Çeçenistanyň ýolbaşçysy Ramzan Kadirowyň uly gyzy Aýşat Kadyrowa Medeniýet ministri wezipesine bellenildi.

" Ol Çeçenistan Medeniýet ministriniň birinji orunbasary bolup işlän,bu bölümi dolandyran.Aýşat Çeçenistanyň Medeniýet ministri wezipesinde mündan beýläk hem möhüm netijeler gazanjagna ynanýaryn", - diýip ýazdy parlament spikeri Magomad Dawudow özüniň instagramdaky resmi sahypasynda.

Dawudowyň belleýşi ýaly ,öz işine jogapkärli çemeleşmegi netijesinde Aýşat Kadyrowa respublika kitaphanalary,medeniýet öýleri we teatrlarynyň ösüşine uly goşant goşdy,şeýlede Medeniýet ministrliginiň ähli ugurlarynda ýokary görkezjilere ýetdi.

Aýşat Ramzanowna Kadyrowa 1998 nji ýylyň 31 dekabrynda Çeçenistan respublikasynyň Kurçaloýew etrabynyň Sentoroý obasynda dogulýar.Ol Çeçen döwlet uniwesitetini tamamlaýar,2016 ýyldan bäri "Firdaws" modalar öýüniň drektory,geçen ýylyň sentýabrynda bolsa Çeçenistan medeniýet ministriniň birinji orunbasary bolýar.



*Ýaşululaň çagalara o:t ýaly,tüweleme.

Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir