Türkmenistanda hepdäniň ikinji ýarymy ýagyşly bolar
Hepdäniň ikinji ýarymynda Türkmenistanda ýagyş ýagar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi:
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijeleri...
Braziliýada guraklyk sebäpli millionlarça adam ýitgi çekýär
Braziliýada dowam edýän rekord derejeli guraklykdan millionlarça adam ýitgi çekýär diýip, «Habar 24» ýazýar.
Amazonka derýasynyň 4 sany iň uly akymynyň suwy soňky 50 ýylda iň pes derejede azaldy. Netijede, soýanyň 10 million tonna hasyly howp astynda galýar. Amazonas ştaty iň ýitgi çeken künjekdir. Ol ýerde sentýabrdan bäri adatdan daşary ýa...
Bütindünýa banky 40 milliard dollar bölüp bermekçi
Bütindünýä banky howanyň üýtgemegi bilen bagly göreş taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin her ýyl 40 milliard dollardan gowrak maýa bölüp bermekçi. Bu barada bankyň başlygy Ajaý Banga Dubaýda geçen Howa sammitinde (COP28) habar berdi diýip, «Trend» ýazýar.
Banga bu başlangyjyň 2025-nji ýyldan durmuşa geçiriljekdigini, ilkibaşda maliýeleşdirmek...
Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary jemagat hojalygy hyzmatlary üçin e.gov.tm portaly arkaly töleg edip bilerler
Türkmenistanyň e.gov.tm Döwlet hyzmatlary portalynda «Arkadag şäheriniň onlaýn hyzmatlar portaly» atly ýörite bölüm bar.
Häzirki wagtda web sahypasy arkaly Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary tarapyndan ulanylýan elektroenergiýa, tebigy gaz we suw üçin tölegleri kabul edilýär.
«Turkmentelecom»-dan internet we öý telefon hyzm...
«Nebitmaş» DK-da ŞF-20 izolýatorlaryny öndürmek üçin Ýewropanyň öňdebaryjy enjamy gurnaldy
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy ŞF-20 izolýatorlarynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu önümiň öndürilmegine kärhanada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «EСTkema» kompaniýasynyň ýokary derejede berk bolan keramiki toýuny almaga niýetlenen häzirki zaman enjamlar toplumynyň gurnalmagy ýardam etdi....
Bagtly bolmagyň ýönekeý usuly salgy berildi
Türkiýäniň Sabançi uniwersitetiniň kliniki psihologlar topary irden goňşularyňa salam bermegiň we nätanyşlar bilen hoşamaý gürleşmegiň adamlary bagtly edýändigini anykladylar. Alymlaryň ylmy-barlaglarynyň netijeleri «Social Psychological and Personality Science (SPPS)» žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Barlaglara 60 müň adam g...
Bişkekde Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi
Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklaryndaky ähmiýeti» atly halkara ylmy maslahat guraldy.
1-2-nji dekabrda bolan maslahatyň işine Türkmenistanyň Ylymla...
Çehiýada haryt otlulary çaknyşdy
Çehiýanyň gündogaryndaky Pardubisk ülkesiniň Çeska-Trşebowa şäherinde iki sany haryt otlusy çaknyşdy. Bu barada «Report.az» habar berdi.
Netijede, bir adam ýaralandy. Wagonlaryň altysy demir ýoldan agdy, ýitgi 150 million kron (7 million dollar töweregi) bahalanýar.
Heläkçilige otlularyň birinji maşinistiniň ünssüzligi sebäp boldy, ol...
Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti dekabryň başynda Berlinde iş saparynda bolar
Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti 3 — 7-nji dekabr aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berdi.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysyn...
Merriam-Webster sözlügi 2023-nji ýylyň sözüni saýlady
Merriam-Webster kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän Merriam-Webster’s Collegiate Dictionary amerikan düşündirişli sözlügini düzüjiler emeli aňyň ösmegi bilen baglylykda “authentic” (“hakyky”) sypatyny 2023-nji ýylyň sözi hökmünde saýladylar. Bu barada sözlügiň redaktory Piter Sokolowski Associated Press agentligi bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip,...
Mark Sukerbergiň gün tertibi: näçede turýar, nähili geýinýär...
Dünýäniň iň baý adamlaryndan biri bolan Mark Sukerberg köp wagtyny işe sarp edýär, ýöne şol bir wagtyň özünde syýahat etmäge, çagalary bilen güýmenmäge we MMA-nyň pälwanlary bilen türgenleşmäge hem wagt tapýar.
Metanyň baş direktory irden sagat 8 töweregi oýanan badyna derrew telefonyndaky Facebook-y, Messenger-i we WhatsApp-y barlaýar. Düný...
Lew Ýaşin hakyndaky film Italiýada sport kinosynyň festiwalynda baş baýraga mynasyp boldy
“Lew Ýaşin. Meniň arzuwymdaky derwezeban” filmi Italiýada geçirilen “Paladino d’Oro Sport Film Festival” atly halkara sport kinosynyň festiwalynda baş baýraga eýe boldy. Filmiň režissýory Wasiliý Çiginskidir diýip, championat.com habar berýär.
Bu festiwala 40 ýurtdan 150-den gowrak film gatnaşdy.
Lew Ýaşin hakyndaky filmiň premýerasy...
Jennifer Lopez soňky 10 ýylda ilkinji albomyny çykarar
Jennifer Lopez “This Is Me... Now” ady bilen soňky on ýylda ilkinji studiýa albomyny çykarar. Reliz 2024-nji ýylyň 16-njy fewralyna meýilleşdirilen diýip, Deadline neşiri habar berýär.
Dokuzynjy studiýa plastinkasynyň çykyşy aýdymçynyň 20 ýyl mundan ozal çykaran “This Is Me... Then” albomynyň ýubileýine gabat getiriler. Jeý Lonyň täze albomy...
Apple iPhone-larynda iOS 17-de göreji goramak aýratynlygyny hödürledi
Apple iň soňky iOS 17 täzelenmesinde ulanyjylaryň görejini goramagy maksat edinýän iPhone we iPad üçin Screen Distance funksiýasyny hödürledi.
Täze aýratynlyk, esasanam, çagalarda gözüň ýadamazlygynyň öňüni almaga we şowakörlügiň (miýopiýa) döremek howpuny azaltmaga kömek edýär.
Screen Distance aýratynlygy ekranyň we ulanyjynyň gözüni...
Täze Zelandiýa ýaşlara çilim çekmegi gadagan etmekden ýüz öwrer
The Guardian gazetiniň habar bermegine görä, Täze Zelandiýanyň hökümeti "tutuş bir nesle" çilim çekmegi gadagan etmekden ýüz öwürdi. 2022-nji ýylyň ahyrynda kabul edilen kanunyň taslamasynda 2008-nji ýylyň 31-nji dekabryndan soň doglanlara çilim satmagy gadagan etmek girizildi. Ol 2024-nji ýylyň iýul aýynda güýje girmelidi.
Kanuna laýyklykda...
Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 18-nji Ýaşlar maslahatyna gatnaşdy
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde (COY18) geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 18-nji Ýaşlar maslahatyna Türkmenistandan Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri gatnaşdy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, bu çäre esasy konferensiýanyň – BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýasynyň (C...
Dekabrda Moskwada Hazarýaka döwletleriniň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler
5-nji dekabrda Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler. Bu barada RF-iň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa hepdelik brifingde aýtdy diýip, Trend habar berýär.
“5-nji dekabrda Moskwada ýurdumyzyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygynda Hazarýaka döwletleriniň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gaz...
Teýlor Swiftiň konsert filmi 2023-nji ýylyň TOP-20 filmlerine goşuldy
Teýlor Swiftiň “Taylor Swift: The Eras Tour” konsert filmi 15 mln dollar býujet bilen dünýä prokatynda 250 mln dollar gazandy. Bu barada The Hollywood Reporter neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.
Şeýlelikde, film 2023-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň ilkinji ýigrimiligine girdi. Neşir onuň ähli döwürleriň iň üstünlikli konsert fil...
Gyrgyzystan milli baýdagynyň dizaýnyny resmi taýdan üýtgeder
Gyrgyzystanda döwlet baýdagynyň dizaýny üýtgediler. Konstitusiýa kanunçylygy, döwlet gurluşy, kazyýet-hukuk meseleleri we Ýokary geňeşiň düzgünleri boýunça komitet üýtgetmeleri tassyklady diýlip, gyrgyz parlamentiniň saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, 28-nji noýabrda komitet ilkinji okalyşda “Gyrgyz Respublikasynyň döwlet nyşanlary b...
EKSPO-2030 sergisi Saud Arabystanynda geçiriler
Saud Arabystanynyň paýtagty 2030-njy ýylyň Bütindünýä sergisini geçirmek üçin ýer hökmünde saýlandy. Bu barada “Le Monde” gazetine salgylanyp, TASS habar berýär.
Neşiriň maglumatlaryna görä, Er-Riýad beýleki dalaşgärlerden ep-esli öňe geçdi. Ol 119 ses gazandy, şol bir wagtyň özünde ikinji orny eýelän Günorta Koreýanyň Pusan şäheri 29 ses al...