XX tomusky Aziýa oýunlarynyň resmi saýtynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabryndan 4-nji oktýabryna çenli Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde we Aýçi prefekturasynda geçiriljek ýaryşlara gatnaşjak düzümi yglan edildi. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine 34 türgen — 25 erkek we 9 zenan türgen girýär — diýip, «Turkmenportal» habar berýär. Uşu boýunça türgen Muhammet Jumamyradow Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň baýdak göterijisi hökmünde çykyş eder. Türkmenistanyň wekiliýetiniň doly düzümi: Göreş: Zyýamuhammet Saparow, Azatjan Açylow, Aslan Agadadaýew, Amanberdi Agamämmedow, Alp Arslan Begenjow, Şatlyk Hemelýaýew. Uşu: Muhammet Jumamyradow, Bibimerýem Akmuhammedowa, Baýrammyrat Annamyradow, Merjen Joraýewa, Hezret Öwezgeldiýew. Boks: Döwlet Muhanow, Baýramdurdy Nurmuhammedow, Daniýar Rozmetow, Abdyrahman Yklymow, Döwlet Yslamow. Ýüzmek: Dawid Akopýan, Waleriýa Mirenskaýa, Alan Muhin. Agyr atletika: Anamjan Rustamowa, Ogulşat Amanowa, Şahzadbek Matýakubow, Bektimur Reýimow. Kuraş: Ahmet Çaryýew, Nurana Hezretowa, Humaý Jumadurdyýewa, Sabina Kadyrowa, Hydyr Muhammedow, Ylýas Muhammedow. Ýeňil atletika: Enejan Esedowa, Lukman Gurbandur­dyýew, Walentina Meredowa (tälimçi). Karate: Raýan Gurbanmyradow, Daýanç Keletliýew, Dawut Nazmyradow. 2026-njy ýyldaky Aziýa oýunlary Ýaponiýada geçiriljek üçünji tomusky Aziýa oýunlary bolar. Ýaponiýa ozal 1958-nji ýylda Tokio şäherinde we 1994-nji ýylda Hirosima şäherinde bu iri sport ýaryşyny kabul edipdi. Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy 19-njy sentýabrda «Nagoya City Mizuho Park Athletic Stadium» stadionynda geçiriler. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 45 agza döwletiniň ählisinden türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar sportuň 41 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşerler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir