Türkmenistanly agyr atletikaçy Didarbek Jumabaýew häzirki wagtda Bahreýniň Manama şäherinde geçirilýän ýetginjekleriň Aziýa oýunlarynda altyn medal gazandy. Bu barada ýaryşyň resmi saýtynda habar berildi. Didarbek 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Itekläp götermekde iň gowy synanyşygynde ol 177 kilogram agramy göterip, Aziýanyň ýetginjekler boýunça kontinental rekordyny täzeledi. Kümüş medaly Gazagystandan onuň familiýadaşy – Nurjan Jumabaý gazandy (176 kg), bürünç medaly bolsa hytaýly türgen Sýao Ao aldy (172 kg). Silterläp götermekde Didarbek 138 kilogram bilen üçünji orny eýeledi. Bu agramda birinji orny Nurjan Jumabaýew (146 kg), ikinji orny bolsa Bahreýniň wekili Adrian Grandje (142 kg) aldy. Ýaryşyň sekiz gününiň netijesi boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy jemi alty medal gazandy: 1 altyn, 1 kümüş we 4 bürünç.