Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady ösüşinde ulag we aragatnaşyk ulgamy örän möhüm orun eýeleýär. «Akylly» şäherde ekologik taýdan arassa elektrobuslaryň we elektromobilleriň hereketi ýola goýuldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, awtomobil ýolagçylary gatnatmakda we ýükleri daşamakda esasy ulag serişdesi bolup hyzmat edýär. 2026-njy ýylda awtomobil ulaglary arkaly gatnadylýan ýolagçylaryň sanynyň 1 million 120 müň adama hem-de ýükleri daşamagyň möçberiniň 40 müň tonna deň bolmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir