Nokia öz saýtyndan telefon bölümini aýyrdy, HMD Global bolsa ilkinji smartfonyny hödürledi
Nokia-nyň resmi saýty ykjam telefonlar bölümini aýyrdy, nokia.com/phones salgylanmasy bolsa indi HMD Global tarapyndan ýakynda işe girizilen resmi saýta – hmd.com geçirýär.
HMD Global baş sahypasynda öz brendi bilen täze TA-1585 smartfonynyň daşky görnüşini görkezdi, ýöne telefon barada belli bir maglumat bermedi.
Gürrüňlere görä, HMD...
Apple ýene bir MacBook Pro-ny resmi taýdan könelişen diýip ykrar etdi
Apple 2012-nji ýylyň ortalarynda çykarylan 13 dýuýmlyk MacBook Pro-ny könelişen önümleriň hataryna goşdy. Bu barada MacRumors neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.
2012-nji ýylyň iýun aýynda çykarylan MacBook Pro içindäki CD/DVD herekete getirijili iň soňky Mac boldy. Ol 2016-njy ýylyň oktýabr aýyna çenli satyldy, şondan soň başga bir...
Türkmenistanda «Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady» atly taslamanyň III tapgyry amala aşyrylar
2024–2025-nji ýyllarda Türkmenistanda «Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmegiň binýady» atly taslamanyň III tapgyry amala aşyrylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli teklibi goldap, wise-premýer H.Geldimyradowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Anna güni geçirilen Hökümet mejl...
Türkmenistanda Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamany tassyklaýan Karara gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda, bilim edaralarynyň bilim işiniň döwlet akkreditasiýasyny geçirmegiň tertibini kesgitlemek hem-de onuň bilen bagly gatnaşyklary düzg...
Türkmenistan fewral aýynda Gyrgyzystana kömek hökmünde muzdsuz suwuklandyrylan gaz iberer
Türkmenistan Gyrgyz Respublikasynyň energetika pudagynda ýüze çykýan ýagdaýlary nazara alyp, türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna 2024-nji ýylyň fewral aýynda ynsanperwer kömegini iberer. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2-nji fewralda gol çeken Buýrugyna laýyklykda,...
Arkadag şäherindäki Atçylyk ylmy önümçilik merkezinde atlaryň genetiki seljerme işleri geçirilýär
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Arkadag şäherinde bina edilen Atçylyk ylmy önümçilik merkeziniň barlaghanasynda ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny gorap saklamak maksady bilen, atlaryň genetiki seljerme işleri geçirilýär. Bu barada wise-premýer T.Atahallyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.
Bellenilişi ýal...
2024-nji ýylda Türkmenistan boýunça 49 sany iri binalar we desgalar ulanylmaga berler
2024-nji ýylda Türkmenistan boýunça iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 49-syny ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.
Wise-premýer döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, degişli m...
Magtymguly Pyragy seýilgäh toplumynda daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň heýkelleri oturdylar
2-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryna laý...
5-nji fewralda Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçiriler
5-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçiriler.
Dabara görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer M.Mämmedowa anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen...
Türkmenistan Ýewropa maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa maýa goýum bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistan 1992-nji ýylyň 1-nji iýunyndan bäri Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň agzasy bolup durýar. Bu bank bilen ýurdumyz...
Germaniýanyň Gamburg şäherinde gurbagalar üçin tunnelleriň gurluşygyna ýarym million ýewro sarp edildi
Germaniýanyň Gamburg şäheriniň Blankeneze sebiti gurbagalaryň we howdan tritonlarynyň populýasiýasynyň azalmak meselesi bilen ýüzbe-ýüz boldy, bir ýylyň içinde gurbagalaryň sany üçden bir azaldy.
Report agentliginiň Bild neşirine salgylanyp habar bermegine görä, bu mesele bilen baglylykda “Ýaşyllar” partiýasyndan ýerli syýasatçylar gurbagala...
Bred Pitt režissýor Tarantinonyň soňky filminde surata düşer
Kwentin Tarantino üçünji gezek öz filmleriniň surata düşürilişine Bred Pitti çagyrdy. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, Golliwud ýyldyzy meşhur režissýoryň “Kino tankytçysy” atly soňky filminde surata düşer. Bu barada gazeta.ru belleýär.
Häzirki wagtda Pittiň kimiň keşbini ýerine ýetirjekdigi belli däl. Geçen gezek aktýor “Günleriň bi...
Ýewropa Wenerany ýadrosyndan başlap, atmosferasyna çenli öwrenmek üçin gözleg zondyny goýbermegi meýilleşdirýär
Ýewropa kosmos gullugynyň (ÝKG) Ylym Maksatnamasy Komiteti Weneranyň ýadrosyndan başlap, atmosferasyna çenli öwrenmek üçin kosmos stansiýasyny işläp taýýarlamagy we işe girizmegi öz içine alýan EnVision missiýasyny resmi taýdan tassyklady. Missiýa üçin esasy potratçy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli saýlanar we Ýewropanyň agyr Arian 6 raketasynda appa...
Apple homeOS atly täze operasiýa ulgamyny işläp taýýarlaýar
Apple täze homeOS operasiýa ulgamyny işläp taýýarlaýar. Kompaniýanyň özünde bu barada habar bermediler, ýöne tvOS 17.4-iň beta wersiýasynyň kodynda OS barada ýatlanylýar diýip, MacRumors-a salgylanýan Gazeta.Ru habar berýär.
2021-nji ýylyň iýun aýynda Apple homeOS barada ýatlanylýan iki sany boş iş orun barada habar çap etdi, ýöne metbugat...
Aziýanyň Kubogynyň 1/4 finaly: Täjigistan Iordaniýadan utuldy, Günorta Koreýa Awstraliýany utdy
Futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň ilkinji ýarym finalçylary belli boldy.
Dohadaky “Ahmad bin Ali” stadionynda geçirilen birinji oýunda Iordaniýanyň milli ýygyndysy Täjigistany minimal hasap bilen utdy. 66-njy minutda goragçy Wahdat Hanonow öz derwezesine gol girizdi – 1:0. Şeýlelik bilen, Iordaniýa öz taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Kubogyn...
Ýewropa Geňeşiniň başlygy wezipesinde galjakdygyny aýtdy
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel mandatynyň ahyryna çenli öz wezipesinde galjakdygyny we Ýewropa Parlamentine geçiriljek saýlawlara gatnaşmajakdygyny aýtdy. Ol bu barada özüniň «Facebook» sahypasynda ýazdy.
Ýewropa Geňeşiniň başlygy kararyny özüne köp sanly tankytlaryň gönükdirilendigi bilen düşündirdi.
«Şol sebäpden häzirki wezip...
Italiýaly Ýannik Sinner ilkinji gezek Australian Open-de ýeňiji boldy
Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner 2024-nji ýylyň Awstraliýanyň Açyk çempionaty ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ýaryşda dördünji belgi bilen ýerleşdirilen Sinner finalda russiýaly Daniil Medwedewi 3:6, 3:6, 6:4, 6:4, 6:3 hasabynda utdy. Türgenler kortda 3 sagat 44 minut sarp etdiler.
Medwedew “Uly tuwulga” ýaryşynyň finalynda karýerasynda bäşinji ge...
Jennifer Lopeziň kompaniýasy Mattel kompaniýasynyň täze multfilmine prodýuserlik ede
Jennifer Lopeziň Nuyorican Productions kompaniýasy Bob the Builder (“Gurluşykçy Bob”) çagalar multserialynyň esasynda dörediljek animasion doly metražly multfilme prodýuserlik eder. Baş gahrymana aktýor, ses režissýory we “Gremmi” baýragynyň eýesi Entoni Ramos ses berer diýip, Mattel habar berýär. Muny life.liga.net ýetirýär.
Asyl nusgadaky...
Ýaponiýada Fudzi dagyna çykmak üçin töleg giriziler we syýahatçylaryň sany çäklendiriler
Ýaponiýada Fudzi dagyna çykmak üçin töleg we syýahatçylaryň sanyna çäklendirmeler giriziler. Bu barada Yahoo! salgylanyp, rbclife.ru ýazýar. Şeýle çözgüt Ýamanasi prefekturasynyň hökümeti tarapyndan kabul edildi. Täze talaplar 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan, daga çykmak üçin 70 günlük tomusky möwsüm başlanda güýje girer.
Ilkinji nobatda, bu...
Polşanyň ýaşaýjysy buzda üç sagatdan gowrak wagt geçirip, rekord goýdy
Polşaly Katažina Ýakubowski buz kubiklerinden doldurylan gutuda üç sagatdan gowrak wagt saklanyp, aýallaryň arasynda sowuga çydamlylyk boýunça rekord goýdy. 48 ýaşly türgeniň netijesi 3 sagat 6 minut 45 sekunt boldy. Bu barada MIR24 habar berýär.
Erkekleriň arasynda rekord onuň watandaşy Kşiştof Gaýewskä degişlidir – ol buzda 3 sagat 11 minu...