Bir obada örän agzybir ýashaýan mashgala bar eken. Obadashlarynyñ biri munuñ sebäbini mashgalabashydan sorapdyr. "Bu ýerde düshünmez ýaly zat ýok. Aýalym mydama meniñ bilen ylalashýar" diýip, ol jogap beripdir. - Seniñ aýalyñam beýleki aýallardan üýtgeshik däldir. Hemishe ylalashýan bolsa, shu wagta çenli saña garshy gitmäge delil tapan däldir. Gel, ony synap göreli. Sen ertir irden öküziñi satmaga äkiden kishi bol-da, meniñ howlyma getirip dañ. Özüñem günortana çenli meniñ öýümden çykma. Öýüñe bosh gaýt, aýalyña-da "sheýle-sheýle" diý. Eger shondan soñam "seniñki dogry" diýse, onda seniñ utdygyñ. Öz öküziñem, meniñkinem äkit. Tersine bolsa, utuldygyñ bolar, öküziñem mende galar - diýipdir. Agzybir mashgalanyñ hojaýyny aýaly bilen edil obadashynyñ öwredishi ýaly gürleshipdir. Öýlän öýüne baryp, ilki söz açypdyr: - Men-ä öküzi sygyra çalshandyryn. - Gowudygyny! Her gün irden gaýmak ýalarys - diýip, aýaly hoshallygyny bildiripdir. - Gaýmak ýalap bolansyñ. Sygry ite çalyshdym. - Oñarypsyñ, kakasy. Pishikler mäwleship, halys ýatmaga goýanok. Indi howlymyza aýak sekip bilmezler. - Entek gaty begeniberme. Iti horaza çalshaýdym. - Wah, saña döneýin kakasy, näme etmelidigini özüñ bilýänsiñ-le! Howlusynda horaz gygyrmadykdanam türkmen bolarmy?! - Horazy towuga çalyshdym. - Aklyñdan aýlanaýyn, kakasy. Getiren towugyñ guzlar durar. Bizem köze gömüp, ýumurtga iýeris. - Towugy telpege çalyshdym. - Tañryýalkasyn, kakasy, bolaýypdyr. Meni joralarymyñ gyjalatyndan dyndyrypsyñ. Idili telpegiñ ýokdygy zerarly utanyp, ile çykyp bilemokdym. Hany, telpegiñi görkez. - Bazardan gelýärkem suwsap, güzere egildim. Shonda telpegim suwa gaçaýdy. Suw akdyryp akidaýdi. - Meni bagyshlaweri, kakasy, ajygyp-suwsap gelipsiñ, men bolsam seni ýöne soraga tutup otyryn. Hany, el-ýüziñi ýuwup, saçagyñ bashyna geç, nahar iýeli - diýip, aýaly tarsa ýerinden turupdyr. Är-aýalyñ gürrüñini diñläp duran obadashy: - Telpek goýdum men size! Utulanymy boýun alýaryn. Bar, iki öküzem getirip, gapyñda dañ - diýipdir. Soñy. Cheshme: www.teswirler.com (Moderator)
Akylly aýal. (Tymsal.)
-
Broker
14 years ago
- ok sagja bol. namede bolsa gownum goterildi okanymda
-
didar27
14 years ago
- erkegi goterip biljek ayal sheyle bolmaly maxat dash edipsin,respect! :)
-
toocool
14 years ago
- Aý indi buwagtlar beýle aýal galdymy?!:)
-
hallboy
14 years ago
Mahat, berekella! Minnetdar!
Pikirim:
Beyle ayala mynasyp erkek yokdur.
Sebäp hich hachan erkek ayal yaly hojalygyñ yagdayyny bilmez. Erkek her eden ishine 5 kakyp gidiberse, mashgala byujeti 4 tarapa agar.
-
Cwetocek
14 years ago
- Gaty gowy tymsal! Hemmanize arzuw etyan:-)
indi tymsal barada pikirlerim:
ayal gaty dogry hereket edipdir. Durmusha cykanyndan son adamsynyn diyeni etmek her bir ayalyn borjy oyde erkek adamyn sozi yorese gowy. Ayal mashgalada adamsynyn her bir eden ishine hayyrlysydyr diyip garasa mashgala agzybir bolardy... Erkegi erkek etyanem ayaldyr,gara yer etyanem!
-
NB
14 years ago
- Minnetdar.
-
Bravo
14 years ago
- Okapdm. Thanks maxat agam!
-
Gurbangul
14 years ago
- Tymsal gowy eken.durmu6da bir birege du6unship ya6amakdan gowy zat yok.ma6galany agzybirlik berkitya.ahli meselede bir birek b.n maslahatla6maly,pikirler den gelmeli.sylany6yk 2 taraplaýyn bolmaly!
-
BA
14 years ago
- Salam hemmäñize! Max thank you. i was very glad to read that Egerde durmusda hemme adam beýle gowy bolsa biz ertekilerdäki ajaýyplyklarda ýa$ardyk.ýöne adam atany how ene diñlemän jennetden kowulypdyr.sonuñ ù.n diñe bir-biregi sylap, hormatlamaly.
Goool 14 years ago- Minnetdar maxsat agam! Arada bir gazetde dushdum shu tymsala, yazayyn diyip yaltanyp yordum, dash edipsiñ, gaty gowy tymsal!