“Inter Maýami” Gonkongyň toparyny utdy. Janköýerler Messiniň meýdança çykmadygyna nägile boldular
Amerikan futbol kluby “Inter Maýami” Gonkongyň çempionatynyň ýyldyzlar topary bilen ýoldaşlyk oýnunda ýeňiş gazandy. Gonkongda geçirilen duşuşyk MLS klubunyň peýdasyna 4:1 hasabynda tamamlandy.
Ýeňijileriň düzüminde gol bilen Robert Teýlor, Louson Sanderlend, Leonardo Kampana we Raýan Seýlor tapawutlandy. Gonkong toparyndan ýeke-täk goly Hen...
2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalynyň geçjek stadiony resmi taýdan yglan edildi
2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final oýny Nýu-Jersi ştatynyň Nýu-Ýork şäherindäki “Metlaýf-stedium” stadionynda geçiriler. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugyna salgylanyp, championat.com habar berýär.
Final oýny 19-njy iýulda geçiriler. Stadion 82,5 müň janköýeri kabul edip bilýär. Mundan başga-da, bürünç me...
Transfermarkt 2024-nji ýylyň iň gymmat gyşky transferleriniň reýtingini hödürledi
Transfermarkt internet portaly 2024-nji ýylyň iň gymmat gyşky transferleriniň reýtingini hödürledi. Bu barada championat.com belleýär.
Birinji orny hüjümçi Witor Rokeniň “Atletiko Paranaenseden” 40 mln ýewro “Barselona” geçişi eýeledi. Ikinji orunda goragçy Saşa Boeniň “Galatasaraýdan” 30 mln ýewro “Bawariýa” transferi ýerleşdi. Üçlügi gorag...
Jokowiç soňky bäş ýylda ilkinji gezek Indian-Uellsdäki ýaryşa gatnaşar
Dünýäniň birinji raketkasy serbiýaly Nowak Jokowiç Indian-Uellsde (ABŞ) geçiriljek “Masters” ýaryşyna gatnaşar. Bu barada ýaryşyň X sosial ulgamyndaky akkauntyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.
Ýaryş 2024-nji ýylyň 6-njy martyndan 17-nji marty aralygynda geçiriler. Soňky gezek Jokowiç Indian-Uellsdäki ýaryşa 2019-njy ýylda gatnaşdy w...
Jokowiç soňky bäş ýylda ilkinji gezek Indian-Uellsdäki ýaryşa gatnaşar
Dünýäniň birinji raketkasy serbiýaly Nowak Jokowiç Indian-Uellsde (ABŞ) geçiriljek “Masters” ýaryşyna gatnaşar. Bu barada ýaryşyň X sosial ulgamyndaky akkauntyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.
Ýaryş 2024-nji ýylyň 6-njy martyndan 17-nji marty aralygynda geçiriler. Soňky gezek Jokowiç Indian-Uellsdäki ýaryşa 2019-njy ýylda gatnaşdy w...
2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş oýny Mehikoda geçiriler
Meksikanyň milli futbol ýygyndysy ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň açylyş oýnunda oýnar. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.
Duşuşyk 11-nji iýunda Mehikodaky 87 523 tomaşaçyny kabul edýän “Asteka” stadionynda geçiriler. Meksikanyň milli ýygyndysynyň garşydaşy gijräk belli bolar.
Kanadada dü...
Iordaniýa Günorta Koreýany utup, Aziýanyň Kubogynyň finalyna çykdy
Iordaniýanyň milli ýygyndysy Katarda geçirilýän Aziýanyň Kubogynyň ýarym final oýnunda Günorta Koreýanyň toparyny utdy. Duşuşyk 0:2 hasabynda tamamlandy.
Gol bilen Ýazan Al-Naýmat (53-nji minut) we Mussa Al-Tamari (66) tapawutlandy.
Iordaniýanyň milli ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Kubogynyň finalynda oýnar. Öň, topar b...
Katar Aziýanyň Kubogynyň finalynda Iordaniýa bilen oýnar
Kataryň milli ýygyndysy öz ýurdunda geçirilýän futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň ýarym final oýnunda Eýranyň toparyny ýeňdi.
Duşuşyk ýaryşyň ýer eýeleriniň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Ýassim Gaber (17-nji minut), Akram Afif (43) we Almoez Ali (82) gollary derwezä girizdiler.
Eýranyň düzüminde Italiýanyň «...
Kot-d'Iwuar we Nigeriýa Afrikanyň Kubogynyň finalyna çykdy
Kot-d'Iwuaryň milli futbol ýygyndysy Afrika milletleriniň kubogynyň ýarym finalynda Kongo DR-nyň milli toparyny utdy. Duşuşyk 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeke-täk goly Sebastýan Aller geçirdi.
11-nji fewralda geçiriljek ýaryşyň esasy oýnunda Kot-d'Iwuar 1/2 final oýnunda GAR-y utan Nigeriýa bilen duşuşar. Oýnuň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasab...
Usik – Fýuri söweşiniň ýeňijisi aýratyn çempionlyk guşagyny alar
Agyr agram derejesinde çykyş edýän iki boksçy Aleksandr Usik we Taýson Fýuri maý aýynda Saud Arabystanynda absolýut dünýä çempiony diýen at üçin duşuşarlar. Ýeňiji aýratyn guşaga eýe bolar.
Usik agyr agram derejesi boýunça Ýer ýüzündäki iň gowy bäş baýragyň dördüsine eýe. Ukrainanyň baýdagy astynda çykyş edýän boksçy britan Entoni Joşuany ik...
Aziýanyň Kubogynyň 1/4 finaly: Täjigistan Iordaniýadan utuldy, Günorta Koreýa Awstraliýany utdy
Futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň ilkinji ýarym finalçylary belli boldy.
Dohadaky “Ahmad bin Ali” stadionynda geçirilen birinji oýunda Iordaniýanyň milli ýygyndysy Täjigistany minimal hasap bilen utdy. 66-njy minutda goragçy Wahdat Hanonow öz derwezesine gol girizdi – 1:0. Şeýlelik bilen, Iordaniýa öz taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Kubogyn...
2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna birbada 300 müň adam gatnaşyp biler
Fransiýanyň Hökümeti 26-njy iýulda Parižde badalga aljak tomusky Olimpiýa oýunlary – 2024-iň açylyş dabarasyna janly tomaşa edip biljek tomaşaçylaryň sanyny ep-esli azaltmak kararyna geldi. Fransiýanyň içeri işler ministri Žerald Darmaneniň bellemegine görä, tomaşaçylaryň umumy sany 300 müň adam bolar.
Bu 2022-nji ýyldaky garaşylandan ýarym...
Usman Nurmagomedowyň Bellatorda kime garşy titul goragyny geçirjekdigi belli boldy
Bellator promouşeniniň ýeňil agramda çempiony Usman Nurmagomedow watandaşy Aleksandr Şabliýe garşy söweşer. Bu barada iki türgeniň menejeri Rizwan Magomedowa salgylanyp, TASS habar berýär.
Söweş ýazyň ahyrynda ýa-da tomsuň başynda geçiriler.
Öň, Usman Nurmagomedowyň geçen ýylyň noýabr aýynda Gran-priniň Brent Primus bilen ýarym final...
Maýkl Jordanyň krossowka kolleksiýasy auksionda rekord mukdara satyldy
“Çikago Bullz” toparynyň meşhur eks-goragçysy Maýkl Jordanyň alty krossowkasyndan ybarat kolleksiýa auksionda 8 mln dollardan gowrak mukdara satyldy. Bu barada ESPN ýaýlymyna salgylanyp, championat.com habar berýär.
Satylan toplum Air Jordan VI (1991), Air Jordan VII (1992), Air Jordan VIII (1993), Air Jordan XI (1996), Air Jordan XII (1997)...
Afrika milletleriniň kubogynyň 1/4 finalynyň ähli jübütleri belli boldy
Afrika milletleriniň kubogynyň 1/8 finalynyň dördünji oýun güni tamamlandy. Onuň jemi boýunça ýaryşyň dörtden bir finalyna gatnaşjak ähli jübütler belli boldy.
Afrikanyň kubogy. 1/4 final.
Nigeriýa – Angola;
Kabo-Werde – GAR;
Mali – Kot-d’Iwuar;
Kongo DR – Gwineýa.
Ýatlap geçsek, Afrika milletleriniň kubogy...
Ronaldonyň altyn topy, Maradonanyň dünýä çempionatyndaky altyny ... FIFA-nyň dünýä futboly muzeýi Ulan-Batorda sergi geçirýär
Şu gün Ulan-Batorda (Mongoliýanyň paýtagty) FIFA-nyň Bütindünýä futbol muzeýiniň taryhy eksponatlarynyň sergisi geçirilýär. Bu barada Anadolu gullugy habar berdi.
Futbol janköýerleriniň hemmesi çärä mugt gatnaşyp bilerler.
Çäräni “Niýslel LITE” APU FC Ulaanbaatar futbol kluby bilen bilelikde “Şangri-La” myhmanhanasynda gurady.
...
Gurban Berdiýew öz islegi boýunça “Dinamonyň” baş tälimçisi wezipesinden gitdi
Mahaçkalanyň “Dinamosy” öz resmi saýtynda türkmenistanly baş tälimçi Gurban Berdiýewiň işden gidendigini habar berdi. Hünärmen wezipesini öz islegi boýunça terk etdi diýip, klubuň saýtynda habar berilýär.
“Bu çözgüt islendik tarapa hyzmatdaşlygy birtaraplaýyn tertipde tamamlamaga mümkinçilik berýän punkty öz içine alýan şertnama laýyk gelýär...
"Al-Nasr" ýoldaşlyk oýnunda "Inter Maýamini" 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi
Er-Riýadyň (Saud Arabystany) "Kingdom Arena" stadionynda geçirilen ýoldaşlyk oýnunda "Al-Nasr" "Inter Maýamini" 6:0 hasabynda utdy.
Futbol janköýerleri Ronaldu bilen Messiniň arasyndaky köpden bäri garaşylýan gapma-garşylygy görüp bilmediler. Portugaliýaly hüjümçi myşsa şikesi sebäpli "Al-Nasryň" oýunçylar sanawyna-da girmedi. Klub 38 ýaşly...
Awstraliýa bilen Täjigistan Aziýa Kubogynyň çärýek finalyna çykdy
Awstraliýanyň we Täjigistanyň milli ýygyndy toparlary şu günlerde Katarda dowam edýän Aziýa Kubogynyň çärýek finalyna çykdy.
1/8 final oýnunda awstraliýalylar Indoneziýany 4:0 hasabynda ýeňdi. Pleý-off-yň indiki tapgyrynda olar Saud Arabystany - Günorta Koreýa jübütiniň ýeňijisi bilen oýnar.
Täjigistanyň milli ýygyndysy BAE-den gelen...
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy futzal boýunça CAFA-2024 ýaryşyna gatnaşar
Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2-12-nji fewral aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Zenanlaryň Futbol çempionatyna gatnaşar. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.
CAFA-nyň metbugat gullugynyň habaryna görä, kubok ugrunda Gyrgyz Respublikasynyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň w...