Apple geçen çärýegi iPhone satuwynyň we hyzmat ugrunyň ösmeginiň netijesinde rekord girdeji bilen tamamlandy. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tim Kuk umumy girdejiniň 8% ýokarlanyp, 102,5 mlrd dollar bolandygyny belledi. iPhone satuwy möwsüm üçin rekord 49 mlrd dollar getirdi we bu geçen ýylkydan 6% köpdür. Hyzmat ugry hem ösüş görkezdi: hyzmatlardan we ýazylyşyklardan gelen girdeji ýyllyk hasabynda 15% ýokarlanyp, 28,8 mlrd dollara ýetdi. Bu ugur kompaniýanyň çärýek girdejisiniň, takmynan, 28%-ini üpjün etdi we iPhone-dan soň ikinji uly girdeji çeşmesi bolup galýar. Kompaniýanyň esasy işinden gazanýan girdejileri 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginden bäri ýokarlanýar, bu bolsa häzirki makroykdysady ýagdaýda aýratyn möhümdir. Sebit nukdaýnazaryndan, rekord görkezijiler hem ösen ykdysadyýetli ýurtlarda, hem ösüp barýan bazarlarda hasaba alyndy. Amerikada, Ýewropada, Ýaponiýada we Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň galan böleginde möwsümleýin girdeji rekordy goýuldy. Kompaniýanyň girdejisi eýýäm yzygider alty çärýek bäri ýokarlanýar, paý üçin girdeji bolsa 91% ýokarlanyp, 1,85 dollara ýetdi. Önüm ugry boýunça ösüş 5% bolup, 73,7 mlrd dollara ýetdi, esasy goşant goşan iPhone bilen Mac boldy. Mac-dan gazanylan girdeji 13% – 8,7 mlrd dollara çenli ýokarlandy. iPad satuwy geçen ýylky derejede galdy – takmynan, 7 mlrd dollar. Dakylýan gurluşlardan we hojalyk enjamlaryndan gelen girdeji 1%-den sähel peselip, 9,01 mlrd dollar boldy. Bütin maliýe ýylynda Apple rekord 416 mlrd dollar gazandy, ähli kategoriýalarda işjeň ulanylýan enjamlaryň sany ähli sebitlerde täze ýokary derejä ýetdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir