Amerikaly alymlar hemişelik diş hatarynyň altynjy, ýedinji we sekizinji dişleriniň adamlarda belli bir ýaşda çykmagynyň sebäbini öwrendiler. Mälim bolşy ýaly, hataryň iň soňky dişlerine akyl dişleri hem diýilýär.

Ferra.ru web sahypasynyň ýazmagyna görä, barlagçylar dürli jandar görnüşleriniň kelleleriniň 3D modelini döretdiler. Olar beden ulaldygyça kelläniň üýtgeýşine syn etdiler we äňleriň ösüş depginine gözegçilik etdiler. Netijede, her azy dişiniň çykyşy ýeriň we wagtyň takyk gatnaşygy bilen kesgitlenýändigini anykladylar. Bu dişler özüniň çykmagy bilen paralel ösýän temporomandibulýar bogunlaryň işine päsgel bermeli däldir. Eger-de olar gaty ir çyksa, onda çeýneme mahalynda äň bogunyna şikes ýetirip biler.

Umuman alanyňda, azy dişleriniň, şol sanda akyl dişleriniň peýda bolmagy äňiň ösmegine we dowamlylygyna baglydyr we ol primatlarda öz gezeginde ömrüň dowamlylygyna bagly bolup durýar.

Täzelikler, Arslanalayew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir