Suratkeşleriň hukuklaryny goramak üçin emeli aň tarapyndan döredilen suratlary zaýalaýan programma döredildi
Çikago uniwersitetinden amerikan hünärmenleriniň topary suratkeşleriň asyl eserlerini emeli aň arkaly göçürilmekden goramak üçin niýetlenen «Nightshade» atly programma guralyny döretdi. Bu barada gazeta.ru Techcrunch portalyna salgylanyp habar berýär.
«Nightshade» şekilleri «kölegelemek» diýlip atlandyrylýan usul bilen üýtgedýär. Ol şeýdip f...
Wengriýada geçen ýyl otlular jemi 5 ýyl 8 aý gijä galyp geldi
2023-nji ýylda Wengriýadaky ýolagçy otlulary jemi bäş ýyl sekiz aý gijigip geldi. Şeýle maglumatlary Wengriýanyň MAV demir ýol kompaniýasy getirýär diýip, Telex internet neşirine salgylanýan TASS ýazýar.
Ýolagçylar ulagyň gelmegine jemi 3 million minut garaşmaly boldular, bu bolsa, takmynan, bäş ýyl sekiz aý diýmekdir.
Şeýle-de bolsa,...
ABŞ milli we ykdysady howpsuzlyga abanýan wehimi azaltmak üçin emeli aňyň düzgünleşdirilmegini güýçlendirer
ABŞ-nyň häkimiýetleri emeli aň bilen baglanyşykly işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýan kompaniýalar üçin täze düzgünleri girizýär. Bu, esasan, OpenAI we Google ýaly uly oýunçylara degişli bolar diýip, ferra.ru habar berýär.
Indi şeýle kompaniýalar hökümeti düýpli emeli aň modelleriniň işlenip taýýarlanylyşy barada habardar etmeli bolarlar....
Dünýädäki iň uly syýahatçylyk gämisi ýüzüşe çykdy
“Deňiz nyşany” atly dünýädäki iň uly kruiz gämisi Florida ştatynyň Maýami portundan Karib deňziniň adalarynyň ugry boýunça ýedi günlük ilkinji syýahatyna ugrady.
Gäminiň uzynlygy 365 metr. Bu rekord derejedir. Has dogrusy, rowaýata öwrülen “Titanik” gämisinden (269 m) takmynan, 100 metr töweregi uzyndyr. Gämini suwa goýbermek dabarasyna futb...
Günde güýçli tolgunma bolup geçdi. Hünärmenler magnit hadysasy barada duýdurýarlar
29-njy ýanwarda Günüň üstünde güýçli M6.8 görnüşli alawlama ýüze çykdy. Bu barada Russiýa Federasiýasyndaky Amaly geofizika institutynyň (FGBU "IPG") Geliogeofiziki gullugynyň web sahypasyna salgylanýan RBC habar berdi.
Habara görä, 61 minut dowam eden M6.8 alawy 29-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 9:38-de hasaba alyndy.
Bu hady...
Aşgabat we Arkadag şäherleriniň arasynda Türkmenistanda ilkinji elektrik otly hereket eder
Russiýanyň "RŽD" APJ Aşgabat-Arkadag ugry boýunça täze demir ýol ugruny döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşar. Bu ugur boýunça sebitleýin ýolagçy ekspress otlusy gatnaw eder. Diňe elektrik togunda işlejek otly bu aralygy bary-ýogy 18 minutda geçer diýip, Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Infrastruktura taslamalaryny bile...
Haýwanlaryň we mör-möjekleriň görüşini gaýtalaýan kamera döredildi
ABŞ-dan we Beýik Britaniýadan halkara alymlar topary guşlaryň, itleriň, arylaryň we beýleki jandarlaryň görüşlerini gaýtalaýan wideokamerany döretdi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.
Reňk, çuňluk we beýleki görüş mümkinçilikleri gözümizdäki fotoreseptorlaryň düzümi, kolbojyklaryň we taýajyklaryň toplumy ýaly beýleki biologiki mehanizmler bi...
Hytaýda alymlar ýitip gitmekden goramak üçin ilkinji gezek tibet sygyrlaryny klonladylar
Hytaýly alymlar tibet sygyrlarynyň ýitip gitmek howpy abanýan iki görnüşini ilkinji gezek klonladylar diýip, mail.ru «China Daily» neşirine salgylanyp habar berýär.
Hünärmenler klonlamak üçin Tibetde tapylan Çžanmu we Apeiýszýaza tohumlaryny saýladylar. Netijede, ýanwar aýynda her tohumdan dört erkek göle almak başartdy.
Şeýlelik bile...
Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow ikinji möhlete saýlanmaga dalaş eder
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow ikinji möhlete saýlanmaga dalaş eder. Bu barada "Bişkek agşamy" neşiri Respublikanyň başlygynyň metbugat sekretary Askat Alagozowyň sözlerine salgylanyp habar berdi.
Ol: "Ýurdumyz üçin strategiki ähmiýetli uzak möhletli halkara taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini we meýilleşdirilýändigini göz öňünde t...
вакансии для программистов
Набор программистов по направлениям Flutter и Laravel разработки на постоянную работу.
Требования к кандидатам: опыт работы от 2 лет в области мобильной и веб-разработки.
Условия: официальное трудоустройство, оплата по результатам собеседования.
Заинтересованным специалистам необходимо отправить резюме и сопроводительное письмо...
ABŞ fewral aýynda Aýa täze gonuş enjamyny uçurmagy meýilleşdirýär
Amerikanyň täze Nova-C gonuş enjamynyň Aýa uçurylyşy fewral aýynyň ortalaryna meýilleşdirilýär. Bu barada NASA salgylanyp, Interfax.ru habar berýär.
Peýdaly ýük hökmünde enjam NASA-nyň bäş sany ylmy-gözleg guralyny göterer. Uçuryşy Floridanyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketa göterijisiniň kömegi bilen a...
Hökümet mejlisinde ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça işler barada aýdyldy
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew Oba senagat toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinlerine berilýän suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýy...
Türkmenistan Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek barada konwensiýa goşulmagy meýilleşdirýär
Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek barada konwensiýasyna Türkmenistanyň goşulmagy boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M. Çakyýew habar berdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygy...
Rumyniýa “Ýewrowideniýe – 2024” bäsleşigine gatnaşmaz
Rumyniýa şu ýyl “Ýewrowideniýe” halkara aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmaz. Bu barada Rumyniýanyň telewideniýesiniň Dolandyryş geňeşine salgylanyp, TASS habar berýär.
“Maliýe kynçylyklary we Rumyniýany ýokary derejede görkezmek islegi Dolandyryş geňeşiniň Rumyniýanyň telewideniýesiniň şu ýylky “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmajakdy...
Netflix Ýaponiýanyň Ponoc studiýasynyň animasion filmlerini satyn alýar
Netflix Ýaponiýanyň Ponoc animasiýa studiýasy bilen onuň geljekki filmlerini görkezmek üçin şertnama baglaşýar. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär we kompaniýanyň 2015-nji ýylda Studio Ghibli-niň öňki prodýuseri Ýosiaki Nisimura tarapyndan esaslandyrylandygyny belleýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.
Netflix-iň görkezjek ilkinji filmi ş...
Toyota hemme babatda Lexus-dan ozdurjak ultra-lýuks Century brendini döretmegi meýilleşdirýär
Toyota kompaniýasy Century markasy astynda ultra-lýuks awtoulag modellerini öndürmek kararyna geldi. Ol kaşaňlygy bilen tapawutlanjak brend hökmünde Lexus-dan has ýokarda durar diýip, Forbese salgylanýan IXBT.com habar berýär.
Häzirlikçe täze hatarda diňe bir model - geçen ýyl ilkinji gezek çykan Toyota Century krossoweri bar. Geljekde ulagl...
Apple 2023-nji ýylda ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda lider boldy
Amerikan Apple Inc. 2023-nji ýylda Hytaýyň smartfon bazarynda öz paýyny bir ýyl ozalky 16,8%-den 17,3%-e çenli artdyryp, ilkinji gezek bazaryň lideri boldy. Bu barada interfax.ru belleýär.
International Data Corporation-yň (IDC) deslapky maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda Hytaýda umumy smartfon satuwy 5% - 271,3 mln birlige çenli azaldy, bu...
Belorussiýaly Arina Sobolenko Australian Open – 2024-de ýeňiji boldy
Belorussiýaly tennisçi Arina Sobolenko Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň (Australian Open) ýeňijisi boldy. Ol finalda Hytaýyň wekili Çžen Sinweni utdy. Bu barada Ren.TV habar berýär.
Oýun Sobolenkonyň peýdasyna 6:3, 6:2 hasabynda tamamlandy.
Belorussiýaly tennisçi üç gezek eýs etdi, hiç hili iki gezekdäki ýalňyşa ýol bermedi, şeýle-de...
Apple iPhone üçin App Storede-den başga programma dükanlaryny döretmäge resmi taýdan rugsat berer
Apple mundan beýläk iOS-da iPhone üçin del programma dükanlarynyň döredilmeginiň öňüni almazlyk kararyna geldi. Şeýle-de bolsa, olar häzirlikçe diňe Ýewropada elýeterli bolar diýip, “Çempionat” portaly habar berýär.
Indi Ýewropadaky ulanyjylar programmalary diňe App Store-dan göçürip almak bilen çäklenmezler. Apple üçünji tarap dükanlarynda...
NASA Marsdaky dikuçarynyň missiýasynyň tamamlanandygyny habar berdi
Amerikanyň NASA kosmos gullugy Ingenuity Mars dikuçary missiýasynyň tamamlanandygyny habar berdi. RBC NASA-a salgylanyp, 18-nji ýanwarda düşürilen we Ýere iberilen suratlar dikuçaryň gonanda göteriji wintiň bir ýa-da birnäçe perini zaýalandygyny görkezýär.
Ingenuity-niň ölçegleri bary-ýogy 20 santimetr, perleriň aralygy bolsa 120 santimetre...