Kaliforniýada «Critics Choice» (Tankytçylaryň saýlawy) baýragynyň 30-njy gowşurylyş dabarasy geçirildi. Kino synçylary 2024-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýladylar. Baş baýrak – «Iň gowy film» baýragy Şon Beýkeriň «Anora» (Анора) filmine berildi. Kinematografiýa boýunça nominasiýalarda iň köp baýragy alanlar gorky filmi «Substansiýa» (Субстанция) hem-de «Zalym» (Злая) we «Emiliýa Peres» (Эмилия Перес) atly aýdym-saz filmleri boldy. Seriallaryň arasynda bolsa «Sýogun» (Сёгун), «Hileler» (Хитрости), «Sugun çagasy» (Оленёнок) we «Pingwin» (Пингвин) üstünlik gazandy. Esasy nominasiýalaryň ýeňijileri: ·Iň gowy film: «Anora» (Анора) ·Iň gowy režissýor: Jon M. Çu – «Zalym: Günbataryň jadygöýi barada erteki» (Злая: Сказка о ведьме Запада) ·Iň gowy aktýor: Edrian Broudi – «Brutalist» (Бруталист) ·Iň gowy aktrisa: Demi Mur – «Substansiýa» (Субстанция) ·Iň gowy kömekçi aktýor: Kiran Kalkin – «Hakyky agyry» (Настоящая боль) ·Iň gowy kömekçi aktrisa: Zoi Saldana – «Emiliýa Peres» (Эмилия Перес) ·Iň gowy original ssenariýa: «Substansiýa» (Субстанция) ·Iň gowy uýgunlaşdyrylan ssenariýa: «Konklaw» (Конклав) ·Iň gowy aktýorlar topary: «Konklaw» (Конклав) ·Iň gowy daşary ýurt filmi: «Emiliýa Peres» (Эмилия Перес) – Fransiýa ·Iň gowy animasiýa filmi: «Ýabany robot» (Дикий робот) ·Iň gowy komediýa (deňme-deň): «Dedpul we Rosomaha» (Дэдпул и Росомаха) we «Hakyky agyry» (Настоящая боль) Iň gowy seriallar: ·Iň gowy dramatiki serial: «Sýogun» (Сёгун) ·Iň gowy dramatiki serial aktýory: Hiroýuki Sanada – «Sýogun» (Сёгун) ·Iň gowy dramatiki serial aktrisasy: Keti Beýts – «Metlok» (Мэтлок) ·Iň gowy komediýa serial: «Hileler» (Хитрости) ·Iň gowy komediýa serial aktýory: Adam Brodi – «Muny hiç kim islemeýär» (Никто этого не хочет) ·Iň gowy komediýa serial aktrisasy: Jin Smart – «Hileler» (Хитрости) ·Iň gowy mini-serial: «Sugun çagasy» (Оленёнок) ·Iň gowy mini-serial/telefilm aktýory: Kolin Farrell – «Pingwin» (Пингвин) ·Iň gowy mini-serial/telefilm aktrisasy: Kristin Milioti – «Pingwin» (Пингвин) ·Iň gowy telefilm: «Rebel-Rij» (Ребел-Ридж) ·Iň gowy daşary ýurt serialy: «Kalmar oýny» (Игра в кальмара)

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir