Ata Watan
“Çelsi” transfer üçin 1,1 mln dollar sarp etdi: bu zenan futbolynyň taryhynda rekord
ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň goragçysy Naomi Girmanyň “Çelsi” klubuna geçmegi zenan futbolynda rekord goýdy. Naomi bu kluba “San-Diegodan” 1,1 mln dollara geçdi we bu zenan futbolynyň taryhynda iň gymmat transfer boldy.
Şertnama “Beý FK” klubunyň hüjümçi Reýçel Kundananjini satyn almagy bilen goýan öňki dünýä rekordyny täzeledi. Klub şonda şer...
Xiaomi meýilnamasyndan öňde barýar: 150 müň SU7 eýýäm ýola çykdy
Xiaomi öz meýilnamasyndan öň geçip, 150 müň SU7 elektrik ulagyny üstünlikli ulanyşa iberdi. Gazanylan üstünlik barada kompaniýanyň başlygy Leý Sýun habar berdi.
CnEVPost-yň maglumatyna görä, kompaniýa geçen ýyl 139 547 sany SU7 sedanyny ibermegi başarypdy. Resmi taýdan kompaniýa 2024-nji ýylda 135 000 ulagyň gowşurylandygyny habar berdi. Şu...
2024-nji ýylda ulanyjylar emeli aň programmalaryna 1 mlrd dollar sarp etdi
Emeli aňyň esasynda tehnologiýa pudagynyň ösmegi haýran galdyryjy mümkinçilikleri hödürleýän köp sanly täze hyzmatlaryň we programmalaryň döremegine getirdi. Ykjam segmentde Google bilen Samsung bu tehnologiýany çalt ornaşdyrmakda öňdebaryjy boldy.
Täze hasabata görä, emeli aňy ulanýan programmalar hem, öz gezeginde, sarp edijileriň bu progr...
Google galp teswirlere garşy göreş çärelerini güýçlendirmäge mejbur edildi
Britaniýanyň monopoliýa garşy düzgünleşdirijisi Google-yň galp teswirlere garşy göreşi güýçlendirmek hakynda şertnama baglaşmagyny gazandy. Kompaniýa sarp edijileri we dogruçyl işewürligi goramak üçin birnäçe çäreleri görmäge borçlandy.
Bäsdeşlik we bazarlar guramasy (CMA) galp onlaýn teswirler boýunça 2020-nji ýylda başlanan derňewi tamamla...
Toyota düýbünden täze platformada gurnaljak Previa miniweniniň üstünde işläp başlady
Toyota Previa/Estima-nyň dördünji nesliniň üstünde işläp başlady. Bu awtoulag düýbünden täze platformanyň esasynda gurnalar we 2027-nji ýylda satuwa çykarylar diýip, ýapon Best Car Web neşiri habar berýär.
Ilkinji tapgyrda täze Previa/Estima üçin esas hökmünde e-TNGA platformasynyň ulanylmagy göz öňünde tutulýardy. Bu platforma Toyota bZ4X,...
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady
Şu gün Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli Prezidenti Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini gutlady.
"Bu baýram eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimizi...
Serdar Berdimuhamedow awstraliýalylary ýurduň milli güni mynasybetli gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatory hanym Samanta Mostine ýurduň milli baýramy — Awstraliýanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany General-gubernator hanym Samanta Mostine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Awstrali...
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryny Respublika güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky yzygiderli pugtalanýan hem-de kämi...
ABŞ-nyň aragatnaşyk operatory Galaxy S25 Ultra-ny we Galaxy Watch FE -ni mugtuna diýen ýaly paýlaýar
Amerikanyň “AT&T” aragatnaşyk kärhanasy bähbitli aksiýany goýberdi. Indi täze flagman Samsung Galaxy S25 Ultra smartfonyny trade-in programmasy boýunça mugt alyp bolýar. Köne smartfony, mysal üçin, 128 GB ýatly Samsung Galaxy S24-i tabşyrsaňyz, operator ony 1300 dollar bahadan satyn alýar, bu bolsa täze Galaxy S25 Ultra-nyň bahasyny ýapýar.
...
Apple-iň baş direktory Tim Kuk “Bölünişiň” 2-nji möwsüminiň mahabatynda surata düşdi
Apple-iň baş direktory Tim Kuk “Bölüniş” teleserialynyň ikinji möwsüminiň mahabatynyň baş gahrymany boldy. Taslamanyň direktory Ben Stiller wideony sosial ulgamda paýlaşdy.
"Şu gün irden täze ýigide ofisini tapmaga kömek etdim" – diýip, Stiller wideonyň çap edilmegine teswir berdi.
Bir ýarym minutlyk wideoda baş gahryman Mark Stautyň...
Fujitsu dünýäde iň ýeňil noutbugy çykardy - FMV Note U
Fujitsu kompaniýasy dünýäde iň ýeňil noutbugy – FMV Note U modelini hödürledi. Bu noutbugyň agramy bary-ýogy 0,85 kg bolup, ýylyň başynda Asus tarapyndan hödürlenen 0,98 kg agramly Zenbook A14 modelinden örän ýeňil we güýçli diýip, Gizmochina habar berýär.
FMV Note U modeli 14 dýuýmlyk, 1920x1200 piksel durulykda, ýalpyldama garşy ekran bile...
Türkmenistanda şu hepdede gar gatyşykly ýagşyň ýagmagyna garaşylýar (27.01 - 02.02)
Gidrometeorologiýa baradaky gulluk Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda maglumat berdi.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda...
Halaç etrabynyň ýaşaýjylary biometriki pasportlary migrasiýa gullugynyň Kerki etrap bölüminden alyp bilerler
2025-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ýaşaýjylary Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny almak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölümine ýüz tutup bilerler. Bu barada Döwlet migrasiýa gullugy habar berýär.
Watan goragçylaryn...
Inženerler emeli «kebelek ganatlaryny» döretdiler
Germaniýaly alymlar kebelekleriň ganatlarynyň hereketlerinden ylham alyp, elektroniki gurluşlar bolmazdan işleýän magnit ganat tehnologiýasyny işläp düzdüler diýip, Tech Xplore neşiri habar berýär.
Darmştadt tehniki uniwersitetiniň we Gelmgolts Drezden-Rossendorf adyndaky Merkeziň inženerleri magnit meýdanlary arkaly işleýän robot ganatlary...
Xiaomi, Redmi we Poco smartfonlarynyň 15 modeli üçin möhüm täzelenme çykdy
Xiaomi ýanwar aýyndaky howpsuzlyk programma üpjünçiligini çykardy. Bellenilişi ýaly, bu täzelenme öňki gowşaklyklary aradan aýyrýan hem-de Android operasion ulgamynda we HyperOS interfeýsinde durnuklylygy ýokarlandyrýan örän möhüm täzelenme bolup durýar.
Patç Xiaomi, Redmi we Poco smartfonlarynyň 15 modeli üçin niýetlenendir:
Redmi No...
Söwda-senagat edarasy türkmen telekeçileri üçin daşary ýurtlarda geçiriljek sergileriň sanawyny çykardy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2025-nji ýylda daşary ýurtlarda geçiriljek esasy halkara sergileriň, ýarmarkalaryň we forumlaryň sanawyny çap etdi.
Türkmen telekeçileriniň dykgatyna niýetlenen sanaw edaranyň resmi saýtynda elýeterlidir.
Esasy çäreler:
Eýranda we Hindistanda geçiriljek sergiler/ ýarmarkalar aýratynlykda höd...
Serdar Berdimuhamedow dokma senagatynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek teklibini makullady
Wise-premýer N.Atagulyýew Hökümet mejlisinde dokma senagaty kärhanalarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda edara-kärhanalaryň onlarçasy hereket edip, olaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak babatda zerur i...
2025-nji ýylda Türkmenistanda maýa goýumlaryň gönükdiriljek esasy taslamalary mälim edildi
24-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Maksatnamanyň taslamasy Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik hem-de Mali...
Toyota täzelenen Wildlander-y tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Ol RAV4-iň ekiztaýy hasaplanýar
Toyota kompaniýasy aprel aýynda Şanhaý awtoulag sergisinde täzelenen Wildlander krossowerini hödürlemäge taýýarlanýar. RAV4-iň ekiztaýy hasaplanýan bu ulagyň "doganyna" garaşýan üýtgeşmeler barada düşünje bermegine garaşylýar.
Toyota Wildlander 2019-njy ýylyň ahyrynda tanyşdyrylypdy we 2020-nji ýylyň başynda Hytaýda satuwa çykaryldy. GAC-Toy...
Google-yň Gemini emeli aňy indi birbada birnäçe programma bilen işläp bilýär
Google kompaniýasy Gemini emeli aň kömekçisiniň mümkinçiliklerini giňeldip, oňa birbada birnäçe programmalar bilen işleşip, çylşyrymly ýumuşlary ýerine ýetirmegi öwretdi. Täze funksiýa barada Samsung Galaxy S25 smartfonlarynyň çykmagy bilen yglan edildi. Bu smartfonlarda Gemini esasy kömekçi bolar diýip, The Verge habar berýär.
Indi Gemini h...
SpaceX Falcon raketasynyň birinji basgançagyny 400-nji gezek üstünlikli gondurmagy başardy
21-nji ýanwarda SpaceX Starlink hemralaryny Falcon 9 raketasy arkaly Ýere golaý pes orbita uçurdy. Takmynan 8 minutdan soň raketanyň birinji basgançagy şowly ýagdaýda Ýere dolanyp geldi we Atlantik ummanynda ýerleşýän ýüzýän platformasynyň üstüne gondy. Şeýlelikde, SpaceX Falcon raketasynyň birinji basgançagyny 400-nji gezek üstünlikli yzyna gondur...
Canon 410 MP çözgütdäki 35 mm ölçegli täze sensoryny tanyşdyrdy
Canon Inc. kompaniýasy 410 megapiksel çözgüt bilen işleýän 35 millimetr ölçegdäki sensory döredendigini mälim etdi. Bu şeýle formatdaky sensorlar üçin rekord derejedäki çözgütdir. RGB we monohrom (bir reňkli) görnüşlerde elýeterli boljak täze önümiň, senagat hem-de ylmy pudaklarda we ýokary derejede takyk çözgüdi talap edýän ugurlarda ulanylmagyna...
ChromeOS-da ýüzüň hereketi bilen kursory dolandyrmak mümkinçiligi döredildi
Google ChromeOS-a ulanyjylar üçin amatly we platformanyň elýeterliligini ýokarlandyrýan birnäçe täze aýratynlyklary girizdi. Şolardan biri, kompýuteri ýüzüň mimikasy (hereketi) arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berýär diýip, The Verge neşiri habar berýär.
Bu emeli aň esasly aýratynlyk, hereket ukyby çäkli adamlara niýetlenip, 2024-nji ýylyň d...
Volkswagen Ýewropadaky daşky gurşaw bilen bagly täze talaplar sebäpli bir ýylda 1,5 milliard ýewro ýitirer
2025-nji ýylda Volkswagen konserni Ýewropa Bileleşigi tarapyndan girizilen daşky gurşaw bilen bagly täze kadalar sebäpli 1,5 milliard ýewro ýitgi çeker. Bu barada nemes awtoulag konserniniň maýa goýujylar bilen gatnaşyklar bölüminiň ýolbaşçysy Rolf Wollere salgylanýan Bloomberg habar berýär.
Ýitgileriň diňe bir CO2 zyňyndylarynyň maksatly gö...
Hytaýly zenan bir minutda 44 gezek turnik çekip dünýä rekordyny täzeledi
Hytaýly zenan bir minutda iň köp turnik çekmek boýunça täze dünýä rekordyny goýdy diýip, UPI ýazýar.
44 ýaşly hytaýly fitnes-bloger Sýe Tin bir minutda 44 gezek turnik çekip, Ginnesiň rekordlar kitabyna öz adyny ýazdyrdy. Bu netije resmi taýdan Hytaýyň Guandun welaýatynda hasaba alyndy.
Öňki rekord 2022-nji ýylda bir minudyň dowamynda...