Saud wekiliýeti Aşgabatda haj we umra meseleleri boýunça gepleşikleri geçirdi
Saud Arabystanynyň haj we umra işleri ministri, doktor Taufik bin Fauzan Al-Rabianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda resmi saparda bolup birnäçe duşuşyklary geçirdi.
Zyýaratçylara hyzmat etmek bilen meşgullanýan ýokary wezipeli adamlardan düzülen wekiliýet duşuşyklaryň dowamynda Saud Arabystany Patyşalygy bilen Türkmenistanyň aras...
Fizika boýunça Nobel baýragy emeli aň ugrundaky ylmy gözlegler üçin berildi
Nobel komiteti 2024-nji ýylda fizika boýunça baýragyň eýesini yglan etdi. Laureatlar amerikaly alym Jon Hopfild we britaniýa-kanadaly alym Jeffri Hinton boldy. Baýrak “emeli neýron ulgamlarynyň kömegi bilen maşyn biliminiň esasy bolan düýpli açyşlar we oýlap tapyşlar” üçin berildi.
Laureatlaryň ikisi-de statistiki fizika bilen meşgullandy. B...
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy
8-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy.
Sammit Uly Kreml köşgünde geçirildi. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermen...
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň jemleri boýunça resminamalara gol çekildi
Sişenbe güni, 8-nji oktýabrda Moskwada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermen...
Rejep Taýyp Ärdogan «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu ýokary sylag Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine türkmen edebiýatynyň nusgawy şa...
Alymlar 100 müňden gowrak ösümlikleriň heniz öwrenilmänkä ýitip biljekdigini aýdýarlar
Botanikaçylar dünýädäki “garaňky zolaklar” diýilýän 33 sebitde 100 000-den gowrak öwrenilmedik ösümlik görnüşini ýüze çykardylar. New Phytologist žurnalynda çap edilen barlagyň netijesine görä, bu görnüşleriň ep-esli bölegine ýok bolmak howpy abanýan bolmagy mümkin diýip, The Guardian gazeti habar berýär.
Barlag Beýik Britaniýadaky Korolyň B...
Täzelenen interýerli Ford Equator Sport ulagy hödürlendi
Jiangling-Ford bilelikdäki kärhanasy Hytaýda elýeterli Ford Equator Sport krossoweriniň täzelenen görnüşini hödürledi. Bu barada IXBT habar berdi.
Awtoulagyň daşky ölçegleri uzynlygyna 55 mm artdy, indi onuň ölçegleri, üýtgemedik teker bazasy 2726 mm bolanda, 4685 x 1935 x 1706 mm-dir.
Salon täze bezeg wariantlaryny hem-de 10 dinamikl...
Dünýäde iň beýik binanyň gurluşygy ýediýyllyk arakesmeden soň gaýtadan dikeldildi
Gurluşyk işleri tamamlanandan soň beýikligi 1 kilometr boljak Jeddah Tower diňiniň gurluşygy ýediýyllyk arakesmeden soň gaýtadan dikeldildi diýip, noi.md ýazýar.
Taslamanyň durmuşa geçirilmegi 2018-nji ýylda togtadylypdy.
Jeddah Power häzirki wagtda dünýäde iň beýik bina bolan Dubaýdaky Burj Halifa diňinden 150 metr beýik bolar. Diň S...
Bişkekde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy
Bişkek şäherinde (Gyrgyzystan) «Gündogar poeziýasynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde Magtymgulynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Maslahatda Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçi...
Hatyra gününe düşýän dynç güni 7-nji oktýabra geçirildi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hatyra gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Permana gol çekdi.
Resminama laýyklykda, 6-njy oktýabrdaky dynç güni 7-nji oktýabra — duşenbe gününe geçirildi.
Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
9-12-nji oktýabrda Aşgabatda we welaýatlarda saglygy goraýyş desgalary açylar
4-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, baýramçylygyň öňüsyrasynda, 9 — 12-nji oktýabrda:
Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş mer...
Türkmenistanyň üç welaýatynda onkologiýa hassahanalaryny gurmak hakynda Karara gol çekildi
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan ýurdumyzyň welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky we Saud ösüş gaznasy bilen degişli ylalaşyklary baglaşar. Munuň üçin ygtyýar berýän degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Resminam...
Türkmenistanda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi döredildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi bellenen tertipde döredildi.
Şeýle hem resminama laýyklykda, şu merkez hakyndaky Tertipnama bellenen tertipde tassyklanylar.
Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagynda bolu...
Çilide halkalaýyn Gün tutulmasynyň özboluşly kadrlary surata düşürildi
Öň, 2-nji oktýabrda özboluşly kosmos hadysasynyň – halka şekilli Gün tutulmasynyň bolup geçendigini habar beripdik. Bu ýagdaýda Aý Günüň görünýän ýüzüniň, takmynan, 90%-ini ýapýar. Beýik Britaniýadan astrofotograf Joş Dýuri bu pursaty surata almak üçin iň gowy ýeri tapdy.
Çilidäki Pashi adasynda bolmak bilen, ol ýerli wagt boýunça 12:23 bile...
Sukerberg Bezosdan öňe geçip, Bloomberg-den iň baý adamlaryň reýtinginde ikinji orny eýeledi
Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg Bloomberg-iň hasaby boýunça dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orny eýeledi. Ol Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezosdan 1 mlrd dollar tapawut bilen öňe geçdi.
Sukerbergiň baýlygy Meta-nyň paýnamalarynyň rekord 582,77 dollara çenli gymmatlamagy netijesinde 206 mlrd dollara ýetdi. Onuň ko...
Mask yzygider üçünji ýyl ABŞ-nyň iň baý adamy boldy
Amerikaly işewür Ilon Mask baýlygynyň azalmagyna garamazdan, yzygider üçünji ýyl ABŞ-da iň baý adam bolmagynda galýar. Bu barada “Forbes” žurnaly habar berýär.
Häzir onuň baýlygy 244 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar. Şol bir wagtyň özünde, soňky bir ýylda onuň baýlygy 7 mlrd dollar azaldy.
ABŞ-nyň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji o...
Günde güýçli partlama boldy. Ol ýakyn günlerde magnit hadysasynyň täsirini güýçlendirip biler
2-nji oktýabra geçilen gije Günde güýçli X7.1 partlamasy bolup geçdi. Onuň dowamlylygy 31 minuda ýetdi diýip, Amaly geofizika institutyna salgylanyp, TASS habar berýär.
Hadysa 3842 (S16E16) Gün tegmiliniň töwereginde, rentgen diapazonynda Aşgabat wagty bilen 03:20-de hasaba alyndy.
Bu 2019-njy ýylyň dekabr aýynda başlan häzirki Gün dö...
Hindistandaky iPhone komponentlerini öndüriji zawod ýangyn sebäpli önümçiligi wagtlaýyn togtatdy
Apple kompaniýasynyň iPhone smartfonlary üçin düzüm böleklerini öndürýän Tata Electronics kompaniýasynyň zawodyndaky önümçilik dynç günleri bolup geçen ýangyndan soň näbelli möhlet bilen togtadyldy. Bu barada kompaniýanyň resmi wekillerine salgylanyp, “Golos Ameriki” habar berýär.
“Biz ýangyn söndüriji ulaglary zawodda ýerleşdirdik, sebäbi h...
Şu ýyl amerikalylar “Halloween” baýramçylygyna $11,6 mlrd sarp etmegi meýilleşdirýär
Şu ýyl amerikalylaryň 31-nji oktýabrda bellenilýän “Halloween” baýramçylygy üçin çykdajylary geçen ýylky taryhy görkezijiden peseler. Muny Milli bölek söwda federasiýasynyň (NRF) her ýyl geçirilýän pikir soraşmasynyň netijeleri delillendirýär diýip, Interfax.ru habar berýär.
Şu ýyl çykdajylaryň umumy möçberiniň 2023-nji ýyldaky 12,2 mlrd dol...
Ewerest soňky 100 müň ýylda 10-50 m ösdi we ösmegini dowam etdirýär
Ýeriň iň beýik nokady bolan Ewerest dagy soňky 100 müň ýylda 10-50 metr ösdi. Bu Gimalaý daglarynda derýalaryň özara täsiri netijesinde ýüze çykan seýrek geologik proses bilen baglanyşykly diýlip, “Nature Geoscience” žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.
Hytaýyň Ýer ylymlary uniwersitetiniň we Londonyň Uniwersitet kollejiniň alymlarynyň t...