Ine baryan umydyna butrap egnin horlugyna utanyp cala uzakda arkestir josup titrap tans edyar owadan gyzlary b.n hor ellerini cykaranok yeninden olar birden yere yetayjek yaly gecip baryan yigitlerin deninden gulaga yakymsyz bir saz mysaly unydyp bilman gormeksizje doglanyn yuregine hos arzuwlar besleyan emma yigitlerin oz gaygysy bar yorute yag b.n saclaryn darap olar wagytdanam ozup baryarlar ozlernin owadan gyzlarna tarap ah horja gyz horlugyndan horlanyan sana hos soz diyjek yigit nirede bu saherde nace diysen yigit bar seni oye ugradanok biride gyzlaram yanyna delmurup gelip owadan gulsup yuregine dusyar olar gormegini artdyrjak bolup gezegine senin b.n tirkesyar oye gelyan gyýýar yuregini unjin hasratdan cekilyar iki owurdun aglayarsyn ah eje jan name ucin meni beyle betgelsik dogurdun emma gonsy gelin bir gormegey dul atasyz oglyna gunali bakyar hem senin tersine gussa gam cekyar owadan dogulma bagytly dogul aglama gyz uyajygym gam cekme bilip bolmaz ykbalyny onunden bu howlukmac yigitlere at dakma kim gecenok oz bagtynyn deninden kate seyle bolyar gorkdur gormek gidip otyr il icinde at alyp yone name ucindir tylla yuzuk dek yolda gum icinde galyar sadalyk tekepbir bol cykyp bolmaz gaya dek sada bol aylaryn dogusy yaly seyle yigitler bar olar bar entek sen dek gayalarda olan hyyaly
Gurbannazar Ezizow "Gormeksiz gyz"
-
Cwetocek
14 years ago
- minnetdar altyna! Gowy goryan goshgym!
-
Goool
14 years ago
owadan dogulma bagytly dogul
oran dogry aydylan setir. Esasy zat owadanlykda dal, esasy zat bagtly durmushda yashamakda!
Minnetdar akrap05
-
Batyr1986
14 years ago
- sul adamyn ajayyp setirleri bar.sadaja oz dilimizde yone gaty manyly yazyar.berekella
akrep sag bol kopyalap goyanyna !!!
-
Cwetocek
14 years ago
- dogry sada we dushnukli!
-
bmw525
14 years ago
- Gurbannazar ezizow. gorgulin omri gysga ekeni, entega kop gosgulary yazardy welin, yatan yeri yagty bolsun, yone sojagaz omrundede oran kop gosgulary yazypdyr. Mysak ucin-
mana senin gozlerinden gitme yok.
Mana senin sozlerinden gitme yok,
dusun bu dunyada sonly gune cen.
Senin satlyk, hem gussana bagly men, dogry okadym oytyan, yzyny, kop yerini bilyan welin doly yadyma dusmanson yalnysaymagym mumkin, bilyan bar bolsa dowam etsinle.
-
Batyr1986
14 years ago
- beydime derrew kopyalap:su gosgyny omir yatdan cykarmadym diyerler goni.
kopyalap oklan diyip goni aydyp goyber gaty sypayy bolyanay dost
-
Goool
14 years ago
bilyan
bar bolsa dowam etsinle.
bmw525 | 2010-10-20 09:28:29
goshgyñ doly görnüshi
maňa seniň gözleriňden gitme
ýok.
maňa seniň sözleriňden gitme
ýok.
düşün, bu dünýäde soňky güne
çen
seniň şatlyk hem gussaňa bagly
men .
seniň ýüpek gijeleriňden gitme
ýok .
seniň aýdyň gündizleňden gitme
yok.
bu garagol jahyllykdan giderin.
ol hasaly gojalykdan giderin .
çünki men olardan gitmän
bilemok .
emma seniň ykbalyňdan gitme
ýok .
men zemin .
sen bolsa ullakan asman .
saçyňy nur edip üstüme dökýäň .
emma ,düşün ,läläm, şeýle gün
dogar:
saçlaryň gar bolup üstüme
ýagar .
şondaak saçyňy sylyp ýüzüme
gararyn belentden ýeriň ýüzüne .
men bir gyzda gözleriňi görerin .
men bir gyzda sözleriňi görerin .
şapakda görerin-ýaňagyn alyn .
gijede görerin –ýaňagyn halyn .
synlap ýapraklaryň ýüzünde
deriň ,
onda seniň gözýaşyňy görerin .
zemin aylanyp dur ,
oňatlyk örän !
hiç bir güýje oň ýoluny tutma
ýok .
dünýäň her gülünde men seni
görän ,
şonuň üçin bu dünýäden gitme
ýok.
-
Goool
14 years ago
- kopyaladymhow menem, yazjak bolsan birgiden wagtyny alyalay
-
Batyr1986
14 years ago
- hahaha.gordunmi? ay gol mert cykdy yone boynuna aldy goni kopyaladym diyip.
sagja bol dost.
-
bmw525
14 years ago
- Gool sana bis sorag ba, yanky yaly gosgylary internetden nahili yagdayda alyan we kopyalayan, menin internede bolan dusunjam azyrak.
-
Goool
14 years ago
- google'den poisk edaymeli yada bir link bereyin:
www.turkmenedebiyaty.com
-
bmw525
14 years ago
- Sagja bol dost. Senin gool'laryn kop bolsun.
-
akrap05
14 years ago
- Minnetdar goool
-
akrap05
14 years ago
- Goool bir zat sorajak komek edayda
-
Goool
14 years ago
- sora akrap?
-
akrap05
14 years ago
- Gosgy aydym nadip kacayt etmeli owredayda on owretdilerem welin yadyma dusenok
-
Goool
14 years ago
- goshgy skacat edip bolmayara. Aydym, klip we s.m. Skacat etmek ucin gerek zadyn adyny google'de yazyp poisk edmeli. Gerek zadyny tapanson girip skacat edaymeli
-
dilya87
14 years ago
- Akrap gowy go$gy ýazypsyñ. Oglanlarada gowy mysal.
-
Kain
14 years ago
- Shu setirleri dushundirayinda
"men bir gyzda gozlerini gorerin,
men bir gyzda sozlerini gorerin"
-
ruslanjan
14 years ago
- Kerim aga dogry aydyanyna goshulyan, akrap sagja bol!
-
Peket
14 years ago
- Akrap05 salam gowumy?sen altina bolsan i$de$in mahribana menden salam ayt.lakamdan ozi tanar.men da$ary yurtda okayan.mumkin senem tanansyn kyn gorman menin agendime birikdir diysene öz adymy familyamy yerli yerinde goyup gozlege ugratsan tapar.go$gam yerine dù$updir sagja bolAkrap05 salam gowumy?sen altina bolsan i$de$in mahribana menden salam ayt.lakamdan ozi tanar.men da$ary yurtda okayan.mumkin senem tanansyn kyn gorman menin agendime birikdir diysene öz adymy familyamy yerli yerinde goyup gozlege ugratsan tapar.go$gam yerine dù$updir sagja bolAkrap05 salam gowumy?sen altina bolsan i$de$in mahribana menden salam ayt.lakamdan ozi tanar.men da$ary yurtda okayan.mumkin senem tanansyn kyn gorman menin agendime birikdir diysene öz adymy familyamy yerli yerinde goyup gozlege ugratsan tapar.go$gam yerine dù$updir sagja bol
-
Peket
14 years ago
- 3 gezek gidayipdir.bagy$lan
-
Bravo
14 years ago
- Berekella altyna hanym!
-
akrap05
14 years ago
- Salam peket seni tanadym oydyan bor hokman aydaryn
-
akrap05
14 years ago
- Hemmanize salam!
Dogry aydyan dilya oglanlar dusunse hakyky solara degisli yone hemmesine dal her kimin ozi bilyandir oz yagdayny
-
Kukolka
14 years ago
- akrap05 salam!
-
Kukolka
14 years ago
- bmw525 sanada salam!
-
akrap05
14 years ago
- Ruslan bagysla welin gurbannazar sahyrynky sizinkem dogry kerim agada gaty dogry aydya
-
akrap05
14 years ago
- Salam kukolka!!!
-
akrap05
14 years ago
- Kukolka namejik isleyan okayanmy isleyan?
-
Cwetocek
14 years ago
kerim aga dogry aydyanyna
goshulyan, akrap sagja bol!
ruslanjan | 2010-10-20 12:20:00
name diyjek boldun yene dushunmedm(((
-
Kukolka
14 years ago
- akrap05 men isleyan.sen nahili heniz okuwcymy ya bir karin eyesi?
-
kursant
14 years ago
- Ay sagja bola , shu goshgylary t.coma yazan eljagazlaryndan oshshayyn . Sagbol kop kop hezil etdimay okap !
-
ruslanjan
14 years ago
- beh hayran galaymalay
-
kursant
14 years ago
- 100% hayran galaymalay
-
Kukolka
14 years ago
- ruslanjan sen hayrana goyan zat name?
-
Cwetocek
14 years ago
beh hayran galaymalay
ruslanjan | 2010-10-20 23:02:01
sen sheydip hayran galda yor)))
-
ruslanjan
14 years ago
- kursant men sonuna chenli sen arkanda borun gownundakini yaz menem alkyshlayyn bormy dost
-
kursant
14 years ago
- Hayran galmanynam gornushleri kop , mysal un : seredip hayran galmak, okap hayran galmak, we hemde s,m diyen yaly eshdip diyende hayran galmak hukuklary adamda bamyshshshshshshshsh )))))))
-
kursant
14 years ago
- Bahhhh men arkamda durjak adam bamay bardede )))
-
akrap05
14 years ago
- Kukolka menem isleyan
-
ruslanjan
14 years ago
- hemde sonuna chenli dost
-
Kukolka
14 years ago
- akrap05 isinde ustunlik arzuw edyan.
-
ruslanjan
14 years ago
- akrap hayyrdyr isteginiz nedir yeterki sen iste jomertlik bizden olsun
-
akrap05
14 years ago
- Kursant salam sag bolsunna minnetdar yone eljagazym b.n isin bolmasyn cyndanam gowy gosgy ozumem gowy goryan
cwet salam isler gowmy?
-
ruslanjan
14 years ago
- ha bagyshla akrap05 men yalnysh okapdyryn
-
akrap05
14 years ago
- Sizinem isinizde uly ustunlik arzuw edyarin
ruslan sizinem yazanlarnyza dusunmedim turkcemi
-
Cwetocek
14 years ago
akrap hayyrdyr isteginiz nedir
yeterki sen iste jomertlik bizden
olsun
ruslanjan | 2010-10-20 23:30:36
turkmenche yaz!
-
Cwetocek
14 years ago
- salam altyna! Gowy! Sen nahili?
-
akrap05
14 years ago
- Hudaya sukur
-
Peket
14 years ago
- Altina bu wagt özunmi ya mahriban senmi?mahribanyn smenasy hacan?$u wagt ýanynda bolsa giraysin salam edäyeli.özunem i$lap yormun sag aman? Name tazelik bar gyzlarda
-
nauk
14 years ago
- gurbannazar ezizow - talantly türkmen şahyry, türkmenistanyň magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi. gurbannazar ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda aşgabat saherinin büzmeýin obasynda eneden bolýar. 1948-nji ýylda mekdebe barýar we 1959-njy ýylda aşgabat şäherindäki 29-njy orta mekdebi tamamlaýar. şol ýyl türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. uniwersiteti 1964-nji ýylda tamamlaýar we çagalar edebiýatynyň birleşen neşirýatynyň redaksiýasyna işe iberilýär. şol ýylam goşun gullugyna çagyrylýar. 1965-nji ýylda gullugy tamamlap geleninden soň, 1970-nji ýyla çenli “edebiýat we sungat” gazetiniň poeziýa (şygyrýet) bölüminiň müdiri bolup işleýär. 1972-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde edebi geňeşçi bolup işleýär. gurbannazar ezizow 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda turkmenbaşyda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň bütinsoýuz duşuşyklary wagtynda gazanjyk obasynyň ýanyndaky şossede tragiki ýagdaýda aradan çykýar. onuň bilen bilelikde moskwaly şahyr wasiliy sabanow we turkmen şahyry Ýuriý rebinow hem aradan çykýar.onuň dört gyzy we bir ogly bar.
çeşme: okamak com
-
Cwetocek
14 years ago
- baybow obadashmysynyz
-
nauk
14 years ago
- Şahyr! Şahyrlygyñ çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyñ çuñ bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp,
çykyp,
çümüp git.
Hem akyl ber, hem iliñden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyñ demiñ bilen ýakyp al,
Soñ ýene-de ýeriñ süýdün emip git.
Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol.
Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol.
Teşne görseñ, dodagyna damyp git.
Ýol agyrdyr: müñ ýanylar, öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,
Sen öküz dek
ýele garşy yñyp git.
Bagt paýlansa, üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soñ tapylar, galan zady zyñyp git.
Dost paýlansa “Äber” diýip gyssanma,
Alañdan soñ – gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse –
gözlerñi hem gysganma,
Birin ber-de, biri bilen oñup git.
Ha çaryk geý,
Ha çokaý geý,
Telpek geý –
Parhy ýokdur: geýseñ bolar erkek deý.
Ýöne weli şypbyldama çepek deý.
Aýna gonçly ädik ýaly doñup git.
Sorasañ aýdaýyn kyýamat nedir?
Erkekler ownasa – kyýamat şodur.
Her başy telpeklä goýmagyn gadyr.
Bäş telpegi
bir gyñaja dañyp git.
Gözelligi
sor bagryña, öýkenñe.
Söýülseñ söý, söýülmeseñ süýkenme.
Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,
Öz möhrüñi, öz közüñi goýup git.
Ýeñip ýaşa: ahyrda ýeñ, başda ýeñ,
Tomusda ýeñ, ýazda, güýzde, gyşda ýeñ.
Söýgiñde ýeñ, gaýgyñda ýeñ, işde ýeñ –
Bir oguldan
ýeñilip hem ýeñip git.
Ýeñsin ogul
dil bilen däl, iş bilen.
Señkä görä has ýitiräk huş bilen.
Aýak däl-de, parasatly baş bilen
Ýeñse ogul –
gözüñ rahat ýumup git.
Gözüñ sürtüp merhum enäñ alnyna,
Bir aglapdyñ. Indi beri aglama:
Öz balañy eliñ bilen jaýlama,
Nobatyñda mele ýere sümüp git.
Dünýä gelmegiñ-de
nobaty ýagşy,
Ýene ölmegiñ-de
nobaty ýagşy.
Men diñe bir zatda nobata garşy:
Dost öýünde islän çagyñ gonup git.
Başarsañ – köplügiñ içine garyş,
Tanyşdan dost tutun, ýatlardan – tanyş.
“Žiguliñ” içinden gözleme durmuş,
Köplük bilen avtobusa münüp git.
Köpelsin öýüñde ýürekdeş myhman –
Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan.
Elbetde, alymam, şahyram hökman.
Üýşüp, çaşyp,
çar tarapa eñip git.
Şeýle dostlar bilen gezseñ birsellem –
Ýetersiñ iñ uly matlaba çenlem.
Gadamyñ giñden ur!
Entekler ellem
Hol öñde-le... Ýaş hakynda dymyp git.
Haly wagtyñ meñzemegin kilime,
Diri wagtyñ gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyñ öýkünmegin çilime -
Içi közli ojar ýaly sönüp git.
Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):
Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.
Mele ýeriñ astynda-da daş gyt däl,
Bakylyk şol:
Şol daşlara siñip git.
-
Peket
14 years ago
- Sagja bol nauk.gaty gowy
Sypay 14 years ago- Gowy go$gy eken.