«Time» žurnaly Statista analitik platformasy bilen bilelikde «World’s Best Companies» atly ýyllyk reýtingini neşir etdi. Sanawda Apple kompaniýasy mümkin bolan 100 baldan 93,16 bal alyp, dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň hatarynda üçünji orny eýeledi. Sanawynyň başyny 97,51 bal bilen Nvidia kompaniýasy çekdi. Ikinji orny amerikan lukmançylyk hyzmatyna we ätiýaçlandyryşa ýöriteleşen Cigna kompaniýasy eýeledi. Onuň toplan baly 94,17-ä deň boldy. «Time» sanaw düzülende esasy üç görkezijini seljerýär: işgärleriň kanagatlanma derejesi, soňky üç ýylyň dowamynda girdejiniň ösüş depgini we daşky gurşawa täsiri nukdaýnazaryndan kompaniýanyň durnuklylygy. Işgärleriň kanagatlanma derejesi boýunça aýratyn reýtingde hem Apple birinji orny eýeleýän Microsoft-dan we ikinji orundaky IBM-den yza galyp, üçünji orunda ýerleşdi. Ekologiýa aýdyňlygy kategoriýasynda Apple 24-nji orna düşdi, 2024-nji ýylda ol bu reýtingde liderlik edýärdi. Ýöne korporasiýanyň maliýe görkezijileriniň ösüşi «Time» tarapyndan ýokary baha eýe boldy, iýulda kompaniýanyň girdejisi ýyllyk hasabynda 10% artdy — bu 2021-nji ýyldan bäri iň gowy netijedir. Umumy reýtingiň dördünji ornuny Meta Platforms eýeledi. Bäşinji ýerde Astrazeneca, altynjy ýerde Microsoft ýerleşdi. Ýedinji orun Deutsche Telekom telekommunikasiýa ägirdine degişli boldy. Sekizinji we dokuzynjy orunlara, degişlilikde, Accentura we McKesson mynasyp boldy. Iň gowy onlugy bolsa emeli aň ulgamlary üçin prosessorlara islegiň artmagy bilen AMD kompaniýasy jemledi. Tehnologiýa pudagynyň beýleki iri gatnaşyjylarynyň arasynda Alphabet (Google) 12-nji orunda ýerleşdi, Amazon 39-njy orny, Lenovo bolsa 51-nji orny eýeledi. Reýtingde Samsung Electronics 84,44 bal bilen 153-nji orunda we TSMC 83,76 bal bilen 182-nji orunda ýerleşdi. Intel korporasiýasy bolsa sanawa girip bilmedi.