Uly-kici hemmañize salawmalikim! Men sizden bir zat sorasym (yada pikir alshasym) geldi. Shu gun ony-muny alayynlay diyip okuwdan soñ krusdash dostum bilen Ors bazara gitdik. Magazinlere aylanyp yorkak özüm bilen deñ-dushurak bir dilegci gelip pul diledi, bizem cykaryp berdik. Soñ iki-üc magazin aylanyp cykdyk welin, yañky yene gelip dilegcilik etdi, menem ''ayhow yañy berdima, bar gitda indi bir'' diydimem welin ondada yzymyza dushup ep-esli gitdi... (Bu meñ diyjek bolyanyma yönekeyje mysallay). Indi meñ sorajak bolyan zadym sheyle: dilegcilere pul bermek biz ucin sogapmy? Dogry garryja dayzalar, mayyplar (zahmete ukypsyzlar) dilegcilik edende komek etmek sogap bolmagy mumkin. Yone yañky yaly janlary sagat halyna goreninden dilegcilik edip yorenlere komek etmek gerekmi, yada uns berman gecmek gerekmi? Soñky dowur kopelipdirem sholar yalylar. Kabir mysallar getireyin: bir oglan maña iki gezek dushdy dileg edip, ikisindede oye gaytmaga pulum yok, komek eday diydi, yone 1nji dushanda Sarahsa gaytmaly, a 2nji dushanda Arcmana gaytmaly diydi; ya yene birini gördum, awtobusa munup dilegcilik etdi. Arasynda yykylan bolup, hamala ayak ustunde durup bilmeyan mayypsyran bolup herkimden pul coplap cykdy, shol oglany soñ adam az yerde gördüm welin gül yalak sagat oglan, prosta allamak ucin mayypsyran bolyan eken; yene birini gördüm bir elini köyneginiñ ashagynda bukup, ustundenem astyum geyipdir, hamala bir eli yok yaly dilegcilik edip yor, sooñ bir gun yolda dushdum welin iki elem yerinde eken... Nace aytsañ aydybermeli, sizem köp dushyansyñyz sholar yalylara, dilegcileriñ 80% diñe allap dilegcilik edyar. Umuman dilegcilere kömek etmek sogapmy? komek etman gecmeklik günami? Nahili pikirleriñiz bar bu meselede?

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir