Menden gaty görüp, öýke etme, ýar, Belki, oňuşarys öýke-kinesiz?! Seni ynjydaýsam daňym atmaýar, Ukymam tutanok, uzak gijesi. A:ýam ýylgyranok, maňa öňki deý, Ýyldyzlaňam reňki biraz öçügsi. Tukatlyk, ümsümlik hem garaňkylyk — düşüp barýar, ýüregme şu üçüsi. Hany, öňki şuwlap ses edýän ýeller, Maşynlaňam indi gelenok sesi. Sülleripdir, penjirämdäki güller, Ga:lan ýaly, ýaşaýyşdan höwesi. Uzat eliň, bu tümlükden ezizim, Çykar meni, ýagtylyga hiç kimsiz. Tukatlyk, ümsümlik hem garaňkylyk — goý, indi-hä, ikimizden çekinsin! Belki, artykmaçrak hereket edip, Senem meň göwnüme degäýseň kemsiz, Bagyşlaryn! Çünki ezizim seni Söýýärin, söýýärin, söýýärin çensiz! Eger ikimizem şeýdişip ýörsek, Bagyşlamaga-da, bolup ýüreksiz. Men-ä bu kenarda, sen bolup onda, Ýaşap bilerismi birek-bireksiz?! Belki, menem ýaşap bilerin sensiz, Belki, senem ýaşap bilersiň mensiz. Ýöne sen maňa howa deý gerek, Men nädip ýaşaýyn, aýt, hany, demsiz?! Menden gaty görüp, öýke etme, ýar, Belki, oňuşarys öýke-kinesiz?! Seni ynjydaýsam daňym atmaýar, Ukymam tutanok, uzak gijesi. ⓒ Perhat H.

Köneler, Nazaryyett tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir