Bu gün sözler jylawsyz atlar ýaly... Öňler ynsanlar üçin aglardym. Hasam ýaşlar üçin aglardym. Gyzlar üçin aglardym. Edil böwrüme saplanan pyçak ýaly ýaralaýardy gözlerimi köçede işleýän gyzlar. Sowuk gyş howasynda köçäň çetinde sübse bilen palçyk süpürýän eneler, olaryň çagajyklary üçin aglardym. Edebiň, haýanyň, namysyň, hakykatyň aramyzdan ýuwaş-ýuwaş gaçyp barşyna aglardym. Ukyma, ýaşaýşyma siňipdi bu duýgular. Edil neşekeş ýaly baglydym bulara... Utanardym barlygymdan. Hudaýyň öňünde ýazgarardym öz-özümi...
Bu duýgy birden öldi. Saňa pida etdim. Seni hemişe synlap oturmak üçin, söýgä pida etdim bu duýgulary. Sözlerimi “Bas!” diýip atdym seniň aýagyň aşagyna. Bu pida edilen zatlaryň kabul ederden juda uludygyny men nireden bileýin, serwim?! Men seni şeýle bir ýürekden söýüpdirin ahyry...
Iki duýgy
-
Pegas
2 years ago
- @Nirvana, keýpine.
-
Ahmedik_97
2 years ago
- @Pegas, virtual bilen realy baglanyshdyryp bilmedim. Sherapdan durdaneler, keypi-sapadan namyslaryn doreyshi oran tasin...
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Mowzuga gelsek, shol ikinji duygyn birinji duygydan habary yok oydyan?!...
-
Pegas
2 years ago
- @Ahmedik_97, şerap, keýpi-sapa niresinde bar oýlanmaň?
-
Ahmedik_97
2 years ago
- @Pegas, oylanma ikinji teswirim degishlimika oydyardim. Sen welin, ilkinjinem kabul edipsin. Ilkinji bashga manyda yazylan, dushunibem dushunmedik bolmazlyk bir hili gelshiksizrak dalmi?!...
-
Pegas
2 years ago
- @Ahmedik_97, meň düşünip-düşünmedigimi sen meň özümden gowy bilýäň öýdýän?! Meň üçin nämäň gelşiksizligini hem meň özüm gowy bilýän. Näme üçin men seň ikinji teswiriňe üns bermeli-de, birinjiňe üns bermeli dälmişim?
Nirvana 2 years ago- Temaň ady näme üçin “Iki duýgy” diýip atlandyryldy?!