Bismilla diýip melgun zährini ýarsam, Ýüzün açyp ajap, jaýlaryny görsem, Mätäji diýr, okap magnysyn bersem, Dürli magfyrýetler saçan kitabym. Annagylyç Mätäji Keramatly kitapdan Nur çykýar. Ýaş mahallarymyzda ruhanylar: - Kuranyň her harpyndan nur çykýar diýärdiler. Ylymda bolsa bu bolgusyz boş gepler diýip öwredilýärdi. Indi bolsa bu ylmy täzelige üns berip görüň.! 1990-njy ýylyň 23-24-nji martynda Daşkent şäherinde kino öýünde SSSR-iň ekstrasenslar birleşiginiň gurlutaýy boldy. Oňa ekstrasenslerdan başgada bioenergoinformatikanyň dürli ugurlaryndan iş alyp barýan alymlaram gatnaşdy. Biri-birinden gyzykly, ünüs çekiji maglumatlary berdiler. Ýöne , meniň pikirimçe, Simferepol ylymlar merkeziniň elektrodinamika laboratoriýasynyň müdiri B.Altuhowyň çykyşy hemmeler üçinem garaşylmadyk ýagdaý boldy. Ol: Labaratoriýamyzda geçiren tejribämiziň netijesine özümizem täsin galdyk- diýdi. Ha ynanyň, ha ynanmaň welin, .... „Kurandan“ nur çykýar ekeni. Zalda başlanan şowhuna Altuhow elini galdyryp saklady-da: Dogru muňa birbada ynanmak kyn. Ýöne men size başyndan aýdyp bereýin. Ynanýaňyzmy, ýokmy galany size bagly.... Stoluň üstünde „Kurana“ meňzeş bolan birnäçe kitap goýlan. Olaryň hemmesi birmeňzeş kagyza oralypdy. Soňra ekstrasenslerden „Kurany“ tapyp bermegi sorapdyrlar. Elini kitaplaryň üstünde gezdirip barpan ekstrasens birden elini saklapdyr. - Ine, şu „Kuran “ bolmaly! „Kuranyň“ başga nusgalaryny, neşirlerini goýsalar-da , ekstrasensler ýalňyşmandyrlar. Hatda, Altuhow dagy hilegärlige ýüz urup göripdirler. Güýçli ekstrasensleriň birine „Kurandan“ çykýan nurlanyşyň intensiwligini ölçemek wezipesi tabşyrylypdyr. Ol kitabyň üstünde elini kä aşak, kä ýokary galdyryp çykýan nuruň belentligini, nähili güýje eýedigini anyklajak bolupdyr. Şol mahal laboratoriýa işgärleriniň biri gürrüň bilen onuň ünsüni başga tarapa sowupdyr. Pursatdan peýdalanyp „Kurany“ çalşyrypdyrlar. Gürrüňi gutaryp işe başlan ekstrasens: - Muny çalşyrypsyňyz! Bu „Kuran“ däl. Munda hiç hili nur ýok ahyry – diýipdir. Şu tejribe birnäçe ekstrasensler bilen geçirilsede netijeleri birmeňzeş çykypdyr. Soňra alymlar bu nämälim nurlanyşy ylmy gurallar bilen barlamaga başlapdyrlar. Emma adamyň bioenergiýasyny ölçeýän gurallar „Kuranyň“ nurunden ejiz gelen.... Wagtyň geçmegi, gurallaryň kämilleşmegi bilen „Kurandan“ nur çykýandygyny subur edipdirler. Laboratoriýa işgärleri bu üstünlikli işlerine begenmänem duranoklar. - Ýene bir zat ünsümi çekdi – diýip, Altuhow sözüni dowam etdi: - Ýeri bu nur „Kuranyň“ niresinden çykýar? Elbetde ondaky dogalardan. Pikirlendik. Belki , nur doga okaýan adamlardanam çykýandyr? Tejribe geçirip görsek , pikirimiz dogry boldy. Doga okan adamyň başyndan nur göterildi. ... Eger-de köp adam doga okasa nähili bolýar? Ýene-de bu sorag biziň ünsümizi çekdi. Ilki5, soň 10, soň 20-25 adam çagyryp, tejribe geçirdik. Näçe köp adam bir ýere ýygnanyp doga okasalar, şonça-da uly möçberde nur göterilýär. Ine, size diýip ..... Musulmanlaryň metjitlere ýygnanyp namaz okamaklarynyň syry! Ine, Hudaýyň öýi diýilmeginiň asyl sebäbi!... Altuhow diňe bu ylmy täziligi aýtak bilen çäklenmedi. Zaldakylaryň hemmesiniň, hatda prezidiumda oturan akademik Kaznaçeýewiň we başga görnükli alymlaryň orunlaryndan turmaklaryny haýyşt etdi. - Indi hemmäňiz gözüňizi ýumýaňyzda bir pursadyň dowamynda içiňizden doga okaň. Her kim öz ýagdaýyna görä bilýän dogasyny okasyn.! Şu pursatdan başlap kino öýüniň ullakan zalynda ümsümlik höküm sürüp başlady. Näme üçin gözlerimizi ýumup, ýokary galmagymyzyň sebäbini soramaga, arman ýetişmedim. Soňra „Kuran“ süresinden okadymda, geçenlerimi ýatlap, dirilere saglyk diläp, diňe doganyň güýjüne ynanmak däl-de, belki, adama, äleme düşünmekde, öwrendekde ynam bilen diniň ýenede birleşmegini arzuw edip, ellerimi ýüzüme syldym. Hemmeler ýerlerinde oturanlaryndan soň Altuhow oturanlara göz aýlady-da: - Bu ýerde bir ýarym müň töweregi adam bar. Eger-de kämilleşdirilen o gurallarymyzy getirmäge mümkinçilik bolan bolsady, onda siz bütin bir başly nur derýasynyň göterilip barşynyň şaýady bolardyňyz- diýdi. – Ýöne şonda-da her biriňiz özüňizi ýeňil duýýanyňyzy syzýarsyňyzmy?... Bu doganyň kabul edilip eýesine gowuşmagynyň alamatydyr. Bütin zal şowhuna goşulyp onuň sözüni tassyklady. Dogrusy men hem ruhy ýeňilligi anyk syzýardym. Dini baýramçylyklarda Daşkendiň Tylla şyh ýaly uly metjidlerinde namaza durulan mahaly daş töwerek, köçelere çenli adamlardan dolýar. Adamlaryň ýygnanmagyna şunuň ýaly ruhy goldaw sebäp bolýandyr. - Men syzyp durun. Käbirleriniň bu ýagdaýy öz – özüňe täsir ýa-da başgalarynyň täsiriniň netijesidir diýip pikit etmekleri mümkin. Bolýar, kim-de kim doganyň güýjüne ynanmasa, Kurandan nur çykýanlygyna ynanmasa, biziň laboratoriýamyza gelsin, baş üstüne biz siziň hyzmatyňyza taýýar – diýip Altuhow sözüni jemledi... Altuhowyň tejribeleri bilen tanşyp, başga bir rus alymy, Bütinsoýuz anomal hadysalary öwreniş komitetiniň kätibi G.Zedneprowiskiniň bir pikiri ýadyma düşdi. Ýokarda bellenilişi ýaly , metjitler , başga mukaddes ýerlere zyýarat edip şypa tapýarlar. Alym bolsa şolara nurlanyşlar kömek edýändir diýen pikirde. Bu alymlaryň dilinde kosmik energiýa diýmekdir. Doga okalýan mahalynda, onda-da metjit ýaly jaýlarda köpçülik bolup okalanda Arş bilen aragatnaşyk nur görnüşde bolýar. Mukaddes ýerlerde şypa tapmakda asmandan gelýän nur bilen bir hatarda zeminden çykýan nur (doga, ybadatlar) hem birleşse, gör nähili ajaýyp bolardy. Rüstem Abyt „ Keramatly kitapdan nur çykýar “ (Özbekistan)

Köneler, NB tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir