20-nji aprelde Ysraýylyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Aşgabada sapary meýilleşdirilýär
Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koeniň Aşgabat şäherine sapary 20-nji aprelde meýilleşdirilýär. Bu barada Ierusalimiň The Times of Israel onlaýn-gazetiniň ýekşenbe güni agşam beren habarynda aýdylýar.
Geçen hepde Azerbaýjan Ysraýylda öz ilçihanasyny açandan soň, Daşary işler ministri Eli Koen tiz wagtdan Bakuwa ugrar. Ol 18-nji aprelde...
Nokia SpaceX bilen Aýda 4G-internet toruny işe girizmegi meýilleşdirýär
Nokia 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Aýda 4G mobil toruny (LTE) ornaşdyrmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Ol NASA-nyň howandarlygynda «Artemida» missiýasynyň bir bölegi hökmünde ulanylar.
Nokia-nyň baş inženeri Luis de Teminonyň sözlerine görä, enjam ýakyn aýlarda SpaceX raketasyny ulanyp, Ýeriň hemrasyna iberiler. Aýyň Günorta polýusynda...
BAE-niň Prezidenti Abu-Dabiniň täze wise-prezidentini we mirasdüşer şazadasyny belledi
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti we Abu-Dabiniň hökümdary Şeýh Muhammed ben Zaid Al Nahaýýan täze wise-prezidenti, şeýle hem mirasdüşer şazadany we Abu-Dabiniň häkiminiň iki orunbasaryny wezipä belledi. Bu barada BAE-niň Habarlar gullugy habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Federal Milli Geňeşiň tassyklamagy bilen, şeýh Muhammet çarşenbe g...
Aleks Fergýuson we Arsen Wenger APL-iň Şöhrat zalyna girdi
Öňki futbol tälimçileri Aleks Fergýuson we Arsen Wenger Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) Şöhrat zalyna girizildi. Bu barada APL-iň Twitter sahypasynda habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.
Fergýuson 1986-njy ýyldan 2013-nji ýyl aralygynda “Mançester Ýunaýtede” ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda “MÝ” 13 gezek Angliýanyň çempiony...
Aşgabat — London gatnawlarynyň awiabiletleri onlaýn satuwa çykaryldy
Aşgabat-London ugry boýunça awiabiletler «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda satuwa çykaryldy. Bir tarapyna bilet 8 müň 706 manat 30 teňňeden satylýar.
Aşgabatdan Londona bilet satyn alyp boljak iň ýakyndaky uçuş 5-nji aprelde bolar. Aşgabatdan uçar sagat 13:00-da ugrap, ol Londonyň Stansted howa menziline sagat 15:50-de gonar.<...
«Türkmenawtoulaglary» 40 we 113 belgili awtobuslaryň ugurlaryna üýtgeşme girizdi
«Türkmemawtoulaglary» agentligi Aşgabat şäherinde hereket edýän 40-njy we 113-nji belgili şäheriçi awtobuslaryň gatnawlaryna üýtgetme girizendigini habar berdi.
2023-nji ýylyň 29-njy martyndan başlap 40-njy «Gurtly – Parahat» we 113-nji «Awtokombinat – Gurtly» ugurlary Görogly köçesi bilen hereketini dowam edip Taslama köçäni kesip geçer. Ol...
Saud Arabystany Remezan aýynda diňe bir gezek umra rugsat berýär
Saud Arabystanyň häkimiýeti Remezan aýynda "has köp adama dini däp-dessurlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermek" maksady bilen diňe bir gezek umra (kiçijik zyýarata) rugsat bermek kararyna geldi.
Saud Arabystanynyň Haj we Umra ministrliginiň habar bermegine görä, mukaddes Remezan aýynda her kimiň bir gezek umra zyýaratyny etmäge hukugy bar...
Counter-Strike: GO ýene rekordyny täzeledi: bir wagtda 1,5 mln adam bu oýny oýnady
Ýakynda Counter-Strike 2-iň yglan edilmeginiň çäginde, Counter-Strike: Global Offensive atly häzirki wersiýa gatnaşyjylarynyň sany boýunça ýene bir rekordyny goýdy.
SteamDB hyzmatynyň san maglumatyna görä, bir wagtyň özünde Valve-iň onlaýn atyşygynda 1,5 milliondan gowrak adam boldy!
Onlaýndaky iň ýokary derejäniň takyk sany 1 507 212...
Tokioda Garri Potter baradaky filmleriň esasynda tematiki seýilgäh açylar
2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda Tokioda Garri Potter baradaky filmleriň esasynda tematiki seýilgähi açmak meýilleşdirilýär. Myhmanlar ol ýerde jadygöý oglanjyk baradaky franşizadan dekorasiýalary, rekwizitleri we egin-eşikleri görerler diýip, “The Japan Times” habar berýär. Muny MIR24 ýetirýär.
Bu Beýik Britaniýanyň çäginden daşary ilkinji “G...
2023-nji ýylyň martynyň ahyrynda magnit hadysalarynyň güýçli duýuljak günleri
Täzelenen maglumatlara görä, Gün Ýere garşy zabun hüjüme başlady we ýakyn günlerde planetany güýji 5 bala çenli bolan magnit tupany (hadysasy) gurşap alar. Bu görkeziji howa şertlerine duýgur adamlar üçin örän howply, bu diňe bir ýarawsyzlyga we ýadawlyga, iş ukybynyň ýitmegine we ykjamsyzlyga däl, eýsem, bedende agyrynyň, kellagyrynyň döremegine,...
Awstraliýaly alymlar möýüň uzynlygy 20 sm-den gowrak bolan täze görnüşini tapdylar
Awstraliýaly alymlara Merkezi Kwinslendde uzynlygy 20 sm-den gowrak bolan möýüň täze görnüşini tapmak başartdy. Bu barada gözlegçilere salgylanyp, ABC News ýaýlymy habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.
Şol bir wagtyň özünde bognaýaklylaryň bu görnüşiniň zäheri adam üçin howpludyr.
“Möý şekillä Euoplos dignitas diýlip at berildi, onuň...
"Gazprom” Hytaýa gündelik gaz ibermekde täze taryhy rekord goýdy
20-nji martda “Gazprom” Hytaý tarapynyň şertnamadaky gündelik borçnamalardan ep-esli ýokary bolan islegini kanagatlandyryp, "Sibiriň güýji" boýunça Hytaýa gündelik gaz ibermekde täze taryhy rekord goýdy. Bu barada holdingiň habarynda aýdylýar.
"20-nji martda Hytaý tarapynyň "Sibiriň güýji" gaz geçirijisi boýunça rus gazyny almak baradaky sa...
Orazaňyz kabul bolsun! 2023-nji ýylda agyz beklenýän we agzaçar wagtlary
Şu gün, 22-nji martda Günüň ýaşmagy bilen sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy bolan mukaddes Oraza aýy başlanýar.
Türkmenistanda şu ýyl Orazanyň ilkinji güni 23-nji marta, soňky güni bolsa — 20-nji aprele gabat gelýär. Gadyr gijesi aprel aýynyň 17-sindan 18-ine geçilýän gijä düşýär.
Baýram namazy 21-nji aprelde okalar.
...
1-2-nji aprelde Mukamlar köşgünde estrada ýyldyzlarynyň konserti geçer
2023-nji ýylyň 1-2-nji aprelinde Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň meşhur estrada ýyldyzlarynyň konserti geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde habar berdiler.
Konsertde Myrat Baýramgeldiýew, Gülnar Nuryýewa, Kakajan Haldurdyýew, Selbi Annadurdyýewa, Leýli Mämmedowa, Begenç Çaryýew, Atageldi...
Denzel Waşington Ridli Skottyň «Gladiator 2» filminde oýnar
Deadline neşiriniň habar bermegine görä, Denzel Waşington «Gladiator 2» filminiň aktýorlar düzümine goşulmaga taýýarlanýar. "Gahar", "Türgenleşik güni" we başga-da köp filmleriň ýyldyzynyň haýsy keşbi janlandyrjagy belli däl, ýöne bu gahrymanyň kult sungatynyň ussady üçin ýörite ýazylandygy habar berilýär.
Geljekki filmde baş keşbi “Günüm” d...
Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine goşmaçalar girizildi
Türkmenistanda Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine goşmaçalar girizildi. Bu barada degişli Buýrugy Türkmenistanyň Içeri işler ministri 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda çykardy. Ol 2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alyndy.
Resminama...
Kino tankytçylary «Jon Uik 4-i» tutuş seriýanyň iň gowy filmi diýip saýladylar
«Jon Uik 4» filmine synlaryň çap edilmegine girizilen embargo ýatyrylandan birnäçe gün soň, Metacritic portalyndaky lentanyň ortaça bahasy 78/100 töwereginde saklandy. Bu žanryň iň gowy wekilleri bilen deňeşdirip boljak filmler üçin gaty ýokary görkeziji. Mundan başga-da, bu tutuş seriýa üçin iň oňat netije: kwadrikwel ikinji bölümden birbada üç ba...
2023-nji ýylda Türkmenistanda Oraza aýy 23-nji martda başlaýar
Külli musulman dünýäsi üçin mukaddes bolan Oraza aýy ýetip gelýär. 2023-nji ýylyň 22-nji martynda Günüň ýaşmagy bilen sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy başlanýar.
Türkmenistanyň Müftüliginiň beren maglumatlaryna görä, Orazanyň ilkinji güni 23-nji marta, soňky güni bolsa — 20-nji aprele gabat gelýär. Gadyr gijesi aprel aýynyň 17-si...
Fujitsu agramy 689 gram bolan 14 dýumlyk noutbuk çykarar
Fujitsu-nyň UH-X/H1 modeli Intel Core i7-1355U prosessor, 16 Gb RAM we 512 GB hemişelik ýat aldy. USB-C 3.2 Gen2, USB-C 3.2 Gen1, USB-A, HDMI, Ethernet razýomlaryny we gulaklyklar üçin 3,5 mm-lik razýom bar.
1920 × 1200 piksel durulykda IPS displeýine eýe boldy. Korpusynyň ýokarky bölegi uglerod süýüminden, aşaky bölegi magniý-litiý garyndy-...
Aziýanyň iň baý adamy kezzaplykda aýyplanyp, 65 milliard dollaryny ýitirdi
Aziýanyň iň baý adamy Gautama Adaniniň Adani Group hindi konglomeraty eýýäm 65 milliard dollar ýitirdi. Kompaniýalar toparynyň paýnamalary pese gaçýar we gymmatly kagyzlardan dynan maýadarlary köşeşdirmek üçin edilen ähli synanyşyklar islenýän netijä getirmeýär. Bu barada Reuters ýazýar.
Pese gaçyşlyk geçen hepde Hindenburg Research şereketi...