6-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa – Hindistan» dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda daşary işler ministrleri köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny we ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hindistanyň arasynda özara söwda, maýa goýum, senagat hem-de ulag hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy barada pikir alşyldy. Şeýle-de bu köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmi arkaly alnyp barylýan diplomatik gatnaşyklaryň döwletara dialog medeniýetini ösdürmäge we dünýä hem-de sebit meseleleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendigi nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berildi. Ministr R.Meredow Türkmenistanyň ýurtlaryň söwda-ykdysady we maýa goýum taýdan integrasiýasyny işjeň öňe sürýändigini, iri infrastruktura we logistika taslamalary boýunça başlangyçlary orta atýandygyny belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda amala aşyrylýan we Merkezi Aziýa bilen Hindistanyň arasyndaky arabaglanyşygy güýçlendirmäge gönükdirilen ykdysady taslamalaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu ugurda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň aýratyn ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyny ösdürmek meselesine hem garaldy. Sebitleýin we halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça bilelikdäki başlangyçlary ilerletmegiň zerurdygy nygtaldy. Sebit howpsuzlygy babatda taraplar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň sebitleýin we halkara derejesinde parahatçylygy üpjün etmek, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak üçin netijeli gural bolup durýandygyny bellediler. Täze tehnologiýalar, sanlylaşdyrma, biotehnologiýalar we nanotehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda Merkezi Aziýa bilen Hindistanyň arasynda bilelikdäki ylmy gözleglere, başlangyçlara (startaplara) goldaw bermäge we önümçilige innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen Tehnologiýa we ylmy hyzmatdaşlygyň Bilelikdäki maksatnamasyny döretmek mümkinçiligine seretmek teklip edildi. Saglygy goraýyş, derman senagaty we ylmy gözlegler ugry boýunça hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda häzirki döwürde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hindistanyň syýasy-diplomatik mümkinçilikleriniň, şeýle-de umumy kuwwatlyklarynyň birleşdirilmeginiň ählumumy we sebit meseleleriniň çözgüdine goşant goşýandygy nygtaldy. «Merkezi Aziýa – Hindistan» dialogynyň dördünji mejlisiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.