy ýylda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynyň baş emini sloweniýaly Slawko Winçiç eminlik işini tamamlandygyny yglan etdi. Bu barada Sloweniýanyň futbol birleşiginiň metbugat gullugy habar berdi.
Winçiç dünýä çempionatynyň final duşuşygyna eminlik etdi. Şol oýunda Ispaniýanyň milli ýygyndysy goşmaça wagtda Arg...
Şomurodowyň goly janköýerleriň ses bermeginde DÇ-2026-nyň iň gowy gollarynyň arasynda ikinji orny eýeledi
Özbegistanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Eldor Şomurodowyň 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda geçiren goly janköýerleriň ses bermeginiň netijelerine görä, ýaryşyň iň gowy goly ugrundaky ses berlişikde ikinji orny eýeledi. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) resmi saýtynda habar berildi.
Birinji orny Kabo-Werdeniň milli...
Zaika Russiýanyň Premýer-ligasynyň taryhynda iň ýaş baş emin boldy
Emin Matweý Zaika Russiýanyň futbol çempionatynyň ýokary diwizionynda we Russiýanyň Premýer-ligasynyň (RPL) taryhynda iň ýaş baş emin boldy.
Moskwada Alfa-Bank RPL-iň birinji tapgyrynyň çäklerinde «Dinamo» bilen Samara şäheriniň «Krylýa Sowetow» toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyga 24 ýaşly Matweý Zaika baş emin hökmünde bellenildi.
Zinedin Zidan Fransiýanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi boldy
Madridiň «Real» toparynyň ozalky baş tälimçisi Zinedin Zidan täze işe bellendi. 54 ýaşly hünärmen Fransiýanyň milli futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy. Bu barada ýurduň Futbol federasiýasy özüniň sosial ulgamlardaky resmi sahypalarynda habar berdi.
Ozal taraplaryň arasynda baglaşylan zähmet şertnamasynyň 2030-njy ýyla çenli hereket etjekdi...
Bäş ýyl ozal Polina Gurýewa Türkmenistana ilkinji Olimpiýa medalyny getirdi
Bäş ýyl ozal — 2021-nji ýylyň 27-nji iýulynda türkmen agyr atletikaçysy Polina Gurýewa Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda kümüş medal gazanyp, milli sportumyzyň şanly taryhyna girdi. Bu sylag Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp gazanan ilkinji medaly boldy.
Bäş ýyl ozal Polina Gurýewa Türkmenistana ilkinji...
Kabo-Werdeniň ýygyndysynyň derwezeçisi Wozinýa «Kolo-Kolo» klubynyň teklibini kabul etdi
Kabo-Werdeniň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Wozinýa Çiliniň «Kolo-Kolo» futbol kluby bilen şertnama baglaşmak baradaky teklibini kabul etdi. Bu barada žurnalist Herman Garsiýa Growa X sosial torundaky sahypasynda habar berdi.
Kabo-Werdeniň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň H toparçasynda Ispaniýanyň, Urugwaýyň we Saud Arabystanynyň ýygynd...
Mançester Siti» kluby Husanow bilen şertnamasyny 2031-nji ýyla çenli uzaltdy
«Mançester Siti» kluby Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow bilen baglaşan şertnamasynyň möhletiniň uzaldylangygyny yglan etdi. Täze şertnama 2031-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder — diýip, daryo.uz saýty habar berýär.
22 ýaşly futbolçy 2025-nji ýylyň ýanwarynda Fransiýanyň «Lans» klubyndan Angliýanyň «Mançester Sit...
Hindistanyň ýygyndysyndaky ilkinji boksçy zenan Arkalaşygyň oýunlarynyň altyn medalyna dalaş edýär
57 kilograma çenli agram derejesinde häzirki dünýä çempiony bolan hindi türgeni Jaýsmin Lamboriýa Glazgoda geçiriljek Arkalaşygyň oýunlarynyň boks ýaryşynda altyn medal üçin göreşjek esasy dalaşgärleriň biri hasaplanýar. 2022-nji ýylda Birmingemde geçirilen ýaryşda 24 ýaşly türgen bürünç medala mynasyp bolupdy, indi bolsa medalyň reňkini üýtgetmegi...
Ata Atdaýew Abu-Dabide geçirilen UAE Warriors 72 ýaryşynda ýeňiş gazandy
Türkmen garyşyk başa-baş söweş (MMA) sungatynyň ussady Ata Atdaýew 23-nji iýulda Abu-Dabidäki Space42 arenasynda geçirilen halkara UAE Warriors 72 ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiş gazandy. Türkmen türgeniniň garşydaşy Braziliýanyň söweşijisi Paulo Wiktor boldy.
UAE Warriors – bu Abu-Dabide ýerleşýän we Ýakyn Gündogaryň garyşyk başa-baş...
Türkmen tennisçileriniň Dewisiň kubogynyň sebit ýaryşyndaky garşydaşlary belli boldy
kanyň Kolombo şäherinde geçirilýän Dewisiň kubogynyň sebit ýaryşynda Türkmenistanyň tennis boýunça ýygyndysy Yragyň, Gyrgyzystanyň we Kuweýtiň ýygyndylary bilen bäsleşer.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habar bermegine görä, Şri-Lankanyň paýtagtynda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparçasynyň saýlama ýaryşy geçirilýär. Ol hem ö...