Men goşgy ýazaryn, ýazaryn aýdym, Daglaryň başyna ýetirip waspyň. Megerem tapmaryn sen deý gözeli, Söksem-de zeminiň üstüni-astyn. Men goşgy ýazaryn, ýazaryn aýdym, Säherler şemala tutup ýüzümi. Eger duýgularym bir deňiz bolsa, Şol mawy deňiziň sensiň özeni. Men goşgy ýazaryn, ýazaryn aýdym, Ýakyn etmek üçin ara-daşlygy. Endik bolup barýar, sensiz gyzaryp — Şapagyň dogmagy, Günüň ýaşmagy. Men goşgy ýazaryn, ýazaryn aýdym, Ýaýyp kalbymdaky yşkyň heserin. Meni ýatlan çagyň sypamak üçin Saçlaryňy, şemal bolup öwserin. Saçlaryň hakynda, gözleriň hakda, Gaşlaryň hakynda, sözleriň hakda, Hem söýgim hakynda urýan gursakda, Päk duýgymyzy edinip baýdak, Men goşgy ýazaryn, ýazaryn aýdym! © Perhat H.