Şahruh Hanyň uly ogly 23 ýaşly Arýan Han Bombeýdäki Cordelia Cruises gämisinde geçirilen reýdden soň Narkotik maddalary kontrol ediş býurosy tarapyndan tussag edildi.

Maglumatlara görä,Bolliwud ýyldyzy Şahruh Hanyň ogly Arýan Han narkotopara goşulypdyr.Arýan Han 7 kişi bilen bile 2021 ýyl 2 oktýabr güni Bombeý-Goa ugry boýunça syýahata çykan kruiz laýnerinde ele salynan.Ondan başga-da ýene iki kişi-Arbaz Set Merçant we Munmun Dhameça iş boýunça esasy gümanlanýanlar.

‌Şahruh Hanyň ogly Arýan şeýle hem“Neşe serişdeler we psihotrop maddalar dogrusynda”ky kanunyň birnäçe maddalary bilen,şeýle-de,neşe serişdelerini ulanmak,işläp çykarmak,saklamak we satyn almakda aýyplanýar.







*"Mesligem goýun göterer" diýleni.

Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir