Kelläni transplantasiýa etmek ýakyn 8 ýylda hakykata öwrülip biler
Newrobiologiýa we biomedisina ýöriteleşen amerikaly BrainBridge adam kellesini donoryň bedenine geçirip bilýän enjamyň konseptini hödürledi diýip, New Atlas ýazýar.
Operasiýa birnäçe robot gollary dolandyrjak emeli aňyň algoritmleriniň kömegi bilen amala aşyrylar. Olar kelläni aýrarlar we ony täze göwrä geçirerler, şeýle hem oňurga ýiligini,...
Hytaý kompaniýasy dünýäde “gaýnadyp boljak” ilkinji smartfon çykardy
Hytaýyň AGM kompaniýasy dünýäde iň berk smartfonlaryň biri hökmünde AGM X6 smartfonyny hödürledi, diýip Hi-Tech ýazýar.
Täze önümiň esasy aýratynlygy, dürli täsirlere aşa çydamlylygydyr. Smartfon IP69 standarty boýunça kepillendirilendir, bu bolsa onuň tozany we suwy hiç hili geçirmeýändigini aňladýar. Mundan başga-da, AGM X6 gazanda bir min...
Hiňlenmek ýeterlik: YouTube Music-de aýdymy hiňlenip tapyp bolýar
YouTube Music aýdym hyzmatyna täze funksiýa goşuldy: indi ulanyjylar islän aýdymlaryny çala hiňlenip ýa-da sazyny çalyp tapyp bilerler diýip, 9to5Google habar berýär.
Täze funksiýa 7.02 wersiýadaky Androidler üçin ykjam goşundyda elýeterlidir. Ol aýdymyň hatda adyny bilmedik wagtyňyz hem tanamaga ýardam edýär. Munuň üçin ykjam goşundynyň sag...
Eplenýän smartfonlar bazarynda Huawei Samsung-dan geçdi, Motorola 1260% ösüş gazandy
TechInsights-yň berýän maglumatlaryna görä, eplenýän smartfon bazary çalt ösüşi başdan geçirýär, Huawei birinji çärýegiň netijeleri boýunça täze lider bolmak bilen, barha öňe dyzaýar. Seljerijiler Huawei-iň eplenýän flagmanlarynyň satuwynyň 257% ýokarlandygyny bellediler. Hytaý kompaniýasy ozal bazarda agdyklyk eden Samsung-dan öňe geçdi diýip, IXB...
1972-nji ýylda çykan dünýäde ilkinji PK auksiona çykaryldy
Dünýäde ilkinji doly derejeli personal kompýuter hasaplanýan 1972-nji ýylyň Q1 kompýuteriniň seýrek nusgasy ABŞ-da Heritage Auctions auksionyna çykaryldy diýip, RBK ýazýar.
Öz döwründen öňe giden bu ykjam kompýuter Londonda tötänleýin tapyldy. Ol ekran, klawiatura we printer bilen enjamlaşdyrylan bolup, hasaplaýyş tehnikasynyň taryhynda özbo...
Redmi Note 14 Pro barada ilkinji maglumatlar peýda boldy
2023-nji ýylyň sentýabr aýynda çykarylan Redmi Note 13 Pro-dan soň, Redmi Note 14 Pro smartfony barada ilkinji maglumatlar peýda boldy diýip, gagadget.com ýazýar.
Weibo portalyndaky Digital Chat Station insaýderiniň maglumatyna görä, Redmi Note 14 seriýasy kamerasynyň mümkinçiliklerine we ajaýyp dizaýnyna ünsi çekip biler. Hatardaky smartfon...
Boeing we NASA Halkara kosmos stansiýasyna ilkinji kosmos taksisini ibermäge taýýarlanýar
Astronawtlary Halkara kosmos stansiýasyna äkitmek üçin niýetlenen Boeing Starliner kosmos gämisi 1-nji iýunda ilkinji ekipažly uçuşyna taýýarlanýar. Bu barada Bloomberg habar berýär.
Öň ýüze çykarylan kiçiräk geliý syzmasyna garamazdan, NASA we Boeing kompaniýalarynyň wekilleri CST-100 Starliner gämisiniň howpsuzlygyna ynamly.
Missiýa...
Microsoft kompaniýasy resmi taýdan "Windows 10-y" goldamagynyň gutarýan senesini yglan etdi
Microsoft 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Windows 10 operasion ulgamy (OS) üçin goldawy bes etjekdigini habar berdi. Bu diýildigi Windows 10 OS-ly kompýuterleriň mundan beýläk Microsoft-dan howpsuzlyk täzelenmelerini we tehniki goldawy almajakdygyny aňladýar.
Kompaniýa Windows 10-a goldawyň gutarjakdygy barada ulanyjylara uzak wagtdan bäri...
Bugatti Chiron 55 1 of 1-iň öz görnüşinde ýeke-täk nusgasyny hödürledi
"Bugatti Sur Mesure" topary eksklýuziw giperkar bolan Chiron 55 1 of 1-iň çykyşyny bildiriş etdi. Awtoulag 1931-nji ýylda Žan Bugatti tarapyndan döredilen, rowaýata öwrülen Type 55 Super Sport modeliniň ommažy hasaplanýar diýip, IXBT ýazýar.
Chiron 55 1 of 1 Type 55 Super Sport-yň gara-sary reňk gammasyny, şeýle hem onuň özboluşlylygyny görk...
IFixit Samsung bilen hyzmatdaşlygy bes edýär: koreý enjamlaryny bejermek kynlaşar
Elektronikany bejermek boýunça jikme-jik görkezmeleri bilen tanalýan iFixit kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda Samsung bilen hyzmatdaşlygyň bes edilendigini habar berdi diýip, IXBT ýazýar.
Bu karar Samsung enjamlaryny abatlamagy ýönekeýleşdirmeklige gönükdirilen Samsung Repair Hub programmasynyň üstünde iki ýyl işlenenden soň kabul edildi. iF...
BMW täze işgär aldy: SpOTTO robot-iti hereketlendirijileriň ýygnalyşyna gözegçilik edýär
BMW awtoulag konserni Boston Dynamics kompaniýasy tarapyndan döredilen SpOTTO robot itini özüniň Beýik Britaniýadaky Hems-Hall zawodynda ornaşdyrdy.
IXBT-iň habar bermegine görä, robot iki sany Ottonyň adyny göterýär - BMW-ni esaslandyryjylaryň biri Gustaw Otto we onuň ogly, dört basgançakly içinden ýandyrylýan hereketlendirijini oýlap tapyj...
Innopolisde sürüjisiz elektrobus işe girizildi, ýöne ol sagatda 10 km tizlik bilen hereket edýär
Tatarystan Respublikasynyň Innopolis şäherinde sürüjisiz elektrobus synagdan geçirilip başlandy. Ol Innopolis uniwersiteti bilen Innoparkyň aralygynda 3 km ýol boýunça hereket edip, Popowa adyndaky tehnopark duralgasynda säginer. Elektrobus uniwersitetiň işgärlerini we talyplaryny gatnadar diýip, TASS habar berýär.
Elektrobus 10 adamy sygdyr...
Planşetden noutbuga öwrülmek üçin bir ädim: Lenovo ulaldylýan displeýli planşet taýýarlaýar
Lenovo kompaniýasy geljek ýyl özboluşly çekilip ulaldylýan displeýi bolan planşeti çykarmagy meýilleşdirýär. Gurluşyň Samsung-dan 17 dýuýma çenli giňeldilip bilinjek 13 dýuým ekran bilen enjamlaşdyrylmagyna garaşylýar diýip, Sammobile habar berýär.
Bu innowasion displeý tehnologiýasy ilkinji gezek 2022-nji ýylda Samsung tarapyndan hödürlendi...
Apple taryhda iň inçe iPhone-yň peýdasyna iPhone Plus-dan ýüz öwrüp biler
Apple kompaniýanyň taryhynda iň inçe smartfon boljak täze iPhone-ny çykarmaga taýynlanýar. iPhone 17 Slim diýlip atlandyrylýan bu modeliň 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda iPhone 17 bilen birlikde hödürlenmegine garaşylýar diýip, habarly çeşmelere salgylanýan The Information neşiri ýazýar.
Şol bir wagtyň özünde kompaniýa, iPhone 14 Plus-yň we 1...
Dünýäde ilkinji wodorod ýahtasy bolan 119 metrlik äpet Project 821 suwa goýberildi
Niderlandlaryň Feadship gämi abatlaýyş kärhanasy dünýädäki ilkinji wodorod ýahtasy bolan Project 821-i ulanyşa girizdi. Bu Niderlandlarda gurlan iň uly ýahtadyr diýip, “Haýtek” ýazýar.
Project 821-iň uzynlygy 119 metr, ini - 19 metr. Bu ýahtanyň esasy aýratynlygy – onuň iň ýeňil himiki element bolan wodorodda işleýän elektrik stansiýasynyň b...
Salwadorda wulkanyň kömegi bilen 31,8 million dollarlyk bitkoin gazanyldy
Bitkoini kanuny töleg serişdesi hökmünde kabul eden ilkinji ýurt bolan Salwador wulkanlarynyň ýaşyl energiýasyny kriptowalýuta gazanmak üçin ulanýar. Üç ýylyň dowamynda ýurt 474 bitkoin gazandy, bu bolsa 31,8 million dollara barabardyr diýip, Interesting Engineering-e salgylanýan “Haýtek” ýazýar.
Bitkoin gazanmak üçin Tekapa stratowulkanynda...
“Döwüp bilseň, döw”: iň ýönekeý parollar belli edildi
Kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenler 3,4 mln dört belgili PIN-kodlary seljerip, iň köp ýaýran we netijede, iň gowşak parollaryň sanawyny düzdüler.
“New York Post” neşiriniň belleýşi ýaly, antireýtingiň liderleri şular boldy: 1234; 1111; 0000; 1212; 7777; 1004; 2000; 4444; 2222; 6969.
Hünärmenler şeýle ýönekeý sazlaşmalaryň ulanylmagyny...
Kia elektrik ulaglarynyň satuwy bir ýylda iki esse artdy
Kia elektrik ulaglarynyň satuwy bir ýylda iki esse artdy. 2024-nji ýylyň aprelinde Günorta Koreýanyň awtoulag öndürijisi 17 140 elektrik ulagyny satdy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 90% köp. Kia-nyň umumy satuwynda elektrik ulaglarynyň paýy 7%-e ýetdi diýip, ITHome habar berýär.
Satuwyň umumy ösüşine garamazdan, Kia...
Microsoft korporasiýasy iň çalt we intellektual Windows PK – Copilot+PC-ny hödürledi
Microsoft korporasiýasy emeli aňa gönükdirilen Windows-ly personal kompýuterleriniň täze kategoriýasyny hödürledi. Copilot+PC adyny alan täze gurluşlar häzire çenli döredilen iň çalt we intellektual Windows PK hökmünde häsiýetlendirilýär.
Copilot+PC emeli aň ýumuşlarynda 40 TOPS-a çenli öndürijiligi bolan kuwwatly prosessorlar bilen enjamlaş...
Sürüjisiz, rulsuz we pedalsyz taksiler Hytaýda eýýäm şu ýyl peýda bolar
Hytaýyň Baidu tehnologiýa kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Uhanda rulsuz we pedalsyz Apollo RT6 sürüjisiz taksilerini işe girizmek meýilnamasyny yglan etdi. CarNewsChina-nyň habar bermegine görä, taksini ses buýruklary arkaly ulanyp bolýar.
Sürüjisiz taksileriň sany, takmynan 1000 ulag bolar, diýlip garaşylýar.
Baidu Apollo RT...