“MÝ-niň” oýunçysy ýylyň başyndan bäri has gymmatlan futbolçy boldy

Transfermarkt portalynyň hasabyna görä, Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” klubunyň ýarym goragçysy Kobbi Maýnu 2024-nji ýylyň başyndan bäri dünýäniň has gymmatlan oýunçylarynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada portalyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.
Aprel aýynda 19 ýaşyny dolduran Maýnunyň bahasy 29 mln ýewro artdy, h...

Dowamy »

116 0
Täzelikler, 5 months ago


Täze eplenýän Samsung Galaxy Z Fold 6 Ultra smartfony 2024-nji ýylda hödürlener

SamMobile-yň berýän habaryna görä, Samsung 2024-nji ýylda düýpgöter täze, epläp bolýan Galaxy Z Fold 6 Ultra smartfonyny hödürlär.
Ultra modeliniň işlenip taýýarlanýandygy baradaky myş-myşlar bireýýämden bäri gulaga degýärdi, ýöne höwesjeňler Günorta Koreýanyň sertifikat merkeziniň maglumatlar bazasynda SM-F958 belgili telefonyň bardygyny in...

Dowamy »

128 0
Tehnologiýa, 5 months ago


OpenAI sesi klonlaýjy gural bolan Voice Engine bilen tanyşdyrdy

OpenAI islendik adamyň gepleýşine meňzedip hakyky sesleri döretmäge mümkinçilik berýän Voice Engine guralynyň işe başlandygyny habar berdi. Sesi klonlamak üçin tehnologiýa bary-ýogy 15 sekuntlyk ses nusgasy gerek diýip, engadget.com habar berýär.
Voice Engine OpenAI-yň 2022-nji ýyldan bäri ösdürip gelýän teksti sözleýşe öwrüji - API-sine esa...

Dowamy »

128 0
Tehnologiýa, 5 months ago


Ilermen "Garagum" derýasynyň Türkmenistanyň ekologiýasyna täsiri barada gürrüň berdi

2024-nji ýylda ägirt uly taslamanyň - Garagum derýasynyň gurluşygynyň başlananyna 70 ýyl dolýar. Adam eli bilen döredilen bu uly suw desgasy we onuň ähmiýeti, şeýle hem Türkmenistanyň ekologiýasyna we ösüşine edýän täsiri barada tehniki ylymlaryň doktory Allaberdi Ylýasow CentralAsia.news neşirine gürrüň berdi.
Bilermen taryhyň dowamynda su...

Dowamy »

101 0
Täzelikler, 5 months ago


Halkara energetika agentligi: Emeli aň 2034-nji ýyla çenli energiýa sarp edilişini 500% ýokarlandyrar

Halkara energetika gullugy (HEG) ýakyn 10 ýylda emeli aňyň (AI) energiýany sarp edişiniň 500% artjakdygyny çaklaýar. Bloomberg-iň habar bermegine görä, bu hasaplaýyş kuwwatynyň ep-esli ýokarlanmagyny talap edýän AI-niň ösmegi bilen baglanyşykly.
Mysal üçin, Beýik Britaniýada maglumat merkezleriniň elektrik energiýasyna bolan islegi alty esse...

Dowamy »

103 0
Täzelikler, 5 months ago


Xiaomi sedanyň yzysüre şu ýyl wnedorožnik ýa-da krossower çykarmaga taýynlanýar

Ýaňy-ýakynda elektronika öndürijisi hökmünde has meşhur bolan Xiaomi bahasynyň hiline degýändigi sebäpli derrew uly meşhurlyga eýe bolan SU7 elektrik sedanyny çykardy. Indi kompaniýa awtoulag bazarynyň täze bir bölegini eýelemekçi bolýar diýip, ITHome habar berýär.
“Ygtybarly çeşmelere” salgylanýan Blue Whale Financial -yň tassyklamagyna gör...

Dowamy »

129 0
Tehnologiýa, 5 months ago


Raşid Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça wekili bilen duşuşdy

2-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar “Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkme...

Dowamy »

103 0
Täzelikler, 5 months ago


Türkmen agyr atletikaçylary Olimpiada-2024-e ýollama almak üçin Phuketdäki dünýä Kubogyna gatnaşýarlar

Türkmenistanly agyr atletikaçylar 2-nji aprelden 11-nji aprel aralygynda Phuketde (Tailand) geçiriljek dünýä Kubogynda medallar we Olimpiýa ygtyýarnamalary üçin bäsleşerler. Ýaryşa 110 ýurtdan 459 türgen gatnaşýar. Olar on erkek we on zenan agram derejelerinde baýrak ugrunda bäsleşerler.
Phuketdäki dünýä kubogy Parižde geçiriljek Olimpiada –...

Dowamy »

134 0
Sport, 5 months ago


BMG: dünýä ilatynyň çärýek bölegi üçin arassa agyz suwy elýeterli däl

Dünýäde iki milliarddan gowrak adam üçin arassa agyz suwy elýeterli däl. BMG-niň 2030-njy ýyla çenli planetanyň ähli ýaşaýjylaryny arassa içimlik suw bilen üpjün etmek babatda maksatlary ýerine ýetirilmeýär diýip, ÝUNESKO halkara guramasyna salgylanýan «24KZ» habar berýär.
Bilermenleriň pikiriçe, suw gorlarynyň ýetmezçiligi ekologiýa, saglyg...

Dowamy »

111 0
Täzelikler, 5 months ago


Hytaýdaky güllän raps meýdanlary jahankeşdeleri çekýär

Hytaýyň Syçuan ülkesindäki meýdanlar altynsow reňke beslendi. Ol ýerde raps gülledi. Bu ajaýyp gözelligi synlamak üçin dünýäniň çar künjeginden jahankeşdeler gelýärler diýip, «MIR 24» habar berýär.

Dowamy »

107 0
Täzelikler, 5 months ago


ABŞ-da ýük gämisi köpri bilen çaknyşdy

ABŞ-nyň Baltimorynda awtoulag köprüsi Şri-Lanka barýan «Dali» ýük gämisi baryp urlandan soňra ýykyldy. Ýerli «FOX Baltimore» teleýaýlymynyň habaryna görä, birnäçe ulag derýa gaçdy. Gämi köprüniň direg sütünine uruldy, soňra ýanyp başlady we suwa ýykyldy.
«Frensis Skott Ki köprüsi ýük gämisi çaknyşandan soňra Patapsko derýasyna ýykyldy» diýli...

Dowamy »

124 0
Täzelikler, 5 months ago


Ekologlar tarapyndan arça, pisse we badam nahallary ekildi

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Köpetdag döwlet goraghanasynda ýurduň Agrar partiýasynyň we Ahal welaýatyň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň gatnaşmagynda ýabany ösümlikleri oturtmak boýunça köpçülikleýin işler geçirildi. Ol goraghananyň özünde we Bakja derýasynyň boýunda geçirildi, derýanyň kenarýaka bölegi plastmassa we beýle...

Dowamy »

113 0
Täzelikler, 5 months ago


Şwarseneggere kardiostimulýator oturdyldy

Meşhur aktýor we Kaliforniýanyň öňki gubernatory, 76 ýaşly Arnold Şwarseneggere kardiostimulýator oturdyldy. Bu barada ol Arnold’s Pump Club podkastynda habar berdi diýip, Daily Mail ýazýar.
Şwarsenegger öz habarynda geçen duşenbe güni operasiýa geçirendigini, oňa kardiostimulýator oturdylandygyny aýtdy we özüni gowy duýýandygyny sözüniň üst...

Dowamy »

121 0
Täzelikler, 5 months ago


Boeing-iň ýolbaşçylygy uçarlaryň howpsuzlygy bilen bagly meseleleriň esasynda işden çekilýär

oeing kompaniýanyň ýolbaşçylygynda uly üýtgetmeleriň geçiriljekdigini mälim etdi. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, baş müdir Deýw Kalhun 2024-nji ýylyň ahyrynda wezipesinden gider, müdirler geňeşiniň başlygy Larri Kellner bolsa gaýtadan saýlanmak üçin öz dalaşgärligini hödürlemez. Raýat uçarlary bölümçesiniň ýolbaşçysy Den Stil eýýäm komp...

Dowamy »

113 0
Täzelikler, 5 months ago


BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Martin Griffits wezipesini terk eder

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Martin Griffits saglyk ýagdaýy sebäpli 2024-nji ýylyň iýun aýyndan soň wezipesini terk eder. Bu barada TASS habar berýär.
“Baş sekretaryň ynsanwerperlik meseleleri boýunça orunbasary we adatdan daşary kömek utgaşdyryjysy Martin Griffits Baş sekretara [Antoniu Guterrişe] saglyk ýagdaýy sebäpli işden gitmekç...

Dowamy »

108 0
Täzelikler, 5 months ago


Shell dünýäniň iň gymmat nebitgaz brendleriniň sanawynda ýene-de öňdebaryjy

Shell nebitgaz brendi Brand Finance konsalting kompaniýasynyň dünýäniň iň gymmat nebitgaz brendleriniň sanawynda öňdebaryjylygyny dowam edýär. 2023-nji ýylda Shell-iň bahasy 4% ýokarlanyp, 50,3 mlrd dollara ýetdi. Bu barada TASS belleýär.
Brand Finance kompaniýasynyň uly müdiri Sawio D’Souzanyň aýtmagyna görä, Shell-iň nebitgaz pudagynda öňd...

Dowamy »

113 0
Täzelikler, 5 months ago


Aýa gonan Nova-C moduly işini hemişelik bes etdi

Mart aýynyň başynda Aý gijesiniň başlanmagy sebäpli uky režimine geçirilen Nova-C amerikan moduly adatdan daşary pes temperatura çydap bilmän, öz işini hemişelik bes etdi. Bu barada işläp düzüji kompaniýa Intuitive Machines habar berdi diýip, kommersant.ru belleýär.
“Uçuşy dolandyryjy hünärmenler çaklamalarynyň dogrudygy baradaky netijä geld...

