"Oguzkent" myhmanhanasy barada
15-nji oktýabrda
Türkmenistanyň prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň merkezinde gurlan kaşaň "Oguzkent" myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy.
Merkezi Aziýa sebitindäki uly naýbaşy myhmanhanany Türkmenistanyň
Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň buýurmasy boýunça "Buig Batiman internasional" fransuz firmasy gurdy. Bäş ýyldyzly myhmanhananyň
umumy meýdany 70 müň inedördül metr bolup, onuň umumy bahasy 270 million ýewrodyr. Häzirki zaman binagärliginiň öňdebaryjy gazananlary, milli binagärligiň iň oňat däpleri we seýsmiki howpsuzlygyň ygtybarly ulgamy bilen üpjün edilen bu myhmanhana ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek we iri halkara maslahatlaryny geçirmek üçin niýetlenendir.
Oteliň üstündäki wertodrom ýokary derejeli myhmanlary aeroportdan göni wertolýotly bu myhmanhana alyp gelmäge hyzmat eder. Myhmanlaryň aeroportdan ulag bilen däl-de wertolýotly alnyp gaýdylmagy belli bir derejede olaryň howpsuzlygyny kepillendirer.
"Oguzkent" myhmanhanasy 299 orunlyk bolup, olaryň 14-si prezident klass derejesindäki nomerlerdir. Mundan başga-da myhmanhanada kongresler merkezi hem bar. Myhmanhananyň beýikligi 67 metre barabardyr. Oteliñ gapdalyndaky awtobus duralgasy bolsa, sowadyjy hem-de gyzdyryjy enjamlar bilen doly üpjün edilendir. "Buig Batiman internasional" fransuz firmasy bäş ýyldyzly bu
oteliň gurluşygyna 2008-nji ýylyň ýanwarynda başlapdy we binany 2009-njy ýylyň dekabryna çenli doly tabşyrmagy şert edinipdi. Emma muña garamazdan "Oguzkent" myhmanhanasynyň gurluşygy bir ýyla golaý gijikdirilip
tamamlandy. Bäş ýyldyzly bu oteliň gurluşygy ýaňy başlananda onuň ady "Galkynyş" myhmanhanasy diýlip atlandyrylypdy. Ýöne bir ýyl
töweregi geçensoň, onuň ady "Oguzkent" myhmanhanasy diýlip çalşyryldy. "Oguzkent" sözi bolsa, Oguzlaryň şäheri diýen manyny berýär.
Çeşme: internet we metbugat habarlary esasynda ýazylan
-
shohlejik
14 years ago
- tuweleme yurdumyz gun gunden osya,by tazelik meni Gaty begendirdi,sag bol yazAnyn uchin kop kop.
-
ruslanjan
14 years ago
- yurdumyzy osdurmage sizinde goshandynyz baram yenede gerek hormatly talyplar size ustunluk hemrg bolsun
-
nauk
14 years ago
- hakykatdanam owadan eken sag bol taze moglumatyna
-
ruslanjan
14 years ago
- WELCOME TO TURKMENISTAN!!!
-
MELISSA
14 years ago
- sagjabol goool. Gerekli info yazypsyn. Finiksa zerur bolup durdy-da ;-)
-
ruslanjan
14 years ago
- mana name sag bol yokmy melis
-
Cwetocek
14 years ago
- goool kop kop minnetdar!
-
ruslanjan
14 years ago
- in uly arzuwym onun aly hezretlerinden tanyry yalkasyn almak enshalla nesip ederdir (shutga)
-
Cwetocek
14 years ago
in uly arzuwym onun aly
hezretlerinden tanyry yalkasyn
almak enshalla nesip ederdir
(shutga)
ruslanjan | 2010-10-16 08:20:43
bar gitde kitabyny okasana kellami agyrtma!
-
ruslanjan
14 years ago
- bolya gygyrman ayday da sesin mana eshdildiley degishyan bagyshla shutgala gyz kyn gorme bomy
-
Cwetocek
14 years ago
bolya gygyrman ayday da sesin
mana eshdildiley degishyan
bagyshla shutgala gyz kyn gorme
bomy
ruslanjan | 2010-10-16 08:28:47
bu wagt men py6yrdadm gygyrsam elindakileri zynyp gon6ularna ucarsyn...kyn gorme indi kyn gorme diyme:-)
-
Goool
14 years ago
- oteli gurmak ucin 270 milyon yewro cykypdyr, yaman koplay, o puly yasarmyka bu otel?
-
Kain
14 years ago
- Eziz yurdumyzy has-da osdurelin!
-
Bravo
14 years ago
- Dostlar ilki oguzkenti gurmagy hic 1 firma boyun alp bilmandr. Az yer, yapgytlyk, + asagynyn dashlary {gazha diyilya o dasha. Obanyn adam shondan gelp cykan} oteli gurmagy, rashcot cykarmagy kynlasdrpdr. Gurlan mahalymy ya gurlup gutaransonmy cokupdr {osadka berpdr}. Indi bilmedm nam edenlerni.
-
Goool
14 years ago
- gutarmaly wagtyndan 10 ay gic guruldy, mojet sho zatlar sebap bolandyr onda
-
Bravo
14 years ago
- Obanyn asagyndan ullakan dash cykyamysh. Gdeto 3 metr towerek gatlak. Suwly, öl dash. -Gazha. Ony yorite tehmashynlar bn tokmaklap dien yaly ayrypdrlar. Kop wagt gerek bolupdr.
Ep esli cykdayjy.
-
hormatlym
14 years ago
- Ashagyndan käriz gechyar hem diyyarler,chokmegi mumkin we sh.m. 270 limony ödärlay. Casino,striptiz klub hem bar diyyaler
-
umnik
14 years ago
- hany etraplarda osu6 bolmanokmy
-
ruslanjan
14 years ago
- balkanda osush kanle gel balkana
-
unversal
14 years ago
- turkmenirtan dalde asgabat osya. Dostlar yada marlylar yada ahli welayat yasayjylary beydip on mun eline seredip otursaga biz hic hacan osjege menzamzok. Herkim oz yasayan obasy son welayaty son bolsa esasy bolan TURKMENISTANY osdurelin. Asgabadyna tuweleme ozi osup baryaray. Azabyny oba adamlary cekya Asgabat bolsa osya bu adalatsyzlykmyka diyyan.
ruslanjan 14 years ago- oran onat myhmanhana bu barada awazadaki taze achylan suw chuwdirimleri seyilgahine baryp gormeginizide size goldayaryn ashyk magshuklaryn tuys mekany hosh geldininiz TURKMENISTANA.