Garajaoglanyñ goshgularyndan: Gara dälmidir? Maña gara diyen gelin, Gözleriñ gara dälmidir? Özüni söydüren gelin, Gashlaryñ gara dälmidir? Gözel, men seni islärin, Gül bile seni beslärin. Ay yüzüñi höwerlärin, Zülpleriñ gara dälmidir? Boyuñ uzyn, biliñ ince, Yañaklary bolmush gunca. Seret göwse düshen saca, Örümi gara dälmidir? Utanar men, akar derim, Görküñe tay yokdur, perim. Iñ owadan görgen yerim, Saclaryñ gara dälmidir? Maña gara diyip yörme, Möwlam yaratmysh, har görme. Ala göze syya sürme, Çekdigiñ gara dälmidir? Hindi, Yemenden cekiler, Iner Bagdada döküler. Dürli tagama sepiler, Garaburc gara dälmidir? Köllere ak guwlar geler, Ak göwsünde, gara meñler. Müsürde coh baylar bolar, Gullary gara dälmidir? Ceshma gonan ak guwlaryñ, Ganaty görki suwlaryñ, Cöldäki arap begleriñ, Cadyry gara dälmidir? Iller kändir gonup-göcen, Läle, sünbulden don bicen, Aga-begler söyüp icen, Kofeler gara dälmidir? Öy öñünden suwlar akar, Gözelleri göze bakar, Huplar saclaryna dakar, Sünbüller gara dälmidir? Garajaoglan diyer, inshalla, Görenler diysin: "Ey, Alla!", Gara donly ol Beytulla, Örtüsi gara dälmidir? Gara dälmi? Gelin, maña gara diyme, Gashlaryñ gara dälmidir? Dal gerdene düsher sacyñ, Saclaryñ gara dälmidir? Hany Isa, hany Musa, Sherbedi ezerler tasa, Musadaky zeytun hasa, Dessesi gara dälmidir? Guzay sacyñ burma-burma, Öldürdiñ, garshymda durma, Gara göze gara sürme, Çekdigiñ gara dälmidir? Garajaoglan, biyr salamy, Dilinde Hakyñ kelamy, Ak kagyz üste galamy, Yöreden gara dälmidir? Gara imesmi? Juwan, meni gara diyr sen, Gashlaryñ gara dälmidir? Dar gerdene aralashgan, Zülpleriñ gara dälmidir? Men özüm Hakyñ ashygy, Miyesser boldy magshugy, Ak yüzüniñ yarashygy, Saclaryñ gara dälmidir? Syya zülpiñ ujun örme, Bizi dogry yoldan burma, Galam gasha gara sürme, Cekilen gara dälmidir? Oturup sherap icerler, Goc yigit serden gecerler, Tagam üstüne sacarlar, Garaburc gara dälmidir? Gyzyl güller desse-desse, Yshgyñdan men boldum hassa, Ak yüzüñde besse-besse, Hallaryñ gara dälmidir? Acylan ucmah ishigi, Äleme düsher yshygy, Hasan, Hüseyniñ beshigi, Örtügi gara dälmidir? Garajaoglan, älemi, Men Haka berdim salamy, Ak kagyz üste galamy, Yazylgan gara dälmidir?

Köneler, Goool tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir