söýýän mahalyň unutmak diýmek näme? örän güýçli we jogapsyz söýen pursatyňda? haçanda özüňi dolulygyna oňa sowgat bermek islän pursatyňda. ol hakda elmydama pikir edeňde: “nähilika ol şuwagt? näme bilen meşgullanýar? oňa kyn däldirda herniçik? sen hakda iň bolmanda birje gezek ýatlaýarmyka?..”. ol hakda sen elmydama pikir edýäň: ir bilen oýanaňda, huşuňda, ýatjak bolaňda, sebäbi ol ýekeje, mähriban, aýratyn... onuň ajylary seňki bolmagyny isleýäň, sebäbi ol şeýle ajaýyp adam, ol hiç hili jebir-jepa mynasyp däl ahbetin, ol diňe bagtly bolmaly we diňe bagtly...şeýle adamy nähili unudyp bolar? saňa herkim bu hereketleriň bir akmaklyklyk, nädogrydygyny ýaňzydýarlar, çünki ondan başgada dünýäde millonlarça gyzlaryň barlygy, olaryň mundan hem ýaş hem gözeldigi, iň esasy zat hem olaryň seni edil seniň ony söýüşiň ýaly söýjekligidir... nähili unutmaly? her kimde onuň keşbini tapjak bolmaklygy, oňa umydigär garaşmaklygy nädip kalpdan ýok etmeli... elbetde hemme pikiriňi işe ýa-da okuwa gönükdirseň, özüňi surnukdyryp hemme zada biparh seretdirseň, ol duýgulary kalbyň iň içki bölegine itekläp ol ýerde ýerläp bolar... emma bu çykalga däl ahyryn... bu diňe seniň ýok bolmagyňdyr... aladalar seni ýekeligiňden halas etmän, gaýtam hasam ony çylşyrymlaşdyrarlar... ine bir gün sen başardyň, unutdyň, söýgini ýerlediň, gutuldyň diýip pikir eden mahalyň, sende giden bir boş wagt peýda bolýar... mysal üçin keselhana düşýärsiň we saňa meşgullanara zat bolmaýar... şol pursat kalbyň iň içki böleginden öten duýgularyň ýuwaş yuwaşdan, has batlanyp, möwç alyp täzeden alowlanýar. gaýgy-hasrat, ejir-jepa ýene seniň kalbyňy gurşap alýar, we ýene ol... ol ýene seniň pikirleriňe eýe bolýar... diňe şol we başga hiçkim... sen ýatlaýarsyň, syzýarsyň, hasrat çekýärsiň, söýýärsiň we... we sen arzuw edýäň... ikiňiz bile bomagyňyzy arzuw edýärsiň, hijem bolup bilmejek geljek hakda meýiller gurýarsyň. ýüregiň iň içkin tarapynda sen bu hakykaty syzýarsyň, düşünýärsiň we muňa akyl ýetirip, hasrat çekýärsiň, öran agyr hem sitemli hasrat.. ol seni içiňden ýakýar, bogýar. seniň ajap gözleriňden akýan ýaşlar seniň teniňi syryp geçýär, sen aglaýarsyň we näme üçin aglaýandygyňy aslynda özüňem düşünmeýärsiň... ýaşlar boýur-boýur ýöneje akýar, saňa ezýet baryn çekdirip...sen tukatly, kalbyň para-para, ýalňyz... her salym sen onuň gözlerini, näzik ellerini we tenini, onuň örän mähirli, ýakymly, ýa-da tersine örän islegli we alowly posalaryny ýatlaýarsyň. sen diňe onuň ýanynda oturaňda, özüňi şeýle ajaýyp duýandygyňy, ýanandygyňy syzýarsyň we ýatlaýarsyň... indi bolsa bularyň hijisem ýok... sen bu giden dünýäde ýalňyz we hiç kime gerekli däl... ýürek paralanyp iňleýär bu pursat... daş-töweregi gaýgy, geljege umytsyzlyk, hasrat gaplap alýar. söýýän adamy neneň unudyp bolar?...
Söýýän adamy neneň unudyp bolar?...
-
Ibragimov
13 years ago
- hakyky soyguni kalbyndan yagny yureginden chykaryp bilmersin hich hachanam.
-
trabzonlu
13 years ago
- geçmiş gurban bayramynyzam mubarak bolsunam
imperator salam neçe zamanam yazylarynam hasrat galan boldum a sukur
gozel aydylanam temany nahili dusunip bolmaly
yokary tukursaman murt asagy tukursanam sakkal
nahylly aydsaman senem
bahçamda byr gul boldu soo gul yuregimdanam yasayanym boldu
dusunsanam byr bedenem war yasamayar
o gulun kokunam torak bolsunam.
garynja hacca hajy bolmaga yola goyulan zamandanam hazrati suleyman gulen boldu eyyy garynja senem nasylam warasanam kabeyem
garynja gulen boldu menem waramaz bolsamdanam soo yoldada ölenim bolar a
soygiyi aydsanam bos toke yasayyp gormaganyndanam anlayanynnok
kelebegin aşkyny esiten boldunmu aydayyn
kelebek atasyn nuruna aşyk bolan boluptur
atasyn özuni yakyp öldurajagynam gore gore ozunam atasa salyp yanyyar
waryp yanayyn -
gusuruma bakman imperator
-
balochka
13 years ago
- imperator sholar yaly soyyan oglan bar bolsa,soyen gyzy bn bagtly bolmagyny isleyan.unutmak bolmaz.oglan basga birini soyaysede yurekden bolmaz.shonun ucinem unutmak barada pikirem etmeli dal!
-
SerJon
13 years ago
- Imperator, sen hindi kino koprak goryan oydyan? Ya sen turkmen dilini owrenen Shahrukh khanmy? :)
-
trabzonlu
13 years ago
- imperator salam
gej bulan boldum tez yitiren boldum 2 aydan son ne wakyt azyp goren bolursanam ?
aydan zadlarynnam kellemi agyrdp
mahriban kim bolanyny aytsanam ?
kim kimi soygwen bolanyny aytsanam?
ataşy unalandanam dumany turkmenistan danam
nenene aydanynnam bolsun
unutulanlar unutanları asla af etmezler-
şeylekinem
unudup bolanlary unudulup bolanlarynam hemme wakyt unudup bolmayareke
dinmesin gözlerinden pırıl pırıl arzuwlar
eksilmesin yüyünden o tebessüm o bahar
tanrım seni korusun kem gözlerden sakınsın
ağartmasın saçını o geçen zalim yıllar
sen guzel bir kelebek sen nadide bir çiçek
sana olan bu aşkım inan hiç bitmeyecek
tanrım seni korusun kem gözlerden sakınsın
ağartmasın saçını o geçen zalim yıllar.
-
ruqaya
13 years ago
hakyky soyguni kalbyndan yagny yureginden chykaryp bilmersin hich hachanam. :D
-
bluetooth
13 years ago
- imperator yazanlana sag bol yone shu jogap berenlen ka-birine welin dushunmedim nesip bolsa menem TURKÇHANI owrenmesem bolmaz bular sowsede-soysede dushunemok.
-
trabzonlu
13 years ago
- bluetooth salam arkaimbol gowy yazyman
-
dayaw
13 years ago
- imperator soygi hakdyr.yone oz durmusyny yatdan cykaryp soymek gerek dalmika diyyan. bu soygiden oň senin yanynda aladasyny etmeli enen atan bar solaryn soygisi bilen hem mesgul bolmaly. olary yatdan cykaryp dine gyzyn soygisi bilen bolsan onda yalnysarsyn.
-
Bayrammurat
13 years ago
- Тувелеме языжы болуп гидипсиниз.
-
jeyn91
13 years ago
- salam imperator. sen ozun shul yagdaya dushup gordunmi yada liriki oylanmamy bu?yone gaty gowy yazypsyn sozum yok 1numara super.
-
Auditor
13 years ago
- Tuweleme durshunz bn talandou
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- hi hi bluetooth betje lakamjygyñ bar! Imperator sen cyndanam Romeomy ya-da bu temany yöne yazdyñmy?
-
Toty
13 years ago
-
Istambul
13 years ago
- perijik ol hakyky "romeo" bolaymasa.
Maykl 13 years ago- Hakyky soygi ayralyk bilen unudylmaz.