Dowamy »

116 0
Täzelikler, 5 months ago


Bentley kompaniýasynyň ýolbaşçysy Aston Martin-e geçýär

Bentley metbugat relizinde kompaniýanyň ýolbaşçysy Adrian Hollmarkyň Volkswagen Group-dan gidýändigini mälim etdi. Onuň yzyny dowam etdiriji “öz wagtynda” yglan ediler. Bu barada ixbt.com belleýär.
Aston Martin kompaniýasy Adrian Hollmarkyň 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan gijä galman kompaniýanyň täze baş müdiri boljakdygyny tassyklady. Ol...

Dowamy »

109 0
Täzelikler, 5 months ago


Türkmenistanda ilkinji gezek sportuň täze fijital görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär

2024-nji ýylyň 1-6-njy apreli aralygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlar hem-de Açyk gapylar hepdeligi geçiriler. Bu barada TmCars-a ýokary okuw mekdeb...

Dowamy »

142 0
Sport, 5 months ago


Lenovo goşa ekranly Yoga noutbuklarynyň täze tapgyryny hödürlär

Lenovo 18-nji aprelde Lenovo Innovation Technology Conference-de Yoga 2024 enjamlarynyň täze tapgyryny görkezer diýip, mobile-review.com habar berýär.
Täze önümleriň arasynda Intel Core Ultra 7 155U prosessorly goşa ekranly Yoga Book 9 noutbugy bolar diýlip garaşylýar.
Bu noutbukda 60Hz täzelenme tizligi, 400 nit ýagtylygy we stilus g...

Dowamy »

130 0
Tehnologiýa, 5 months ago


Türkmenistanyň Bilim ministrligi daşary ýurtlarda berlen diplomlary ykrar etmek barada bildiriş çap etdi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurdumyzyň köp sanly raýatlarynyň ýüz tutmalaryny nazarda tutup, beýanat bilen çykyş etdi.
"Türkmenistanyň Bilim ministrligi «Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ý...

Dowamy »

208 0
Bilim, 5 months ago


Apple Presto: iPhon-yň iOS-yny indi gutusyny açmazdan täzeläp bolar

Apple Apple Store-nyň işgärlerine telefonyň gutusyny açmazdan, iPhone-nyň programma üpjünçiligini simsiz ulgam arkaly täzelemäge mümkinçilik berýän täze Presto ulgamyny çykarmaga taýynlanýar.
Bloomberg-iň wekili Mark Gurmanyň sözlerine görä, şeýle ulgam aprel aýynda ABŞ-nyň Apple Store dükanlaryna giňden ýaýrap başlar we “tomsuň başyna” çenl...

Dowamy »

142 0
Tehnologiýa, 5 months ago


Soňky 20 ýylda ilkinji gezek. Tesla Model Y Toyota Corolla-dan öňe geçip, dünýäde iň köp satylan awtoulag boldy

Toyota Corolla soňky 20 ýylda ilkinji gezek dünýäde iň köp satylan awtoulag diýen adyny elden gidirdi. Täze lider soňky ýyllarda uly meşhurlyk gazanan Tesla Model Y elektrik krossoweridir.
Focus2move-nyň berýän habaryna görä, Tesla Model Y-nyň satuwy 2022-nji ýyldaka garanda 50,8 göterim artyp, 2023-nji ýylda 1,15 million ulag boldy. 2003-...

Dowamy »

112 0
Täzelikler, 5 months ago


Täze Opel Astra hödürlendi

Opel Astra-nyň utgaşdyrylan güýç gurluşly täze wersiýasy hödürlendi diýip, quto.ru habar berýär.
Gibrid ulgam 1,2 litrlik benzin hereketlendirijisini, 48 woltlyk generatory we 6 tizlikli awtomatiki geçirijini özünde birleşdirýär.
Gurluşyň umumy kuwwaty 136 at güýji we çekiş batareýasy sürüjiniň oturgyjynyň aşagynda ýerleşýär.
1...

Dowamy »

138 0
Tehnologiýa, 5 months ago


TikTok howpsuzlyk meseleleri boýunça maslahat bermek üçin “ýaşlar geňeşini” döretdi

TikTok dünýäniň dürli ýurtlaryndan 15 ýetginjekden ybarat “ýaşlar geňeşini” döretdi. Geňeş kompaniýa ýaş ulanyjylar bilen baglanyşykly howpsuzlyk we syýasat meseleleri boýunça maslahat berer. Bu barada gagadget.com habar berýär.
Geňeşiň döredilmegi TikTok-a gönükdirilen çagalaryň howpsuzlygyna abanýan töwekgelçilikler bilen baglanyşykly tank...

Dowamy »

109 0
Täzelikler, 5 months ago