Saňa „ýüregi daş ýaly” diýseler, ýüregiň ýumşaklygyna hem gözüň ýetýän bolsa, gynanma, sen olara aýt, adamlaryň teşneligini gandyrýan dury suwly çeşmeler hem daşlaryň arasyndan syzylyp çykýandyr. Gözelleriň boýuny-barmagyny bezeýän gymmatbaha göwherlerem daşlaryň arasyndan köwlenip alynýandyr. Diýmek, seniň ýüregiňde entek alara, buýsanara zat kändir. Saňa „baryp ýatan sada, juda ýönekeý” diýseler, hiç ruhdan düşmegin, sen olara aýt, ähli ajaýyplyklar ýönekeýlikden gözbaş alýandyr. «Sadalykdan zyýan çekilmeýändigi», ahyr işde seniň rüstem gelýändigiň hakda kän aýdylýandyr. Saňa „iki dilli” diýseler, ýöne sende bu gylyk ýok bolsa, töhmet üçin ýakaňy ýyrtmagyn, gaýta many al, ine sagatlaryň üç dilem bar. Gürrüň diliň köplüginde däl-de, olaryň edýän hereketinde. Sagadyň üç diliniň ählisi hem bir ugra aýlanýar. Üstesine-de, her uly dil hem-ä çalt aýlanýar, hem-de özünden kiçileriň hem haýallyk bilenem bolsa, öňe aýlanmagyna itergi berýär. Dilleriň ählisi biri-birine goltgy bolup, bir ugra sazlaşykly aýlanýan bolsa, ondan uly näme bar? Ýa-da boýuňa-syratyňa, görküňe-görmegiňe, ukybyňa-zehiniňe göwniýetmezçilik bilen garalsa, ýüzüňe bir söz suňşuryp, arkaňdan bir atjagaz dakyp galsalar, eger-eger ruhdan düşmegin. Eger-de sen kimdir biriniň adyňa ýanan ýaramaz sözi üçin birahatlanýan bolsaň, bu seniň özüňde ýok ýaramaz zatlar üçinem kelle agyrtýandygyňy aňladýar. Ünsüňi gowy zatlara, gözelliklere gönükdir, ilde ýagşy adamlar juda kändir. Bir näsaz sözüň täsirine berilme, her teýenä, ýaňsa ýa agzyňy alawladyp, ýa hyrçyňy dişläp jogap gaýtarjak bolma. Hiç haçan sen onuň bilen deň bolup bilmersiň, sebäbi oňa gaýtargy berseň, seniň oňa deňdigiňi däl-de, ondan pesdigiňi aňladýar. Ähmiýet bermän, bagyşlasaň welin, bu seniň beýikligiň bolup durýar. Onsoňam, asmanlara pitjiň atsaň-da, daglara barmak çommaltsaň-da, olar şol mizemezligini, belentligini saklap galýarlar, çünki, güle tiken diýeniň bilen, onuň görki egsilmeýär. Doňzuň agzy degeni bilen deňziň suwy hapalanmaýar. Müň dürli at dakyber, gül elmydama güllügine galýar. Sen hem beýikligiňe gal!
SAŇA DIÝSELER...
- 
                ruslanjan
                15 years ago
                
- gowy eken
- 
                kapriz
                15 years ago
                
- e cynymy aytsam yaltanyp otyrynay okamaga,okarn arkayyncyykda hokman.e melli siz molodesey .okayanyz uzyyyyyyyn zat bolsada
- 
                Bagyr
                15 years ago
                
- Gaty manyly zatlar tuweleme Hydyrata
 tanyryalkasyn kop many aldym mena!
- 
                Cris
                15 years ago
                
- Gaty gowy sagja bol hydyrata kapriz yaltanma okanyna degya
- 
                Goool
                15 years ago
                
- owadan yazylan tema, hydyrata Tanryyalkasyn!
- 
                kapriz
                15 years ago
                
- kapriz yaltanma okanyna degya ok hazir
 Cris | 2010-10-14 05:54:32
- 
                Goool
                15 years ago
                
- Yene garalapdyrlar jogaplary hany agardayyn
- 
                kapriz
                15 years ago
                
- ooooo super yazylypdyr.e dogray shu yokarkylar.gin bolmaly adam i many cykaryp bashrmaly bar zatdan
- 
                awucy
                15 years ago
                
- adusy malocik
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
- bir näsaz 
 sözüň täsirine berilme, her
 teýenä, ýaňsa ýa agzyňy
 alawladyp, ýa hyrçyňy dişläp
 jogap gaýtarjak bolma. hiç haçan
 sen onuň bilen deň bolup
 bilmersiň, sebäbi oňa gaýtargy
 berseň, seniň oňa deňdigiňi däl-
 de, ondan pesdigiňi aňladýar.
 ähmiýet bermän, bagyşlasaň
 welin, bu seniň beýikligiň bolup
 durýar. onsoňam, asmanlara
 pitjiň atsaň-da, daglara barmak
 çommaltsaň-da, olar şol
 mizemezligini, belentligini saklap
 galýarlar, çünki, güle tiken
 diýeniň bilen, onuň görki
 egsilmeýär. doňzuň agzy degeni
 bilen deňziň suwy hapalanmaýar.
 müň dürli at dakyber, gül
 elmydama güllügine galýar. sen
 hem beýikligiňe gal!
 6u yerleri hasam gowy! Sagbolun!
- 
                Bravo
                15 years ago
                
- Uly ilin sagbolsunyna menem gosulyan!
- 
                nauk
                15 years ago
                
- alla razy bolsyn hydyrata akayyp mysallar yashamak ucin
- 
                nauk
                15 years ago
                
- ajayyp bolmaly
- 
                kuwwatik
                15 years ago
                
- sagja bol dos sen duygylaryn yonekey duygydal sen setirlerin halylaty aytyar her onyeten bn den bolmalydal, it urer kerwen gecher diyipdirler, herkim eder eder ozine eder, dash bn urany ash bn ur diyipdirler ata babalarymyz
- 
                Kukolka
                15 years ago
                
- hydyrata seň ýazan temaňy okap özüme bolan ynamym,durmuşa bolan höwesim hasam güýjedi.minnetdar,köp-köp minnetdar.seň öhli ýazýan sözleň özüňe saýlap alan "hydyrata"lakamyňa gelişip dur.
- 
                Peket
                15 years ago
                
- Sag bol hydyrata.gowja tema açypsyn.
MELISSA 15 years ago-  molodes hydyr. Bet yazylypdyr. *gowuja tema a4yp bolyar ekenä :-)