RF-iň Prezidenti hökümet baştutanyny bellemek barada Permana gol çekdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hökümet baştutany wezipesine Mihail Mişustini bellemek barada Permana gol çekdi. Bu barada Kremliň metbugat gullugy habar berýär.
“Russiýa Federasiýasynyň Konstitusiýasynyň 83-nji maddasynyň “a” punktyna laýyklykda, Mişustin Mihail Wladimirowiçi Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygy wezipesine belle...

Dowamy »

242 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

ChatGPT-iň "atasy": Emeli aň hakykatdanam köp adamy işsiz goýar

OpenAI-ny esaslandyryjy we ChatGPT-ni döredijileriň biri bolan Sem Altman emeli aňyň (AI) ýakyn wagtda iş ýerleriniň azalmagyna sebäp bolup biljekdigi baradaky howatyrlanmanyň esassyz däldigini aýtdy.
Altman: "Häzir meni hemme zatdan beter sosial-ykdysady üýtgemeşleriň nähili tizlikde we gerimde bolup geçjekdigi, onuň ýetirjek täsiri alada...

Dowamy »

260 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

“Ýüzükleriň hökümdarynyň” dünýäsi barha giňeýär: “Gollum awlamaga çykmak” filmi bildiriş edildi

Warner Bros. Discovery kompaniýasy “Ýüzükleriň hökümdarynyň” («Властелин колец») älemine esaslanýan täze filmi bildiriş etdi. “Ýüzükleriň hökümdary: Gollum awlamaga çykmak” («Властелин колец: Охота на Голлума») diýlip atlandyrylýan bu film J.R.R.Tolkiniň eserleri esasynda döredilen täze franşizanyň bir bölegi bolar diýip, Variety habar berýär.

Dowamy »

267 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Olimpiýa oýunlary-2024-iň futbol ýaryşyna gatnaşyjylar belli boldy

Gwineýanyň milli ýygyndysy Olimpiýa oýunlarynyň erkekleriň arasynda futbol ýaryşyna iň soňky gatnaşyjy boldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.
Çarşenbe güni Gwineýanyň topary Indoneziýanyň milli ýygyndysyny 1:0 hasabynda utup, Pariže ýollama aldy. Olimpiýa ýaryşyna dört topara bölünen 16 topar gatnaşar. Gatnaşyjylaryň doly düzümi şeýle gö...

Dowamy »

276 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Islandiýada dünýäde iň uly atmosferany arassalaýyş zawody işe girizildi

Islandiýada Ýeriň atmosferasyny hapalaýjy maddalardan arassalamak boýunça dünýäde iň uly zawod işläp başlady. Bu barada ixbt.com habar berýär.
Mammoth atly fabrika atmosferadan kömürturşy gazyny göni tutýan ikinji täjirçilik desgasydyr. Ol Climeworks kompaniýasy tarapyndan guruldy we bu 2021-nji ýylda açylan birinji fabrikadan 10 esse uludyr...

Dowamy »

274 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Satuwy azalsa-da, gazanjy artdy: Samsung hindi bazarynda liderligini ýitirdi

Samsung ABŞ-da we dünýä bazarynda paýyny artdyrsa-da, Hindistanda ýagdaý günorta koreýaly kompaniýa üçin o diýen üstünlikli bolmady. Birinji çärýegiň jemi boýunça, kompaniýa göni üçünji orna düşdi. Bu barada ixbt.com belleýär.
Counterpoint analitikleri bir ýyl mundan ozal 20,3% paý bilen birinji orny eýelän Samsung-yň 17,5% paý bilen üçünji...

Dowamy »

244 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Hytaýda seýrek “bulut şaglawugy” hadysasy bolup geçdi

Hytaýda “bulut şaglawugy” diýlip atlandyrylýan seýrek tebigy hadysa bolup geçdi. Goýry bulutlar dag gerşiniň üsti bilen aşak inip, suw akymyny ýada salýardy diýip, 9Trevel portaly habar berýär.
Şeýle seýrek hadysa daglarda howanyň temperaturasynyň birden pese gaçmagy we güýçli ýel netijesinde bolup geçýär. Belentlikdäki bulutlar eňňide tarap...

Dowamy »

233 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Ýylyň iň gowy oýunçysy üçin “Global Soccer Awards” baýragyna dalaşgärler saýlandy

“Global Soccer Awards” tarapyndan 2024-nji ýylyň iň gowy oýunçysy adyna dalaş edýän futbolçylaryň sanawy belli boldy. 20 oýunçydan ybarat sanaw baýragyň X sosial ulgamynda ýerleşdirildi.
Şeýlelikde, dalaşgärler şulardan ybarat: Alessandro Bastoni (“Inter”), Jud Bellingem (“Real”), Hakan Çalhanoglu (“Inter”), Fil Foden (“Mançester Siti”), Ant...

Dowamy »

285 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Samsung arkasy deri panelli Galaxy F55 smartfonynyň hödürlenjek senesini yglan etdi

Samsung kompaniýasy özüniň täze Galaxy F55 smartfonynyň görkeziljek senesini resmi taýdan tassyklady. Bu çäre 17-nji maýda Hindistanda geçiriler. Smartfonyň bahasynyň 240-360 dollar bolmagyna garaşylýar diýip, gagadget.com habar berýär.
Çeşmeler Galaxy F55-iň ýaňy-ýakynda Hytaýda ilkinji gezek çykan Galaxy C55 smartfonynyň rebrend görnüşi bo...

Dowamy »

276 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

BMW täze M4 kupesiniň has güýçlendirilen görnüşini hödürledi

BMW M4 CS kupesiniň täze modifikasiýasyny hödürledi - sport awtoulagy öňküsinden has güýçli we ýeňil boldy.
Täze önüm 550 at güýji (soňky sapar gaýtadan işlenenden soň adaty M4 Competition-iňkiden 20 at güýji köp ) 3,0 litrlik turbo hereketlendirijisini aldy. Ol sportkara 100 km/sag tizlige 3,4 sekuntda ýetmäge mümkinçilik berýär we iň aňryb...

Dowamy »

279 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

“Google Habarlarda” “GIF selfi” - gysga selfi wideolar peýda bolar

“Google Habarlar” programmasy ulanyjylara gysga, yzygiderli wideo habarlaryny ibermäge mümkinçilik berýän “GIF Selfi” aýratynlygy peýda bolar diýip, Android Authority habar berýär.
Täze aýratynlyk smartfonyň öň ýa-da esasy kamerasynda ýazgy edilen üç sekuntlyk wideodyr. “GIF selfini” döretmek üçin çaty açmaly, habarlar panelinde kameranyň ny...

Dowamy »

262 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Netflix “Çarli we şokolad fabrikasy” romanynyň esasynda aşpezlik realiti-şouna başlaýar

Netflix-iň striming (akym) hyzmaty Roald Dalyň meşhur "Çarli we şokolad fabrigi" kitabyndan ylham alan täze aşpezlik realiti-şounyň döredilendigini habar berdi. Taslamanyň jikme-jiklikleri entek aýan edilmedi, ýöne şou-gepleşigiň süýjülikleri taýýarlamak bilen baglanyşykly bäsdeşlik synaglaryna esaslanjakdygy mälim diýip, Deadline habar berýär.

Dowamy »

251 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

UEFA Ýewro – 2024-iň resmi aýdymyny hödürledi

Italiýanyň “Meduza” elektron triosy, “Grammy” baýragyna dalaşgär amerikan pop-rok topary “OneRepublic” we germaniýaly aýdymçy Leony 2024-nji ýylyň futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň resmi aýdymyny hödürlediler. Bu barada UEFA-nyň saýtynda habar berilýär.
Aýdym “Fire” (“O:t”) diýlip atlandyrylýar.
Janköýerler bu aýdymy 14-nji iýulda...

Dowamy »

239 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Şweýsariýa "Ýewrowideniýe-2024" bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Şwesiýanyň Malmýo şäherinde "Ýewrowideniýe-2024" aýdym-saz bäsleşiginiň finaly geçirildi. Şweýsariýaly ýerine ýetiriji Nemo "The Code" aýdymy bilen ýeňiji boldy. Ikinji orny Horwatiýadan aýdymçy Baby Lasagna, üçünji orny Ukrainadan ýerine ýetirijiler dueti Alyona Alyona & Jerry Heil eýeledi. Bu barada BBC habar berýär.
Fransiýa dördünji orun...

Dowamy »

243 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Huawei bütinleý Android-den aýrylyp HarmonyOS Next-e geçýär

Huawei Android operasion ulgamyny (OS) öz smartfonlarynda ulanmagy düýbünden bes etmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Geçiş Huawei-iň öz OS-y bolan “HarmonyOS Next-iň” peýdasyna amala aşyrylar diýip, IXBT ýazýar.
“HarmonyOS Next” şu ýylyň oktýabr aýynda satuwa çykarylmagy meýilleşdirilen Mate 70 smartfonlarynyň flagman seriýalary bilen bi...

Dowamy »

247 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Hytaý SkyNet-i işe girizýär. Ol Ýeriň islendik ýerinde internete girmäge niýetlenendir

Hytaý dünýäniň islendik ýerinde ýokary tizlikli internete girmek üçin döredilen ägirt uly internet hemralarynyň ulgamy bolan SkyNet-iň gurluşygyna başlady. Şu maksat bilen 9-njy maýda ilkinji Zhihui Tianwang-01 (Smart SkyNet-01) synag emeli hemrasy ýurduň günorta-günbataryndaky Siçan kosmodromyndan üstünlikli uçuryldy diýip, scmp.com. habar berýär....

Dowamy »

248 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Nissan söwda dilerlerine awtoulaglaryny has uly arzanlaşyk bilen satmaga rugsat berdi

Ammarlaryň önümden çakdanaşa doludygy sebäpli, Nissan ABŞ-daky söwda dilerlerine awtoulaglary maslahat berlen bölek satuw bahasyndan hem arzan satmaga rugsat berdi diýip, IXBT habar berýär.
Cox Automotive-iň berýän maglumatlaryna görä, Nissan awtoulaglary satyn alynmazdan öň 98 günläp dilerleriň ambarlarynda durýar.
Satuwy höweslendir...

Dowamy »

248 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Awstraliýa tehnologiýa ägirtlerine gözegçiligi güýçlendirer

Ýewropanyň we ABŞ-nyň yzýany Aziýa ýurtlary hem iri tehnologiýa kompaniýalarynyň işine gözegçiligi güýçlendirýärler. Faýnansal Taýms gazetiniň habar bermegine görä, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Awstraliýa Apple-iň we Google-yň öz bazarlarynda agdyklyk etmegini çäklendirmäge gönükdirilen täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlaýarlar ýa-da eýýäm güýje...

Dowamy »

260 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Londonda start-ap adaty bolmadyk ulagy – pedalda işleýän ýük awtoulagyny hödürledi

Düýbi Londonda ýerleşýän Cityshuttle start-apy sürüjisi pedaly aýlamaly bolan dünýäde ilkinji elektrik awtoulagyny çykardy. ePack diýlip atlandyrylýan täze önüm eltip berme hyzmatlarynda awtoulaglaryň, skuterleriň we welosipedleriň ornuny tutmaga niýetlenendir diýip, Mail.ru ýazýar.
ePack 250 wattlyk elektrik hereketlendirijisi bilen enjamla...

Dowamy »

263 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago

Alymlar ýel arkaly ondan-oňa göçýän ownuk haýwanlar hakda gürüň berdiler

Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň (SPbGU) alymlary tardigradlar (latynça: Tardigrada) diýlip atlandyrylýan mikroskopik oňurgasyzlaryň ýaýraýşynyň syryny açdylar. Görlüp oturylsa, olar ýaşaýan ýerlerini ýeliň kömegi bilen giňeldýän ekenler diýip, TASS habar berýär.
Bu açyş Seýşel adalaryndan bir tardigradyň molekulýar seljermesi netijesi...

Dowamy »

205 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago