Türkmenistan Hytaýa tebigy gaz eksportyny artdyrdy
2023-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistan Hytaýa, takmynan, 2,9 mlrd kub metr tebigy gaz ibermek bilen, eksport möçberini ýokarlandyrdy diýip, Trend habar berýär.
Resmi maglumatlara görä, görkezilen aýda gaz eksportynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda (2,4 mlrd kub metr) 20,8% köp boldy.
Hytaý mart aýynda tebigy gazy, Türk...
Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe kanunçylyk namalaryny kabul etdi
3-nji iýunda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlara garaldy hem-de kabul edildi.
Deputatlar gün tertibine laýyklykda, «Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynd...
Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň Baş sekretary wezipesini ilkinji gezek aýal eýelär
Argentinadan professor Selesta Saulo Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (BMG) Baş sekretary bellendi. Ol bu wezipede ilkinji aýal bolar. Bu barada BMG-niň Habarlar merkezine salgylanyp, forbes.kz habar berýär.
Professor Saulo 2014-nji ýyldan bäri Argentinanyň Milli meteorologiýa gullugynyň müdiri wezipesini eýeleýär we häzirki wagtda BMG-n...
Werstappen Ispaniýanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy
“Red Bulluň” sürüjisi Maks Werstappen Barselonadaky “Katalunýa” awtodromynda geçirilýän “Formula-1” çempionatynyň sekizinji tapgyry bolan Ispaniýanyň Gran-prisiniň saýlama ýaryşynda ýeňiş gazandy.
Umumy sanawda lider bolan niderlandiýaly sürüjiniň iň gowy aýlawy 1 minut 12,272 sekunt boldy. Ýekşenbe güni geçiriljek esasy ýaryşda ikinji bolup...
Plastik galyndylar boýunça ählumumy şertnamanyň ilkinji taslamasy 2024-nji ýylyň aýagyna çenli peýda bolar
BMG-niň howandarlygynda Parižde geçen gepleşiklere gatnaşyjylar plastik hapalanmanyň soňuna çykmak baradaky şertnamanyň başlangyç taslamasyny 2024-nji ýylyň ahyryna çenli işläp düzmek barada ylalaşdylar.
Bu adam ýaşaýşynyň galyndylarynyň iň dowamly çeşmelerinden biri bilen bagly meseläni çözmek üçin deslapky, ýöne aýgytly ädimdir.
Ara...
17-nji iýunda Ýeriň ýaşaýjylary planetalaryň paradyna syn edip bilerler
17-nji iýunda planetalaryň parady ýa-da olaryň deňleşmesi bolar. Bu astronomiki hadysa Gün ulgamynyň birnäçe planetasynyň Günüň bir tarapynda 20-30°-da ýaýramagy bilen ýüze çykýan hadysadyr. Bu barada Starwalk Space portaly habar berýär.
17-nji iýunda ir bilen Saturn, Neptun, Ýupiter, Uran we Merkuriý asmanyň 93 gradusly sektorynda hatara dü...
Dueýn Jonson Lýuk Hobbs hakyndaky ýeke-täk filmi bilen “Forsaža” gaýdyp geler
«Forsaž 10-da» gytaklaýyn surata düşürilenden soň, Dueýn Jonson franşiza doly derejede gaýdyp geler. Aktýor sosial ulgamlarda yglan edişi ýaly, Lýuk Hobbs hakyndaky ýeke-täk taslamada baş keşbi janlandyrýar.
Bu gahryman “Forsažyň" bäşinji, altynjy, ýedinji we sekizinji bölümlerinde, şeýle hem Jeýson Steýtemiň Jonsonyň hyzmatdaşy hökmünde çyk...
Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy
3-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.
Dabara 30-dan gowrak döwlet we Hökümet Baştutanlary, gatnaşdy.
Agşam Rejep Taýyp Ärdogan daşary ýurtly myhmanlarynyň hormatyna Çankaýa kö...
Ilon Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy
Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy, şeýle-de Twitter kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask Bloomberg agentliginiň wersiýasy boýunça dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde ýene-de birinji orna gaýdyp geldi. Onuň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygy 192,3 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar diýip, TASS belleýär.
Mask baýlygy 186,6 mlrd do...
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji iýundan içerki gatnawlarynyň tertibine üýtgeşmeleri girizdi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnaw ugurlarynyň täzelenen tertibini neşir etdi.
Täze tertip 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyndan hereket edip başlady. Awiakompaniýa uçuş wagtlarynyň üýtgäp biljekdigini belleýär.
Gatnawlar sebit howa menzillerinden her gün diýen ýaly amala aşyrylar. Içerki gatnawlarda Aşgabat, Daşoguz, Mary, Türkmen...
Hindistanda 3 otlynyň çaknyşygynda aradan çykanlaryň sany 288-e ýetdi
Hindistanyň Odişa ştatynda üç sany otlynyň çaknyşygynda aradan çykanlaryň sany 288-e ýetdi diýip, Frans Press agentligi ştatyň ýangyn howpsuzlyk gullugynyň başlygy Sudhanşu Sarangä salgylanyp habar berýär.
"Hindistanda otly heläkçiliginde aradan çykanlaryň sany 288-e ýetdi" - diýlip habarda aýdylýar.
Öň, Indian Express neşiri 233 adam...
Kanada dünýäde ilkinji bolup her çilimiň ýüzünde çilimkeşligiň zyýany baradaky duýduryşy çap edip başlar
Kanadada satylýan her bir çilimiň ýüzüne çilim çekmegiň zyýany barada duýduryşly bellik ediler. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.
"Ýakyn wagtda Kanada saglyk duýduryşlarynyň hut her bir çilimde çap edilmegini talap edip başlar. Kanada bu çemeleşmäni dünýäde ilkinji ulanjak ýurt bolar" diýip, resminamada gö...
Ärdoganyň girdejileri baradaky hasabat çap edildi
28-nji maýda Türkiýäniň täze möhlete saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan süýşürintgi puluny milli walýutada - türk lirasynda saklaýar. Resmî Gazete hökümet gazetinde türk lideriniň prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi barada Merkezi saýlaw toparynyň çözgüdi bilen bilelikde, onuň girdejisi barada neşir edilen habarnama görä, penşenbe güni ýurdu...
Forbes dünýäniň iň baý aktrisasyny mälim etdi
Oskar baýragynyň eýesi Riz Uizerspun, Forbesiň habaryna görä, iň baý aktrisa derejesini aldy. Onuň baýlygy 440 million dollar diýlip çaklanylýar.
2021-nji ýylda Uizerspun özüniň Hello Sunshine kompaniýasyny 900 million dollara satdy we 18% paýyna eýe bolmagyny dowam etdirdi. Ol zenan kyssalaryna gönügen “Uly kiçi ýalanlar” we “Ertir şüweleňi...
Hytaý 2030-njy ýyla çenli kosmonawtlaryny ilkinji gezek Aýa gondurmagy meýilleşdirýär
Hytaý öz kosmonawtyny 2030-njy ýyla çenli Ýeriň tebigy hemrasynyň üstüne gondurmagy meýilleşdirýär. Bu barada duşenbe güni Hytaýyň Pilotirlenýän kosmos uçuşlary maksatnamasynyň müdirligi (CMSA) habar berdi.
"Aýdaky pilotirlenýän gözlegler taslamasynyň meýilnamasyna laýyklykda hytaýlylar 2030-njy ýyla çenli ilkinji gezek Aýa gonar, bu tabşyry...
«Suw perijigi» filminiň kassa ýygymy 185 million dollardan gowrak girdeji getirdi
Suw perijigi Arieliň başdan geçirmeleri baradaky fentezi melodramasynyň başlangyç kassa ýygymy 185 million dollardan geçdi. Diňe ABŞ-da «Suw perijigi» 117,5 million dollar ýygnady. Maglumatlar Box Office Mojo web sahypasynda paýlaşyldy. Film 25-nji maýda prokata çykdy.
Film tankytçylardan dürli synlary aldy. Şeýle-de bolsa, bilermenler Holli...
Ýewropa biodürlülik bilen bagly ylmy gözleglerde dünýä lideri boldy
Ýewropa biodürlülik ugrundaky ylmy gözlegleriň sany boýunça lider boldy. Bu barada Elsevier ylmy neşirýatynyň gözleginde aýdylýar diýip, euro-pulse.ru belleýär.
2017 – 2022-nji ýyllarda dünýäde neşir edilen ylmy işleriň, takmynan, 41%-i ýewropaly alymlar tarapyndan ýerine ýetirildi. Mundan başga-da, bu döwürde Ýewropanyň ylmy merkezlerinden,...
Kianu Riwz "Dogstar" rok-topary bilen 20 ýylyň içinde ilkinji gezek sahna çykdy
Aktýor Kianu Riwz öz Dogstar topary bilen soňky 20 ýylda ilkinji konsertini berdi. Sazandalar BootleRock festiwalynda çykyş etdiler. Bu barada “Rolling Stone” ýazýar diýip, thecity.m24.ru habar berýär. Konsertden birnäçe wideo Internet torunda-da peýda boldy.
Riwzden, deprekçi we aktýor Robert Meýlhauzdan we wokalçy-gitaraçy Bret Domrouzdan...
Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko kosmosda müň gün bolan ilkinji kosmonawt bolup biler
2023-nji ýylyň sentýabr aýynda «Soýuz MS-24» kosmos gämisinde Halkara kosmos stansiýasyna ugrajak rus kosmonawtlary Oleg Kononenko we Nikolaý Çub bir ýyly şol ýerde geçirer, bu bolsa Kononenkonyň taryhda 1000 günden gowrak wagty orbitada geçiren ilkinji adam bolmagyna mümkinçilik berer. Bu barada žurnalistlere «Roskosmosyň» metbugat gullugynda aýtd...
Şol bir wagtyň özünde Ýeriň orbitasynda bolýan adamlaryň sany boýunça rekord täzelendi
Hytaýyň «Şençžou-16» kosmos gämisi uçurylandan soň, bir wagtyň özünde Ýeriň orbitasynda bolýan adamlaryň sany 17-ä ýetdi. Bu täze rekord bolup durýar.
Öňki rekord 2021-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda goýlupdy. Şonda orbitada 14 adam ýygnanypdy: iki russiýaly, üç amerikaly, HKS-de bir ýapon we bir fransuz, Şençžou-12 kosmos gämisinde Hytaýdan ü...