Awtonom usulda ýoly bejermek üçin ilkinji robot-ýol tekizleýji ulag tanyşdyryldy
«Robotiz3d» tehnologiýalar kompaniýasy Liwerpul uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde ýoly bejermek üçin köpugurly roboty döretdiler. Bu barada rambler.ru «Interesting Engineering» neşirine salgylanyp habar berýär.
Robot «Awtonom ýoly abatlaýyş ulgamy» (ARRES) diýlip atlandyrylýar. Ol öňdäki tarapynda tekizleýji gurluş (katok) bolan, futu...
Türkmenistanda tokaýy dikeltmek we agaç köpeltmek boýunça düzgünler we Kadalar tassyklanyldy
Daşky gurşawy goramak ministrligi Türkmenistanda tokaýy dikeltmek we agaç köpeltmek boýunça Düzgünleri we Kadalary tassyklady.
Resminama "Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy bilen ylalaşyldy we 26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alyndy.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanda tokaýy dikeltme...
Hytaýda gurluşyk meýdançasyndan ýaşy 90 million ýyla golaý bolan dinozawryň galyndylary tapyldy
Paleontologlar Hytaýda ýaşy 90 million ýyla golaý bolan dinozawryň galyndylaryny tapdylar, ol täze görnüşe degişli bolup biler diýip, Xinhua agentligi belleýär. Muny TASS ýetirýär.
Hek döwrüne degişli bolan bu tapyndynyň heniz 2021-nji ýylda Szýansi gündogar welaýatynyň Gançžou şäherindäki gurluşyk meýdançalarynyň birinde üstünden baryldy. G...
Kazyýet Masky Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy hökmünde 56 mlrd dollar almakdan mahrum etdi
Delawer amerikan ştatynyň kazyýeti Ilon Maskyň Tesla-nyň baş müdiri hökmünde öz işi üçin 55,8 mlrd dollar möçberde kompensasiýa almak hukugyny ýatyrdy. Şonuň netijesinde kompaniýanyň paýnamalary söwda ýapylandan soň 3% pese gaçdy. Bu barada BBC salgylanyp, “Ekonomiçeskaýa prawda” habar berýär.
Şikaýat arzasy Tesla-nyň paýdarlarynyň biri Riça...
Hindistan ýene üç ýyldan dünýäde üçünji uly ykdysadyýete öwrülip biler
Hindistanyň jemi içerki önümi 2027-nji ýyla çenli nominal hasabynda 5 trillion dollar bolar. Bu görkezijä görä, ýurt Ýaponiýadan we Germaniýadan ozduryp, dünýäde üçünji orny eýelär diýip, Hindistanyň Maliýe ministrliginiň çaklamalaryna salgylanýan ntv.ru habar berýär.
Häzirki wagtda Hindistan 3,7 trillion dollara ýetýän jemi içerki önümi bil...
Apple iPhone 15 Pro Max-da film surata düşürdi
«Apple» kompaniýasy resmi «YouTube» kanalynda tutuşlygyna «iPhone 15 Pro Max-da» surata düşürilen gysga metražly çeper filmi paýlaşdy.
Film «Kiçijik sarymsak» diýlip atlandyrylýar. Onda daşky keşbinden nägile we bu sebäpli gamlanýan, ýöne ulaldygyça özüne bolan şübhesini ýeňip geçýän hytaýly ýetginjek gyz barada gürrüň berilýär. Filmde sosia...
Futbol klublary 2023-nji ýylda transferlere rekord mukdarda pul sarp etdiler
FIFA web sahypasynda 2023-nji ýyldaky transfer hasabatyny çap etdi.
Ýylyň dowamynda serhetara 74836 sany transfer geçirilendigi bellenilýär. Bu transferleriň, takmynan, 23689-si (31,7%) professionallar (erkekler we zenanlar klublary) tarapyndan amala aşyryldy, galan 51 147 transfer (68,3%) bolsa höwesjeňlere degişlidir.
Futbol klublar...
OnePlus täze arzan Nord N30 SE smartfonyny tanyşdyrdy
«OnePlus» täze arzan «Nord N30 SE» smartfonyny tanyşdyrdy. Täze önüm 2022-nji ýylda çykan «Nord N20 SE» modeliniň mirasdüşeri bolup, elýeterli enjamlaryň arasynda täze hit boljakdygyny wada berýär.
«OnePlus Nord N30 SE» göwrümi we agramy bilen täsir galdyrýar: 165,6×76×7,99 mm we bary-ýogy 193 gram. Ol açyk we dury şekil döredýän FullHD+ dur...
"Galkynyş" gaz käninde 14 sany täze guýy ulanyşa giriziler
“Türkmengaz” döwlet konserni “Galkynyş” käninde 14 sany täze guýyny ulanyşa girizer. Guýulary gurmakda serwis hyzmatlaryny bermek üçin potratçylary saýlamak boýunça halkara bäsleşigi Türkmenistanyň resmi metbugat sahypalarynda çap edildi.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler hukuk derejesini, bank rekwizitlerini we beýleki maglumatlary görkezip, ý...
"Türkmenistan" awiakompaniýasy Aşgabat - Kuala-Lumpur gatnawlaryna arzanlaşyk yglan etdi
"Türkmenistan" awiakompaniýasy Aşgabat - Kuala-Lumpur - Aşgabat ugry boýunça ilkinji gatnawlaryna arzanlaşyk yglan etdi.
Awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan 30-njy marty aralygynda bu ugur boýunça awiabiletleri arzanladylan bahalardan satyn alyp bilersiňiz.
"Türkmenistan" awiakompaniýa...
Messiniň «Barselona» bilen ilkinji şertnamasy ýazylan salfetka auksiona çykaryldy
Messi ýetginjek döwründe oňa wekilçilik eden we araçysy Orasio Gajoli Messiniň «Barselona» bilen ilkinji şertnamasy ýazylan salfetkany «Bonhams» auksionyna çykardy. Onuň çaklanylýan bahasy 300 müňden 500 müň funta çenlidir.
Ozal resminama bankyň seýfinde saklanýardy. Gajoli salfetkany klubuň muzeýine ýerleşdirmek barada «Barselona» bilen yla...
Türkiýe kosmosa öz raketasyny uçurmagy meýilleşdirýär
Türkiýe kosmosa öz raketasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan aýtdy diýip, RIA.Nowosti habar berýär.
“Nesip bolsa, ýakyn ýyllarda biz maksatnamanyň çäklerinde taýýarlan astronawtlarymyz bilen öz raketamyzy kosmosa ibereris” – diýip, Ärdogan ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Eskişehirde ýaşlaryň öňünde...
Samsung 2023-nji ýylda çipleriň bazarynda rekord 11, 2 mlrd dollar ýitirdi
Dünýäniň iň iri RAM öndürijisi Samsung Electronics -iň operatiw girdejisi geçen ýylyň dördünji çärýeginde 34%, ýagny 2,11 milliard dollara çenli azaldy we 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýarymgeçirijileriň üpjünçiligindäki ýitgiler rekord derejede 11,2 milliard dollara ýetdi diýip, Bloomberg gullugyna salgylanýan 3DNews habar berýär.
Deňeşdi...
Threads bir aýda App Store-da we Google Play-de ýükläp almalaryň sanyny üç esse artdyryp, ilkinji onluga girdi. X 36-njy ýere düşdi
Meta kompaniýasynyň Twitterde bäsdeşlik döreden Threads mikroblog platformasy ýene-de çalt depginde ösýär. Dekabr aýynda programma, noýabr aýy bilen deňeşdirilende, ýükläp alyşlarynyň sanyny üç esse köpeldip, App Store we Google Play-de iň köp ýüklenen programmalaryň onlugyna girdi diýip, TechCrunch-e salgylanýan 3Dnews habar berýär.
Appfig...
“Real” we HP kompaniýasy şertnama baglaşdy. Täze hemaýatkäriň nyşany futbolkalaryň ýeňlerinde peýda bolar
“Real” HP kompaniýasy bilen hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşdy.
Marca-nyň berýän maglumatyna görä, Amerikanyň enjamlary we programma üpjünçiligini iberijisi “Realyň” iň uly hemaýatkärlerinden birine öwrüler.
HP nyşany Madridiň klubunyň futbolkalarynyň ýeňlerinde peýda bolar. AS-nyň berýän maglumatyna görä, bu şertnama futbol klubuna...
Mingazow vs Messi. Türkmen futbolçysy «Inter Maýami» klubuna garşy oýnar
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy, Gonkongyň “Kitçi” toparynyň oýunçysy Ruslan Mingazow ABŞ-nyň “Inter Maýami” futbol kluby bilen geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygynda Lionel Messi bilen bir meýdançada duşuşar. Bu barada “Kitçi” futbol kluby habar berdi. Lyst onlaýn platformasy dünýäniň iň meşhur moda brendleriniň sanawyny hödürledi. Sanaw resmi saýtda ýerleşdirildi diýip, gazeta.ru habar berýär. Häzirki wagtda “Liwerpul” futbol kluby barada köp bölümli dokumental serialy surata düşürmek işleri alnyp barylýar, serial 2023/2024 möwsüminiň ahyrynda ýaýlyma çykar. Bu barada championat.com habar berýär. Hytaýly pensioner dünýäde wideo oýunlar bilen meşgullanýan iň garry bloger boldy. Bu barada UPI neşirine salgylanyp, gazeta.ru ýazýar. Täze Zelandiýanyň Daşky gurşawy goramak edarasy düzüminde “hemişelik himikatlary” saklaýan kosmetika önümlerini gadagan etmek meýilnamasyny yglan etdi. Bu barada Agence France-Presse (AFP) agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp, Phys.org portaly habar berýär.
Duşuşyk 4-nji fewralda Gonkongyň Milli stadionynda geçiriler.
Dünýäde iň meşhur moda brendi saýlandy
Birinji orny Italiýanyň Prada brendi eýeledi. Soňky çärýekde Moda öýi Şanhaýda Pradasphere II atly sergi açdy we NASA-nyň astronawtlary üçin skafandrlary işläp taýýarlamak maksady bilen Axiom Space...
“Liwerpul” futbol kluby barada dokumental serial surata düşürilýär
“Eksklýuziw kartina “Liwerpulyň” baý taryhy, onuň janköýerler bilen ýakyn aragatnaşygy barada gürrüň berer we klubuň, şol sanda onuň meý...
Hytaýdan pensioner dünýäde wideo oýunlar bilen meşgullanýan iň garry bloger boldy
Internetde “Ýan baba” ady bilen tanalýan 88 ýaşly Ýan Binlin wideo oýunlar boýunça rolik düşürýän iň garry bloger hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Pensiýadaky adamyň sosial ulgamlarda onuň rolikler...
Täze Zelandiýa dünýäde ilkinjileriň biri bolup düzüminde “hemişelik himikatlar” bolan kosmetikany gadagan eder
PFAS (per- we poliftoralkil birleşmeleri) egin-eşik önümçiligi, azyk gaplamasy we a...