Aşgabatda «Parahat-7-de» 20-den gowrak köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy başlanar
Aşgabat şäher häkimligi «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda täze desgalaryň gurluşygyna başlaýar. Häkimlik bu ýerde 20-den gowrak dokuz gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdebini we seýilgähi gurmagy meýilleşdirýär.
Şäher häkimliginiň sargydy boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bu ýaşaýyş...
Georgi Gospodinow edebiýat boýunça Halkara Buker baýragynyň eýesi boldy
Bolgariýaly prozaik we şahyr Georgi Gospodinow “Time Shelter” (“Wagt gaçybatalgasy”) romany üçin iňlis dilindäki edebiýat pudagynda gowşurylýan Halkara Buker baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Londonda geçirilen dabarada emin agzalarynyň başlygy, ýazyjy Leýla Slimani yglan etdi diýip, TASS habar berýär.
55 ýaşly ýazyjy baýragy almak bilen öz...
Hytaýyň soňky imperatorynyň sagady auksionda 6,2 million dollara satyldy
Hytaýyň soňky imperatory Pu I-e degişli Patek Philippe şweýsar markasynyň Reference 96 Quantieme Lune goşar sagady Gonkongdaky Phillips auksion öýi tarapyndan 6,2 million dollara satyldy. Bu barada CNN habar berýär.
Siferblaty arap sanly 31 mm-lik platina sagat al reňkli altyn sagatbagy we Aý fazasyny kesgitleýiş funksiýasy bilen tapawutlaný...
ABŞ-da başy gökdirän binalaryň agramynyň Nýu-Ýorkuň suwuň astyna gitmegine sebäp bolýandygy aýdyldy
ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň alymlary gözlegleriň netijesi boýunça, Nýu-Ýorkdaky başy gökdirän binalaryň şäheri suwuň astyna gidirýändigini aýtdylar. Bu barada Trend habar berýär.
Şäherdäki binalaryň umumy agramy, takmynan, 770 mln tonna barabar. Şol bir wagtyň özünde, her ýyl Nýu-Ýork bu agram sebäpli 1-2 mm çökýär.
Alymlaryň magluma...
Bloomberg: Sukerbergiň baýlygy 2023-nji ýylda 44 milliard dollar artdy
Meta kompaniýasynyň başlygy Mark Sukerbergiň baýlygy 2023-nji ýylda 44 milliard dollar artdy, bu milliarderleriň arasynda maýanyň iň çalt ösüşi boldy. Bu barada Bloomberg habar berýär.
"Mark Sukerbergiň baýlygy şu ýyl 44 milliard dollar artdy. Bu üstümizdäki ýylda beýleki milliarderleriň arasynda iň çalt ösüş boldy" diýip, tekstde bellenýär...
Nature: Hytaý gözleg işlerine goşan goşandy boýunça ABŞ-dan öňe geçdi
Hytaý ilkinji gezek Nature Index ýokary hilli tebigy ylmy žurnallar toparynda neşir edilen gözleg makalalaryna goşant goşmakda Birleşen Ştatlardan öňe geçip, birinji belgili boldy. Bu barada forbes.kz habar berýär.
Nature Index tarapyndan yzarlanan 82 žurnaldan awtorlaryň degişlilik maglumatlary 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan dekabr aýy araly...
Daniil Medwedew Rimde Masters ýaryşynda ýeňiş gazanyp, ATP-de 20-nji titulyny aldy
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew Rimde Masters 1000 kategoriýasynda ATP-niň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Finalda ol daniýaly Holger Runeden üstün çykdy — 7:5, 7:5.
ATP-niň reýtinginde Medwedew üçünji orny, Rune — ýedinji orny eýeleýär.
27 ýaşly russiýaly türgeniň hasabynda indi Masters tapgyrynyň ýaryşlarynda alty ýeňiş bar. Galyberse-...
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda senagat toplumyna degişli desgalar gurlar
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda esasan senagat toplumyna degişli önümçilik kuwwatlyklary gurlar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji maýda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda geçiren iş maslahatynda aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, bu işler ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda möhü...
Montana ştaty ABŞ-da ilkinji bolup TikTok-y doly derejede gadagan etdi
Montana ştatynyň häkimiýetleri ABŞ-da ilkinji bolup TikTok sosial ulgamyny düýbünden gadagan etdiler. Degişli kanuna ştatyň gubernatory Greg Janforte gol çekdi diýip, TASS habar berýär.
“Montananyň ýaşaýjylarynyň şahsy maglumatlaryny Hytaýyň Kommunistik partiýasyndan goramak üçin, men Montanada TikTok-y gadagan etdim” – diýip, ol Twitterde ý...
Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynda Aba Annaýew şäherçesi döredildi
Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň düzüm bölegi bolan, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuşy, zähmet çekmegi üçin has amatly şertleri bolan ýaşaýyş jaý toplumyna şäherçe derejesi berildi we oňa halypa seýis Aba Annaýewiň ady dakyldy. Degişli...
Özbegistanda möhletinden öň Prezident saýlawlary boýunça möwsüm başlandy
Çarşenbe güni Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary öz mejlisinde nobatdan daşary prezident saýlawlary üçin saýlaw möwsümine başlamak kararyna geldi.
"Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistanda nobatdan daşary prezident saýlawlaryny bellemek baradaky kararyna, şeýle hem Saýlaw kodeksine we Özbegistan Respublikasynyň konstitusiýasyna laýyklykda...
Türkmenistan Belgiýa eksportyny 15 esse artdyrdy
Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Belgiýa 2,33 million ýewrolyk harydy eksport etdi diýip, Ýewropa Bileleşiginiň statistika müdirligi bolan Eurostatda Trend agentligine habar berdiler.
Hasabat döwründäki bu görkezijileriň geçen ýylyň ilkinji iki aýyndakydan (146,070 ýewro) 15,8 esse ýokarydygy habar berildi.
Edaranyň...
Kanadada Ýelizaweta II-niň 20 dollarlyk kagyz puldaky keşbi Karl III-niň portreti bilen çalşyrylar
Kanadanyň zikgehanasy 20 dollarlyk kagyz pulda patyşa Karl III-niň portretini ýerleşdirer. Kagyz puldaky Beýik Britaniýanyň öňki şa zenany Ýelizaweta II-niň keşbi çalşyrylar. Bu barada şenbe güni CBC teleýaýlymy Zikgehananyň ýolbaşçylygyna salgylanyp habar berdi.
Çalyşmak prosesi birnäçe ýyl dowam eder. Täze kagyz puluň dizaýnynyň eýýäm şu g...
Türkmenistandan geçjek «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesi boýunça ilkinji konteýner otlusy Russiýadan ugrady
«Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça ilkinji konteýner otlusy Günorta-Ural demir ýolunyň (ÝuUŽD) Çelýabinsk-Gruzowoý bekedinden ugrady.
Konteýnerli 31 platforma Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäginden Eýran portuna geçer. Soňra reňkli metallardan we azyk önümlerinden ybarat ýük deňiz arkaly Hindistana iberiler.
Günort...
Slowakiýanyň Prezidenti täze premýer-ministri belledi
Lýudowit Odor Slowakiýanyň täze premýer-ministri wezipesine bellener. Bu barada ýekşenbe güni respublikanyň prezidenti Zuzana Çaputowa gyssagly brifingde habar berdi.
Ol: "Täze premýer-ministr hökmünde Slowakiýanyň Milli bankynyň başlygynyň (häzirki) orunbasary Lýudowit Odor bellener" - diýdi.
Ondan öň premýer-ministriň wezipesini wag...
Şawkat Mirziýoýew Özbegistanda möhletinden öň Prezident saýlawlaryny yglan etdi
Özbegistanda möhletinden öň Prezident saýlawlary 9-njy iýulda geçiriler. Bu barada duşenbe güni Özbegistanyň döwlet Baştutanynyň metbugat sekretary Şerzod Asadow habar berdi.
"Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň karary bilen möhletinden öň Prezident saýlawlary 2023-nji ýylyň 9-njy iýulyna bellenildi", - diýip, ol öz Telegram kanalynda ý...
Wýetnamda rekord dereje gyzgyn howa hasaba alyndy
Wýetnamda rekord dereje yssy howa hasaba alyndy, 7-nji maýda demirgazykdaky Thanhoa welaýatynda termometrleriň sütünjigi +44.1 gradusa çenli ýokarlandy.
Welaýat häkimiýetleri ilaty günüň aşa gyzan wagtynda öýden çykmazlyga çagyrdy.
Wýetnamda öňki temperatura rekordy 2019-njy ýylda hasaba alyndy. Şonda Hatin welaýatynyň howasy + 43,4 g...
Türkiýäniň daşary ýurtlardaky 1,6 milliondan gowrak raýaty prezident saýlawlarynda ses berdi
Türkiýäniň daşary ýurtlarda ses bermegi ýola goýan prezident we parlament saýlawlarynda 1,6 milliondan gowrak türk raýaty ses berdi. Bu barada duşenbe güni Türkiýäniň Ýokary saýlaw topary mälim etdi.
ABŞ-da, Kanadada we Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde ses bermek tamamlandy. Bu ýurtlardan býulletenler Türkiýä gowşuryldy. Jemi 1 million 666 müň...
Londonda Karl III-ä täç geýdirildi (foto)
Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III şenbe güni Londondaky Westminster abbatlygynda täç geýdi. Iki sagatlyk dowam eden dabarada Angliýanyň Buthanasynyň ruhanysy, Kenterberiý arhiepiskopy Jastin Uelbi hökümdaryň başyna keramatly Eduardyň täjini geýdirdi. Bu barada TASS habar berýär.
Ol XVII asyrda arassa altyndan ýasaldy, onuň agramy 2,2 kg b...
Serdar Berdimuhamedow Patyşa Karl III-ä Täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy
Şu gün, 6-njy maýda Londonda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III we onuň Şazenan maşgalasyna Täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy.
Günüň birinji ýarymynda döwlet Baştutany çäräniň geçýän ýerine -- Westminster Abbatlygynyň ýanynda ýerleşýän we...