Ekizleriň jedeli Enäniň göwresindäki ekizler ilki hiç zatdan habarsyzmyş. Hepdeler geçdigisaýyn, olar hem ulalypdyrlar. Elleri, aýaklary, içki organlary emele gelmäge başlapdyr. Has soňra, töwereklerinde bolup geçýänlere akyl ýetirip ugrapdyrlar. Rahat we ynamly ýerdediklerini bilmek olary şatlandyrypdyr. Ekizler bir-birine şeýle diýýärmişler: - Ene rehmine düşmegimiz, bu ýerde ýaşamagymyz nähili gowy zat, şeýle dälmi? - Bu ýerde durmuş ajap, dogan jan! Ulaldyklarysaýyn, içinde ýaşaýan dünýäleri bilen has ýakyndan tanyşmaga başlapdyrlar. Ýaşaýşyň gözbaşyna we netijesine, durmuşyň manysyna akyl ýetirmek isläpdirler. Şol aralykda, öňlerinden ene bilen ekizleri bir-birine baglaýan kordon çykypdyr. Bu kordon arkaly hiç hili azapsyz-güzapsyz iýmitlenýändiklerine düşünüpdirler. Ekizlerden biri: - Ejemiziň mähir-muhabbeti nähili uly! Bu kordon arkaly biziň ähli zerur zatlarymyzy iberýär – diýip begenipdir. Aradan aýlar geçipdir. Ekizler barha ulalýarmyşlar, has takygy “Ýoluň soňuna” ýakynlaşýarmyşlar. Doganlar bir gün içinde ýaşaýan şol ajap dünýälerini bir gün terk edip gitmeli boljakdyklaryna göz ýetirmäge başlaýarlar. Dokuzynjy aýa ýetiberende, munuň yşaratlary has aýdyň görnüp ugrapdyr. Ekizlerden biri howsala düşüp: “Nämeler bolup geçýär? Munuň netijesi nähili bolar?” diýip beýleki doganyndan sorapdyr. Beýleki dogan özüni has parahat alyp barýarmyş. Üstesine, bu dünýä oňa dar görnüp ugrapdyr, şonuň üçin ol has giň bir älemiň arzuwyndamyş. Ol howsala düşen doganyna şeýle jogap beripdir: - Bularyň ählisi bu dünýäde uzak wagt galmajakdygymyzy görkezýär. Ýagny, bu ýerdäki ömrümiziň ahyryna ýakynlaşýarys. - Emma men gitmek islemeýärin. Hemişe şu ýerde galmak isleýärin. Maňa şu ýeri hem bolýar. - Elimizden geljek zat ýok. Belki-de bu ýerden soňra-da ýaşaýyş bardyr. - Biziň bu ýerdäki durmuşymyzyň asyl sebäbi bolan şol kordon kesilenden soňra nähili ýaşarys? Onsoň hem, bizden öň bu ýere gelenler-de gidipdir. Hiç biri hem yzyna dolanmandyr. Şu ýagdaýda sen nähili doglandan soňra ýene-de ýaşaýşymyzy dowam etdireris diýip arkaýyn gürläp bilýäň? Ýokla, görersiň ynha, bu bar zadyň soňy bolar. Onsoň hem, belki-de eje diýilýän zadyň barlygy hem gümana ahyry. - Ynha göreris, hökman bardyr. Ýogsam, bu ýere nähili gelip bilerdik, şu wagta deňiç ýaşaýşymyzy nähili dowam etdirip bilerdik? - Sen heý eje diýilýän zady gördüňmi? Ol belki-de diňe biziň öz hyýalymyzda ýaşaýan, öz toslap tapan zadymyzdyr? Biziň aladamyzy edýän, biziň ähli zerurlyklarymyzy giderýän bir ejemiziň bardygyna ynanmak duýgusy bizi rahatladýandygy üçin, belki-de bu pikiri biz özümiz oýlap tapandyrys-hä? Ekizleriň ene göwresindäki soňky günleri şeýle jedel we çekeleşikler bilen geçipdir. Ahyry bir gün, dogluş sagady gelip ýetipdir. Ekizler “Bir ömür geçiren” dünýälerinden aýrylanlarynda, gözlerini düýbünden başga bir dünýäde açypdyrlar we begençden ýaňa “iňňäläp” aglamaga başlapdyrlar. Çünki, täze dünýä olaryň hyýal edişlerinden hem ajaýypmyş.
Ekizleriň jedeli
-
Ayyuzli
14 years ago
- 'sen dunya inen wagtyn aglayardyn,hemmeler bolsa begenyardi.sheyle bir omur yasha,sen dunyaden gidende begen,dashyndakylar aglasyn.''
sagja bol,nb.
-
Cwetocek
14 years ago
- gaty gyzykly!
-
dilya87
14 years ago
- Sagja bol nb. Aýýüzli bet sözler
-
MissKiss
14 years ago
- Duzduñmay?
-
nauk
14 years ago
- salam nb ajayyp yazypsyn molodes. Adam bu dunya geljek bolup nahili alada etyar eken gelensonam gor nahili begenyar ek. Edil sholar yaly bu dunyedenem gicjek bolsan nahili pikir etmeli o dunyade jenneti goz onune getirjek bolun nahilidigni wagtlayyn durmushdan baky durmusha gitmek
-
nauk
14 years ago
- molodes nb ajayyp tema spasibo. Gowy pikire batyrdy
-
umnik
14 years ago
- bet yazypsyn dost. *Bravo*
NB 14 years ago- Dogry, dogry.