Aýralygyň çatrygynda durus biz,


Ýol dyknyşyk, swetafor gyzylda.


Agyr degjek eken heniz giribem


Ýetişmedik ýüregiňden pyzylsaň.





Aýralygyň reňki gözüni gyrpyp,


Gyzyl çyra öwrülende ýaşyla.


Ne per berdiň, ne ýer berdiň göwnüňden,


Dazlap gitdiň, pursat goýman aşyga.





Yňdarlan ýoluňdan saklara seni,


Deramat galmady, läläm.., galmady.


Gidişiň tiz kömek maşyny ýaly


Ýol bermekden başga çäräm galmady.

***
Sowuklyk.

Gülkiň nämedigin unudypdyryn,

Ýanymdakaň şatlyk bilen jebisdim.

Ýoklugyňda gursagyma sygmadyk

Gara derdi ak kagyza egisdim.



Güneşli Asmany gaplap bulutlar,

Kem ýaly bolup dur, sensiz birzadym.

Köp zat islemedim, her gün sesiňi

Birje gezek eşitsemem yrzadym.



Barlygyňam kalbymy kän gozganok

Oňa sepeläpsiň hili pes awy.

Ne-hä öňküler deý gürleşip bilýäs,

Ne-de gürrüň edip bilýäs mesawy.



Bilmedim, biz gaçjak bolup uçgundan

Oda düşüp, uçradykmy kyna ýa?

Aşyklaň rakyby hijran hanjaryn

Enteklerem salanokmy gyna ýa?

Indi meni diňe ýoklugyň däl-de,

Bar wagtyňam sowuk söýgiň gynaýar.


***
Çykalga.

Ýaşyrmaýyn, özüme däl, göwnüme

Durmuşymda bir zatlar-a kem diňe.

Şuwagt «açar sözüm» bilmän otyryn,

Unutmaklyk öwrülipdir endige.



Ýigrim bäşde, juwan ýaşda bir siltäp

Ykbal maňa täze endik tapdyrdy.

(Köwüş pilçäň gözleginde şuwagtam,

Köplenç iki barmagymam dözmämsoň,

Ýumşap gitdi aýakgabyň apgyrdy).



Tutunmadym.

Ýöne maksat tutundym,

Olam kiçi göwne uludan ýaly.

Adyňy «açar söz» edip ulanjak

Unudar ýaly.


Baky Amanýazow.

Edebiýat, Nirvana tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir