Eger beýleki adamlaryň isleýän zatlaryna ýetmäge ýeterlik kömek etseň, sen hem durmuşda isleýän islendik zadyňa ýetip bilersiň.(Zig Ziglar) * * * Ýalňyşýan adam akmak däl-de, hiç haçan ýalňyşmaýan adam akmakdyr. (Dewin Poltiýer Robson) * * * Durmuşyň iň oýlandyryjy we möhüm soragy şudur: başgalar üçin näme edýärsiň? (Dr Martin Luser King) * * * Duşmanlaryňy bagyşlagyn, ýöne olaryň atlaryny welin, hiç haçan unutma­gyn. (Jon F. Kennedi) * * * Gahar bilen başlanýan islendik zadyň soňy masgaraçylyk bilen gutarýandyr. (Benjamin Franklin) * * * Söýgi ot üstünde gurlan dostlukdyr. (Jeremi Taýlor) * * * Diňe özüni bilýänler dogrusynda bir gowy zat bar, olam olaryň başga adam­lar barada gürlemeýänligidir. (Lusil S. Harper) * * * Üstünligiň syry hiç kimiň bilmeýän nämedir bir zadyny bilmekdir. (Aristotel Onasis) * * * Lukmanlarym maňa meniň hiç haçan ýöräp bilmejegimi aýtdylar, ejem bolsa, näme üçin ýöremeli dälligimi ýaňzytdy, men ejeme ynandym. (Wilma Rudolf) * * * Eger bagty özümizde tapyp bilmesek, ony hiç ýerden hem tapmak mümkin däldir. (Agnes Repliýer) * * * Geljek – öz arzuwlarynyň owadanlygyna ynanýanlaryňkydyr. (Eliýanor Ruzwelt) * * * Biz zatlary bolşy ýaly däl-de, özümiziň bolşumyza görä görýäris. (Änis Nin) Iňlis dilinden terjime eden Miwe Baýlyýewa, HTTU-nyň 4 ýyl talyby 10.10.2010 (kopden bari tema achmandym)

Köneler, Laplandiya tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir