Şikaýat kazyýeti ABŞ-da TikTok-yň gadagan edilmeginiň kanunylygyny tassyklady

Şikaýat kazyýeti TikTok-y ABŞ-nyň çäginde gadagan etmek baradaky kanuny kanunalaýyk diýip hasaplady. Bu barada Bi-bi-si habar berýär.
Kompaniýa bu çözgüdiň 170 mln amerikaly ulanyjynyň hukuklaryny çäklendirýändigini aýtdy, ýöne kazyýet milli howpsuzlyga abanýan howplara garşy göreşmegiň zerurdygyny nygtady.
Indi TikTok bu çözgüt bilen...

Dowamy »

110 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Alymlar gadymy “uly kelleli” Homo juluensis diýilýän adamlaryň näbelli görnüşi hakda gürrüň berdiler

Alymlar Merkezi Hytaýda gadymy adamlaryň galyndylaryny tapdylar, olara Homo juluensis ýa-da “uly kelleli adam” (hytaýça Ju lu – äpet kelle) diýlipdir. Bu gominidler 300–50 müň ýyl ozal ýaşapdyrlar, olaryň giň kelleçanaklarynyň içindäki beýniniň göwrümi 1700 sm³-e çenli bolup, häzirki adamlaryňkydan (1250–1600 sm3) uludyr diýip, Live Science habar...

Dowamy »

111 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Arktikanyň buzlary 2027-nji ýyla çenli doly eräp biler

Alymlar ýene üç ýyldan Arktikanyň deňiz buzunyň eräp gutaryp biljekdigini aýdýarlar. Geteborg uniwersitetiniň barlagçylaryna salgylanýan Daily Mail neşiri bu howa bilen bagly çynlakaý netijelere getirer diýip habar berýär.
Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, bu ýyl Arktikadaky deňiz buzunyň iň az meýdany 4,27 million inedördül kilometre d...

Dowamy »

115 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Täze derman serişdesi 99% ýagdaýda AIW-den gorady

Emori uniwersitetiniň amerikan alymlary wirusa garşy derman serişdesi bolan "Lenakapawir-iň" kliniki synaglarynyň üçünji tapgyryny tamamladylar. Onuň ýylda iki gezek geçirilýän sanjymlary kesele garşy göreşmegiň adaty usullarynyň netijelerinden ep-esli ýokary bolup, AIW-den (adamyň immuno ýetmezçilik wirusy) goramakda 99% täsirlidigi görkezildi.

Dowamy »

107 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Arheologlar Kuweýtde gadymy zergärçilik ussahanasyny tapdylar. Onuň azyndan 7000 ýyllyk ýaşy bar

Kuweýtde iň gadymy zergärçilik ussahanasy tapyldy. Onuň 7000 ýyldan gowrak ýaşy bar diýip, Arkeonews neşiri habar berýär.
Kuweýtli we polşaly alymlaryň bilelikdäki arheologiki missiýasy Kuweýtiň demirgazygyndaky Bahra-1 diýilýän ýerde açyş etdi. Barlaglar şaý-sep ussahanasynyň miladydan öňki 5500-4000-nji ýyllar aralygynda sebitde bar bolan...

Dowamy »

105 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Dynç günleriňde nirä gitmeli: “Ýerasty gorpamy” ýa-da sirke?

“Arkaç” kinoteatry
(9-njy dekabra çenli)
Zal 1:
15:00 – “Pariž köçelerindäki ýaryş” (Гонка по улицам Парижа, 2024, uruşly)
18:00 – “Parižli gul” (Холоп из Парижа, 2024, komediýa)
20:10 – “Gykylyk. Arwah möwsümi” (Крик. Сезон призраков, 2024, elhençlik/triller)
Zal 2:
15:10 – “Astral. Gijeki garabasma...

Dowamy »

99 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Bitkoiniň bahasy 100 müň dollardan geçdi

5-nji dekabra geçilen gije bitkoin kriptowalýutasynyň bahasy Binance biržasynda ilkinji gezek 100 müň dollardan geçdi.
Söwda platformasynyň maglumatlaryna görä, esasy kriptowalýutanyň bahasy Aşgabat wagty bilen ir sagat 7:39-da 100 müň dollar belliginden geçdi. Şondan soň bitkoin ösüşini dowam etdirdi we sagat sekize çenli 104 müň dollardan...

Dowamy »

97 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Hyundai we Kia kyn şertlerde işlemegi ýeňilleşdirmek üçin ekzoskelet hödürlediler

Hyundai Motor Company we Kia Corporation bilelikde X-ble Shoulder ekzoskeletini döretdiler. Ol dürli pudaklarda işleýänlere çylşyrymly iş wezipelerini ýerine ýetirenlerinde egne we myşsalara düşýän agramy azaltmaga kömek eder diýip, New Atlas habar berýär.
Enjam awtoulagyň aşagyndaky näsazlyklary bejerýän mehanik ýa-da jaýyň petiginiň işleri...

Dowamy »

99 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Ysraýylda 12 ýaşly okuwçy gyzjagaz tomzak şekilli gadymy Müsür tumaryny tapdy

Ysraýylda 12 ýaşly okuwçy gyz Dafne Filşteýner tomzak şekilli gadymy Müsür tumaryny tapdy. 3500 ýyldan gowrak ýaşly bu artefakt Ysraýylyň Gadymy ýadygärlikler müdirligine öwrenmek üçin geçirildi diýip, “Wokrug sweta” neşiri ýazýar.
Gyz gadymy Müsür tumaryny Hod-ha-Şaronyň golaýyndaky Tel-Kana sebitine maşgala bolup gezelenji gidenlerinde tap...

Dowamy »

112 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Ukrainaly Ýaroslawa Maguçih 2024-nji ýylyň iň gowy zenan ýeňil atletikaçysy boldy

Halkara Ýeňil atletika federasiýalarynyň assosiasiýasy (World Athletics) ukrainaly beýiklige böküji Ýaroslawa Maguçihi 2024-nji ýylyň iň gowy zenan ýeňil atletikaçysy diýip ykrar etdi. Bu barada federasiýa ýekşenbe güni, 1-nji dekabrda X sosial ulgamynda habar berdi.
Ses berişligiň finalynda Maguçih ýedi görnüşli ýaryşda Oýunlar-2024-üň Olim...

Dowamy »

109 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

"Brain rot" aňlatmasy Oksford sözlüginiň wersiýasy boýunça ýylyň sözi boldy

Oksford sözlügi "Brain rot" aňlatmasyny 2024-nji ýylyň sözi diýip yglan etdi. Bu aňlatma onlaýn mazmunyň akyl işine edýän täsiri baradaky çekişmelerde meşhur boldy. Bu barada uniwersitet neşirýatynyň Oxford University Press metbugat gullugy habar berdi.
“Brain rot” (beýni çüýremesi) aňlatmasy 37 müňden gowrak adamyň gatnaşan köpçülikleýin se...

Dowamy »

107 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Çykanyndan soň bir günüň içinde Hytaýda 660 müň sany Redmi K80 we K80 Pro smartfonlary satyldy

Redmi kompaniýasy satuw başlanyndan soň bir günüň içinde Hytaýda 660 müň K80 we K80 Pro smartfonlarynyň satylandygyny habar berdi. Täze önümler müşderilerde uly isleg döretdi.
Kompaniýanyň Weibo platformasynda berlen maglumatlaryna görä, köp dükanlarda flagman modellerini satyn almak isleýän müşderileriň sany köpelýär.
Redmi K80 Pro S...

Dowamy »

118 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Budapeştda Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlandy

Şu gün Wengriýa iş saparyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşýar.
Gurban...

Dowamy »

119 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

27-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Žan Todt Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly halkara maslahata gatnaşmak...

Dowamy »

139 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

2040-njy ýylda iri şäherleriň ulag ulgamy nähili bolar? Mercedes-Benz çaklamalaryny paýlaşdy

Mercedes-Benz 2040-njy ýyla çenli şäherlerde ulaglaryň geljegi baradaky garaýyşlaryny paýlaşdy. Kompaniýanyň çaklamalary futurologlar, sosiologlar we arhitektorlar ýaly, dürli ugurlar boýunça hünärmenler toparynyň barlaglaryna esaslanýar. Seljerme üç şäheri - Londony, Los-Anjelesi we Şençženi öz içine aldy diýip, auto.ru. habar berýär.
Kompa...

Dowamy »

154 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

“Zalym” mýuzikli prokata Brodweý üçin rekord bilen başlady, “Gladiator 2” 220 mln dollardan geçdi

Brodweýiň “Zalym: Günbataryň jadygöýi hakynda erteki” (Злая: Сказка о ведьме Запада) mýuzikliniň ekranlaşdyrylmasy ilkinji uikendde 164 mln dollar ýygnady. Olaryň 114 mln dollary ABŞ-nyň paýyna düşýär, bu bolsa žanr üçin rekorddyr. Ariana Grandeniň gatnaşmagyndaky film 2024-nji ýylyň iň üstünlikli startlarynyň üçlügine girdi, ol diňe “Dedpul we Ros...

Dowamy »

116 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

В Ашхабаде стартовала международная конференция по транспорту ITTC-2024

Сегодня в Ашхабаде стартовала международная конференция «Международные транспортно-транзитные коридоры: взаимосвязь и развитие – 2024», приуроченная к Всемирному дню устойчивого транспорта.
Пленарное заседание, открытое генеральным директором Агентства транспорта и коммуникаций Туркменистана Мамметханом Чакыевым, объединило высокопоставленны...

Dowamy »

208 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

S7 Airlines представила свои услуги на международной выставке ITTC-2024 в Ашхабаде

Крупнейшая российская авиакомпания S7 Airlines принимает участие в международной выставке «Международные транспортно-транзитные коридоры: взаимосвязь и развитие – 2024», которая проходит в Торгово-промышленной палате Туркменистана в Ашхабаде. На выставке компания презентует свои ключевые направления и услуги, включая удобные стыковочные рейсы, а та...

Dowamy »

130 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

«Туркменавтоулаглары» представлено на международной выставке ITTC-2024

Агентство «Туркменавтоулаглары» Агентства транспорта и коммуникаций при Кабинете Министров Туркменистана принимает участие в международной конференции и выставке «Международные транспортно-транзитные коридоры: взаимосвязь и развитие – 2024», передает корреспондент Turkmenportal. Мероприятие собрало ведущих специалистов транспортной отрасли для обсу...

Dowamy »

161 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Solar Orbiter hemrasy Günüň üstüniň örän takyk suratlaryny iberdi

Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) Solar Orbiter hemrasynyň kömegi bilen düşürilen Günüň üstüniň täze suratlaryny çap etdi. Bular häzire çenli Älem Ýagtylgyjynyň üstüniň iň takyk we ýokary hilli suratlarydyr.
Hemra Güni, takmynan, 74 million kilometr uzaklykdan surata düşürdi, bu onuň Ýer bilen aralygyna garanda iki esse ýakyndyr.
Appa...

Dowamy »

129 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago