Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Musulman doganlarym!, tutýan Orazalaryñyz we berýän sadakalarñyz kabul bolsun! Arada internetde "pul, kredit" hakda gözleg edip ýörenimde shol sanda pul bilen baglanshykly bir topar hadyslar bilen hekaýalar çykaryp berdi. Içinde bir türkçe ýazga gözüm düshdi(türkçä alergiýam bar bolansoñ srazu sho ýazga girdim :-) ). Özümä türkçe suwara bilmämsoñ ýazgyny google translate-de rurça tejrime edip, okap gördüm. Ýazgy diýseñ göwnüme ýarady. Umumy bu ýazgyda zekat(kömek) hakda aýdylýar. Bir baý, göwni açyk adamyñ iñ gowy usuly bilen müñlerçe köçede ýatýan pukaralary özlerine getirishi hakda örän manyly ýazlypdyr. Men köp samahyllap otyrmaýynla :). Sizler bilen paýlashasym geldi, okap netije çykaryñ!. Ýazgy hakdaky pikirleriñiz bar bolsa, ashakda beýan edip bilersiñiz! KARZ PUL Ülkesine dönmek üçin pula mätäç bolan bir ýigide, Amerikaly fizikaçi, filosof we döwlet ishgäri Benýamin Franklin sheýle mazmunly bir hat bilen jogap berer: Howa. 15-nji sentýabrda ýazan hatyñyzy almak mertebesine gowushdym. Halyñyz hakynda ýazan hatyñyz meni örän gynandyrdy, hatym bilen birlikde size on altyn gymmatynda bir çek iberýärin. Bu bir peshgesh däl, karzdyr. Ülkäñize baranyñyzdan soñra bu bergiñizi ödär ýaly bir ish tapmakda kynçylyk çekmejegiñizi umyt edýärin. Ol ýerde siziñ bashyñyzdan geçiren kynçylyga meñzesh bir ýagdaýda haýsydyr bir pukara gabat gelseñiz, maña bolan bergiñizi shol adama ödäñ. Sheýlelik bilen hem meni razy edersiñiz, hem bir biçärä kömegiñiz deger, hem-de bergiñizi iñ manyly ýoldan ödän adam bolarsynyz. Ýöne haýysh edýärin karz beren adamyñyza aýdyñ, ýagdaýyny düzeldeninden soñra sizden alan pulyny bashga bir mätäje bersin. Ynha bu shekilde on altynymyz bir päli ýamanyñ eline geçene çenli, ençeme pukara kömek eder. Sheýlelik bilen men az pula köp ýagshylyk etmegiñ syryny tapdym. Isleýishim ýaly kömek edere pulum bolansoñ muña mejbur galdym. Ýagdaýyñyzyñ iñ gysga wagtda düzelmegi üçin dileg edýärin, sizi ýürekden hormatlap, hatymy soñlaýaryn. Türk dilinden Türkmen diline tejrime eden: Röwshen Jumaýew Okanyñyz üçin sagboluñ!
Täsin Zekat
-
Goool
14 years ago
- yazanyn ucinem sana minnetdar! Gowy gowy
-
ozik
14 years ago
- oran manyly yazgy, sag bol minnetdar rowshen-jm
bashgada shun yaly manyly yazgylaryna garashyan.
-
Bravo
14 years ago
- Thanks.
Benjamin gow adam bolupdr.
-
Broker
14 years ago
- Salam hemma, sagja bol Rowshen-jm, wagt gidirip okanyňa degya, yene yazypdur, kredit meselesi boyuncha gyzyklandyryan soraglaryng bar bolsa menden arkayyn soraber. Kreditni otdelin bashlygy...
-
selwi
14 years ago
- basga bir saytdada su rowayaty okadymmykam diyyan lay.
-
Bravo
14 years ago
- Teswirlerde bolmaly
Cwetocek 14 years ago- oran gowy yazgy! Birhili temany okap hayr ishler edesim geldi... Kop kop sagbol rowshen-jm!!!