Düýn bir dizaýneriñ öýüne bardym,
Hemem sargyt etdim geñiräk köýnek:
-Modasy ýitmeýän, hemmä gelişýän,
Hemem ýeñil düşsün gyş, ýazda geýmek.

Bolsun bahasy-da hemmä amatly,
Şeýle köýnek tikip bolarmy? - diýdim
Soragy bersemem, beripdim welin,
Jogabyna goşup tokmagam iýdim:

-Ol köýnek eýýäm bar, ady hem "kepen¹",
Gerek bolan wagty aýlanaý - diýdi.
Geýmiñ bahasyndan utanan wagtyñ,
Şol hakynda köpräk oýlanaý - diýdi.

1. Kepen - Adam iň soňky ýoluna ugradylanda dolanýan 12 metrlik biz mata.

Kerim Hally

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir