Muhammet Fethullah Gülen Hojaýefendi Soňsuz Nur Kurandan gaçyş Pygamberimiziň häzirki döwri suratlandyran ýene bir hadysynda "Kuran okamak utanç bilnip, yslam hem geň görülýänçä kyýamat gopmaz" diýýär. 136 Käpirler bidinligi aç-açan yglan edýärkä, musulman kişiler musulmandygyny aýtmaga utanyp, aýply ýaly müýnürgär. Hudaýsyzlar özleriniň tersa taglymatyny awtobusda, uçarda we çem gelen ýerde aç-açan wagyz edýär­käler, musulmanlar Kurany Kerimi açyp okamaga ejap ederler. Olar şeýle bir psihologik gysaçda galarlar welin, Kuranyň tarapdary bolmagy aýyp saýarlar we özlerini gizlärler. Şu ýagdaýyň gelendigini biziň häzirki döwrümizde inkär edip bolarmy? Eýsem şu günki gün musulmanlygyň çekýän horluklaryndan biri-de şu dälmi? Yslam ähli tarapdan geň görüljek hala düşmedimi? Gynançly ýagdaýy suratlandyrmany uzaldyp oturmalyň. Bularyň ählisini Allanyň Resuly ençeme asyr owal bolşy-bolşy ýaly habar berdi we berlen habarlar hem wagty gelende iň kiçijik öwüşgünlerine çenli dos-dogry ýüze çykyp, Allanyň Resulynyň aýda­nyny tassyk etdi. Ýogsa-da, bularyň ählisi biziň Ol ynsana ynamymyzy täzelemegimize ýeterlik delil dälmi, eýsem?!

Köneler, NB tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir