Google Pixel 9 Pro MWC 2025 sergisinde “Ýylyň smartfony” baýragyny aldy
Barselonada geçirilen MWC 2025 sergisinde Google-yň Pixel 9 Pro flagmany Apple-iň we Samsung-yň ýokary derejeli modellerinden öňe geçip, “Ýylyň smartfony” baýragyny aldy. Smartfon 2024-nji ýylyň iň köp gürrüňi edilýän Android gurluşlarynyň biri boldy we ösen tehnologiýalaryň, täzelenen dizaýnyň we kuwwatly programma üpjünçiliginiň sazlaşmagy netije...
Apple M4 çipli täze nesil MacBook Air-i hödürledi: has güýçli we has arzan
Apple kompaniýasy täze nesil MacBook Air noutbuklaryny tanyşdyrdy. Täze modeller M4 çibi bilen enjamlaşdyrylyp, öňki nesillere garanyňda diňe bir has güýçli bolman, eýsem has arzan bahadan hödürlenýär.
Noutbuklaryň daşky dizaýny o diýen üýtgemedi – öňküsi ýaly inçe we fansyz korpus saklandy. Öňden bar bolan reňklere (kümüşsöw, altynsöw we go...
Volvo uzak ýol üçin niýetlenen täze ES90 elektroliftbegini hödürledi
Volvo kompaniýasy täze modelini – ES90 elektromobilini hödürledi we ony täze synpyň kerwenbaşysy hökmünde häsiýetlendirdi. Uly göwrümli we bäş gapyly awtoulag ýerden 203 mm beýiklikde bolup, üç dürli kuwwatly ulgam bilen üpjün edilýär. Ol bir gezeklik zarýad bilen 700 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Ýewropanyň käbir ýurtlarynda sargyt eýýämden ka...
Realme obýektiw dakyp bolýan smartfonyň nusgasyny görkezdi
Barselonadaky MWC 2025 sergisinde Realme kompaniýasy obýektiw dakylýan ulgamly smartfonynyň nusgasyny görkezdi. Enjama, MagSafe aksessury ýaly, gurnap bolýan içerki datçikli obýektiwi dakyp bolýar. Bu mehanizm obýektiwleri çalyşmaga we olary simsiz birikdirmäge mümkinçilik berýär diýip, Gizmochina habar berýär.
Kamera modullarynyň köpelişini...
Dünýäde ilkinji iki “ganatly” dron döredildi: onuň agramy 250 gramma ýetenok
Zero Zero Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji iki ganatly dron (bikopter) bolan V-Copter Falcon Mini-ni görkezdi. Onuň agramy 250 gramdan hem az.
Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, V harpy görnüşinde gurnalan iki propellerli dronyň gurluşy "ýyldyrym çaltlygyndaky tizlenmäni" we ykjam hereketi üpjün edýär. Howa akymyny sazlamak üçin dronyň pe...
Intuitive Machines-iň Athena moduly Aýa ýetdi, ýöne enjamyň nähili gonandygy belli däl
Intuitive Machines kompaniýasynyň Athena kosmos enjamy Aýa gondy, ýöne onuň gonuşy barada jikme-jik maglumatlar heniz ýok. Gonuş 6-njy martda Aşgabat wagty bilen 22:31-de, hemranyň günorta polýusyndan, takmynan, 160 km uzaklykda, Mons Muton belentliginde bolup geçdi. Bu barada CBS News habar berýär.
62,5 mln dollarlyk IM-2 missiýasy 26-njy f...
Oppo Find N5 eplenýän smartfonlaryň arasynda zarýady iň uzaga gidýäni bolup çykdy
PhoneBuff YouTube kanalynyň awtorlary eplenýän smartfonlaryň awtonomlygyny (batareýalarynyň işläp biliş dowamlylygyny) barlap görmek üçin synag geçirdi. Oňa Oppo Find N5, Galaxy Z Fold 6 we Pixel 9 Pro Fold gatnaşdy.
Synag garaşylan netijeleri tassyklady: Find N5 bäsdeşlerinden ep-esli öňe geçdi. Galaxy Z Fold 6 smartfony 9 sagat 2 minut, P...
BYD 5,6 milliard dollarlyk paýnamalaryny satdy. Bu dünýäniň awtoulag senagatynda rekord
Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisi Gonkong biržasynda 123,5 million sany täze paýnama satdy we ondan 43,5 milliard gonkong dollaryny (5,6 milliard dollar) toplady. Resmi maglumatlara görä, gymmatly kagyzlar iri maýa goýujylaryň, şol sanda Al-Futtaim Group Arap gaznasynyň arasynda paýlandy.
Awtoulag ägirdi munuň Gonkongyň biržasyndaky senagata g...
Xiaomi «Pad 7 Pro» we «Pad 7» planşetlerini dünýä bazaryna çykardy: bahalary €400-dan başlaýar
Xiaomi kompaniýasy Pad 7 Pro we Pad 7 planşetlerini dünýä bazaryna hödürledi. Olar Hytaýda geçen ýylyň oktýabr aýynda tanyşdyrylypdy.
Iki enjam hem 11,2 dýuýmlyk 3K displeý bilen üpjün edilen. Onuň durulygy 3200×2136 piksel bolup, täzeleniş ýygylygy 144 Gs-e çenli ýetýär. Şeýle-de HDR10 we Dolby Vision goldawy bar. Täze planşetler «TÜV Rhein...
Honor emeli aň smartfonyny we täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak bilen meşgullanar
Barselonada geçirilýän MWC 2025 sergisinde Honor kompaniýasy emeli aňy ösdürmek strategiýasyny hödürledi. Kompaniýa Alpha Plan taslamasyny anons etdi we geljek bäş ýylyň dowamynda EA ekoulgamyna 10 mlrd dollar maýa goýmagy maksat edinýär.
Taslamany durmuşa geçirmek işine Google Cloud we Qualcomm ýaly halkara hyzmatdaşlar hem gatnaşar. Onuň e...
Mercedes-AMG taryhyndaky iň çalt elektromobil taýýarlaýar
Mercedes-AMG brendiň iň dinamik awtoulagy boljak elektrikli superkary yglan etdi. Bu täzeligiň tanyşdyrylyşy 2025-nji ýylyň ortalarynda bolar diýip, «Autocar» neşiri habar berýär.
Täze model «Vision One-Eleven» konseptinden ylham alýar. Öndüriji esasan tizlige we tizlik bilen depginli hereketlere üns berer.
Işläp düzüş prosesinde Amer...
Fransuz startapy dünýädäki ilkinji 5G hemra internetini işe girizer
Constellation Technologies & Operations (CTO) fransuz startap kompaniýasy, sözüň göni manysynda, 5G internet aragatnaşygyny kosmos derejesine çykarmak baradaky meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa örän pes orbitadaky (VLEO) toplanmalary ulanyp, dünýäde ilkinji 5G millimetr tolkunly (mmWave) hemra toruny taýýarlaýar diýip, Overclockers habar berýär....
Google «Gemini-de» wideoçat hyzmatyny tanyşdyrdy: onda çatda wideony ýa-da ekrany görkezip bolar
Google kompaniýasy MWC 2025 sergisinde «Project Astra» taslamasynyň iki sany täze aýratynlygyny hödürledi. Mart aýyndan başlap, Gemini emeli aň (EA) kömekçisinden peýdalanýan ulanyjylar smartfonyň ekranyndaky mazmuny onuň bilen paýlaşyp ýa-da gönümel kameradan oňa wideo görkezip, gepleşik geçirip bilerler. Bu barada kompaniýanyň resmi blogunda haba...
Xiaomi Poco F7 Pro we F7 Ultra modelleriniň dünýäde satuwyna taýýarlanýar
Xiaomi ýakynda Poco F7 seriýaly täze smartfonlaryny dünýä bazarynda satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Gürrüň Poco F7 Pro we Poco F7 Ultra modelleri barada gidýär diýip, Overclockers belleýär.
Takyk senesi yglan edilmedi, ýöne insaýderler tanyşdyrylyş dabarasynyň mart aýynyň ahyrynda bolup biljekdigini çaklaýarlar. Bu adaty tanyşdyryş tertibin...
Atmosferada her gün 4 sany Starlink hemrasy ýanýar
SpaceX kompaniýasy Starlink hemralaryny ulanyşdan aýyrmak işini çaltlaşdyrdy. Kompaniýa diňe fewral aýynyň 28 gününiň dowamynda, 111 sany emeli hemrany orbitadan düşürdi. Bu görkeziji ýanwar aýy bilen deňeşdirilende (97 hemra), takmynan, 15% köpdür.
Şeýlelikde, hemralaryň ýok ediliş tizligi günde 3,13-den 3,96-a ýokarlandy.
Esasan-da...
Honor "Watch 5 Ultra" akylly sagadyny tanyşdyrdy: ol bir gezeklik zarýad bilen 15 gün işleýär
Honor täze Watch 5 Ultra akylly sagadyny tanyşdyrdy. Täze sagat bir gezeklik zarýad bilen 15 gün üznüksiz işleýär, şeýle-de saglygy gözegçilikde saklamak boýunça dürli funksiýalary bar diýip, «Tom’s Guide» habar berýär.
Täze modele 1,5 dýuýmlyk AMOLED ekran (466×466 piksel, 60 Gs) ýerleşdirilen. Titan splawyndan ýasalan korpusynyň IP68 gorag...
Dünýädäki iň gymmat awtoulagyň bahasy näçe? Autoblog TOP-3-lügi getirýär
Iň gymmat awtoulaglaryň arasynda kämil inženerçilik çözgütleri, kaşaňlygy, özboluşly dizaýny we kuwwatly güýji özünde jemleýän deňsiz-taýsyz modeller bar. Autoblog portaly dünýäde iň gymmat awtoulaglaryň 3-lügini hödürleýär.
3-nji orunda: «Bugatti La Voiture Noire» – 18,7 million dollar
Bu giperkar brendiň 110 ýyllygyna bagyşlanyp dör...
Oukitel dünýäde ilkinji bolup fitnes bilezigini smartfona oturtdy
Hytaýyň Oukitel kompaniýasy özboluşly aýratynlygy – oturdylan fitnes bilezigi bolan WP200 Pro smartfonyny hödürledi.
Aksessuar uly tegelek kameralar blogunyň ortasynda ýerleşýär. Ol smartfonyň korpusyna oturdylan ýagdaýynda, diňe wagty görkezýär. Ýöne ony aýryp, eline daksa, ulanyjy ädimini, pulsy we ganda kislorodyň derejesini yzarlap biler...
Microsoft 8-nji, 9-njy we 10-njy nesil Core prosessorlaryny Windows 11 24H2-ni goldaýanlaryň sanawyna goşdy
Geçen aý Microsoft Windows 11 24H2 operasion ulgamynyň iň soňky wersiýasy bilen goldanylýan Intel prosessorlarynyň sanawyny neşir etdi. Onda, öňki wersiýalaryň resminamalaryna girizilen hem bolsa, Core modelleriniň 8-nji, 9-njy we 10-njy nesilleri ýokdy. Bu ulanyjylary geň galdyrdy we olaryň tankydyna sezewar boldy.
Soňra kompaniýa sanawyň O...
Google Chrome iň ýörgünli brauzer bolmagynda galýar, onuň bazar paýy - 66,5%
Google Chrome iň meşhur desktop brauzeri bolup, 66,55% paý bilen bazarda agalygyny dowam edýär. Onuň iň ýakyn bäsdeşi - Microsoft Edge ondan kän yzda galýar.
Statcounter-iň 2025-nji ýylyň fewral aýyndaky maglumatlaryna görä, 0,21% peselmegi Chrome-yň öňdeligine hiç hili täsir etmedi.
Microsoft Edge-iň paýy 13,9% (+ 0,11%) boldy. Üçünj...