Men seni şeýle bir söýesim gelýär, Ýylydasym gelýär sowukly gyşda. Ýalňyz wagtyň, bolup men seniň hemraň, Saýawan bolasym gelýär ýagyşda. Men seni şeýle bir söýesim gelýär, Bagş edesim gelýär tutuş dünýäni. Garaňkylyk gurşap alaýsa ýoluň, Ýagtyldasym gelýär, misli Gün ýaly. Men seni şeýle bir söýesim gelýär, Ähli ýamanlykdan gelýär gorasym. Derde uçranyňda melhemiň bolup, Bejeresim gelýär derdiň ýarasyn. Men seni şeýle bir söýesim gelýär, Bagt beresim gelýär päk söýgim bilen. Ömrüň ajysyny hem süýjüsini, Geçiresim gelýär seň bilen bile. Men seni şeýle bir söýesim gelýär, Söýemde geň galsyn söýginiň özi. Armaýyn söýmekden, armaýyn, gülüm, Gaýtalap aýtmakdan men hem şu sözi. Hawa, etsemim kän, has goýsamymdan, Goşgy bolup çykýar söz gursagymdan. Netije çykardym, oýlap salymdan — MEN SENI ŞEÝLE HEM SÖÝÝÄN EKENIM! ⓒ Perhat H.