Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanda öz diplomatik işini tamamlaýan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Bu barada DIM habar berýär. ​Duşuşygyň barşynda taraplar soňky ýyllarda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň oňyn derejesini belläp geçdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejeli gatnaşyklaryň we saparlaryň möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlaýar ​Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. ​Gepleşikleriň ahyrynda daşary işler ministri iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan goşandy üçin, ilçä minnetdarlyk bildirdi we onuň mundan beýläkki hünär işinde üstünlikleri arzuw etdi. ​Öz gezeginde ilçi Türkmenistanda diplomatiýa gullugyny alyp baran döwründe özüne görkezilen goldaw we ýardam üçin ýurduň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir