Bir gün Allaguly han ir ikindinler ,ýaňy garaňky gatlaşanda ukudan oýandy.Bimahal ýatyp, bimahal turany üçinemi, ýa-da şeraby aşa köp içeni üçinmi, garaz hanyň haly teňdi.Ỳüzünden gar ýagýardy.Hanyň keýpini , onuň daşyna hozanak bolýardylar. Öňüne çaý getirildi.Han “ Ỳok ediň “ diýen manyda elini salgady.Gyzlar öňünde oýnap başlady.Han birneme imrijek ýaly etdi-de, olara-da “ ýok bolsun “ diýip, elini salgady.Hyzmatkärler name etjeklerini bilmän elewreşdiler.Allaguly han, agzyny ýokaryk tutup yzly-yzyna pallady.Onsoň hyzmatkärlerine gözüni agdaryp seretdi-de, elini dutar kakýan ýaly hereketlendirdi.Şo bada Hajy sazanda häzir boldy.Sazanda dutaryny düzüp, çalyp başlady.Kaşaň köşkde dutaryň sesi has güýçli ýaňlanyp gümmürdedi. Esli salym çalansoň han elini salgap sazandany saklady : -- Hany, sazanda, bu çalýan sazlaňy men öňem ýüz gezek eşidim.Täzesini çal, täze -sini ! heniz eşitmedik sazlamdan, düşündiňmi ? Sazanda dutaryň gulagyny towlap, has belent heňlere tutdurdy.Han ýene-de elini salgady.Dutaryň sesi tapba ýatdy. -- Hajy ýeser, sen ýesersireme-de meň diýýän sazymy çal ! -- Syzyň diýýäniňiz haýsy sazdyr hökümdar ?Adyny aýdyň ahyry. --Ynha men ýaňy ýatyrkam gulagyma bir owaz geldi.Ana, şol owaz iňňän şirin owaz ekeni.Ana, şony çalyp ber maňa, Hajy ýeser ! Düşündiňmi ? …. -- O nä owazdyr hökümdarym ? Han zöwwe ýerinden galyp heňkirdi : -- Şony bilmeseň, sendenem bir sazanda bolarmy ? Hanyň dikdüşdüligini edip, gazaba münendigini gören sazanda eşidilmedik owazlary gözläp, gör, nirelere tutdyryp barýardy.çalyp oturşyna hanyň ýüzüne-de göz aýlaýar- dy.Hanyň ýüzi käte ýagtylajak ýaly edýärdi-de, ýene-de öňkidenem beter çytylýardy. -- Bes et !!! .. Jellat !!!! …. Eli aýpaltaly,ýüzi gara örtükli iki sany maxluk gelip, hanyň öňünde tukga ýatdy. -- Hajy ýeseriň kellesini alyň ! Senden sazanda bolmaz ! Barybir möhleti dolansoň gitjekmiş.başga ýerik baryp bir saz çalmasyn.Kesiň başyny ! Jellatlar dikelip, Hajy sazandanyň hersi bir gapdalyna geçdi-de, aýpaltalaryny ýoka- ra galdyryp, buýruga garaşdylar. -- Hajy ýeser, iň soňki sözüňi ayt ! .. Onsoň …. -- Aýtsam, han, bi ýerde, kelle alar ýaly, meň günäm name ? şoni bir ilki aýat… Ỳaňky çalan sazymy sen hiç haçanam eşiden dälsiň.mende nä günä bar ? -- Sen ukuda ýatyrkam gulagyma gelen owazy çalyp bilmediň. Ine, seň günäň, düşündiňmi ? -- Onda han, gel ikimiz bir zady şertleşeli. -- Aýt şertiň bolsa tizräk ; -- Aýtsam han, sen maňa ýekeje gije pyruja ber.Ertesi seň diýýän sazyňy çalyp bilmesem, onsoň meniň kellämi alaý.Nähilli görýäň ? -- Bolýa, men saňa ertire çenle möhlet berýärin. Ana, şol pyruja berlen gije sazanda öz şägirdi bilenbir saz döredipdir.Ol saz hem pajygaly,hem buýsançly,hem begençli,hem gynançly saz bolupdyr. Ertirsi Hajy sazanda Allaguly hana şol sazy çalyp beripdir. Bolsa-da sazandanyň bir gije-de döreden täsin sazy hany haýran galdyrýar.Ỳöne Allaguly han namartlyk edipdir. -- Meniň köşgümden başga şular ýaly ajaýyp saz ýaňlanmasyn—diýip, Hajy sazan- danyň barmaklaryny kesipdir. Şondan soň, Hajy saz çalyp bilmändir.Ỳöne onuň hanyň gazaby astynda döreden sazyny şägirdi ile ýaýradypdyr.Özem sazandany adyna hem onuň maýyllygyna baglanyşdyryp, ol saza, “ HAJYGOLAK “ diýip at dakypdyr.
HAJYGOLAK
-
Bravo
14 years ago
- Esdpdm. Halypam {yatan yeri yagty bolsun!} rowayatyny aydp beripdi. Gow saz. Esdp gordm, yone yadmdan cykdy.
-
bluetooth
13 years ago
- mana gyzykly sizem name diyseniz shony diyin
-
Leylisa
13 years ago
- Name hakta yazyptyr korotko aydayinda okomana yaltanyan
-
arapreyhan
13 years ago
- selwi akillija bol,tarihdan utanyarmin ?elbetde biryerlerden alyarin yazyan zatlarimi ozum duzemok,sen duzyanem bolsan sana berekella..
-
Leylisa
13 years ago
- Dost yaltanman yazyanmi
selwi 14 years ago- yurege dusdunle legendelan bilen. ssylka berde gutarda nirden gocuryanem bolsan goma.