NASA astronawlar Butç Uilmor bilen Sunita Uilýamsy Halkara kosmos stansiýasyndan yzyna getirmegi tizleşdirmek kararyna geldi. Olaryň Ýere gaýdyp gelmegi 19-njy marta meýilleşdirilýär diýip, ArsTechnica ýazýar. Crew-10 missiýasy üçin ulanylmaly SpaceX Dragon C213 gämisi bilen baglanyşykly tehniki meseleler sebäpli, bu meýilnama gaýtadan seretmeli boldy. Indi NASA zeper ýeten gämini SpaceX-iň başga bir modeli – öň kosmosa birnäçe gezek çykan C210 Endurance bilen çalyşmagy göz öňünde tutýar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ony 12-nji martda uçurmak meýilleşdirilýär, eger ugruna bolsa, bu Crew-10 ekipažyna (Uilýams, Uilmor, şeýle-de Nik Heýg we russiýaly kosmonawt Aleksandr Gorbunow) eýýäm 19-njy martda – meýilleşdirilenden birnäçe hepde öň HKS-den gaýtmaga mümkinçilik berer. Eger gämi çalşylsa, SpaceX ýazda meýilleşdirilen Axiom-4 missiýasynyň çäklerinde HKS-e “syýahatçylyk” uçuşyny yza süýşürmeli bolar, çünki onuň üçin C210 gämisi taýýarlanypdy. Eger inženerlere täze gämidäki näsazlyklary düzetmek başartsa, C213 bu gäminiň ornuny eýelär. SpaceX NASA-nyň pikirinden ýüz öwürmese gerek, sebäbi mundan öň kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa astronawtlary mümkin boldugyndan ir yzyna gaýtarmaga wada beripdi. ABŞ-nyň täze administrasiýasynyň syýasy beýanatyna garamazdan, NASA öz çözgütlerini tehniki we logistiki şertler bilen esaslandyrýar. Bellenilişi ýaly, astronawtlaryň yzyna getirilmegini tizleşdirmek baradaky çözgüt Tramp wezipä girişmezden ozal kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir