I Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler, Günler ömrüñ eleginde elener. Yza dönmek islär däli göwünler, Geçen gün şäher däl – gaýdyp gelere. Her kimiñ geçenden bir ahmyry bar, Mende-de ahmyr bar. Ýöne men hergiz Seniñ ruhuñ bilen ederin mydar, Meniñ bar ruhumy direlden serwim. Ýolumyzyñ çatak düşeni üçin, Gam çekme. Bu derdi götergin merdem, Uruşdan aman-sag halas bolmak kyn, Has kyn halas bolmak ýatlamalardan. Düşüñ, ýatlamalar, köñlüme häli, Saralan ýapraklañ düşüşi ýaly. II Saralan ýapraklañ düşüşi ýaly, Solgun ýatlamalar giripdir köñle. Uçurdyñ eliñden arzyly ýary, Indi bir ýatlamañ söhbetin diñle. Köpler kimin duşmasam-da ýara men, Duýdum bu kalbymda çäksiz diriliş. Päklige düşündim şo duýgy bilen, Şoñ bilen başlandy iñ gözel durmuş. Duýmadym şoñ bilen gussa-gaýgyny, Soradym halyñy her bir geçenden. Öñde-soñda iñ päk – asyl duýgymy Alyp çykdym suwuñ, oduñ içinden. Ýollar kimin uzap barýar bu günler, Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler. III Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler, Wokzal. Front. Al gan örtüpdir gary. Gysdy penjesine ölümli günler, A men, näme üçindir, ýene-de diri. Buguñ eteginde ýazyldym ýere. Öldüm. Soñ seretsem, ýene-de diri. Berliniñ öñünde öldüm men ýene. Öldüm. Soñ seretsem, ýene-de diri. Señ bilen ýylyndym çygly zeminde, Señ bilen, eý, meniñ şatlygym, görgim. Ähli ölümleri öldürdim şonda, Özüm üçin, hemem señ üçin, serwim. Töwerek gümmürdi, töwerek däri. Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary. IV Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary, Özi bolsa gidip otyr ummana. Indi seni baky dünýeden bäri Görüp biläýjegim örän gümana. Ýöne mahal-mahal iñrik garalyp, Seni ýatlap, oý edemde uzak, ýar, Azaşan ýolagçyñ geýmine girip, Meniñ söýgim meniñ gapymy kakýar. Kämil bolup, aklym ýetdi bir zada: Mydam köñül arzuwyna ýetme ýok. Bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde, Ýaşamagam iki gezek berlenok. Her günüñ – bir ömür, bir uly sene - Söýgi günleriniñ adaty, ine. V Söýgi günleriniñ adaty, ine: Her günüñ – açyşdyr, her günüñ – şatdyr. Onuñ algebrasyn çözersiñ. Ýene Birini ýazansyñ, ikisem ýatda. Meniñ söýgim şeýle kämil çykypdyr, Eger sen dönäýen bolsañam daşa, Söýgim gursagyña girip, diýerdi: “Sen meni ýaratdyñ. Indem sen ýaşa!” Bir gösem-ä, saña elim ýetenok. Bir görsemem, ruhumda sen, sen golaý. Bir özüme gökde ýyldyz az ýaly, Ikimize welin, ýeterlik olar. Ýatlama-da sary, gussa-da sary. Yşk lezzeti köñli guçýar günsaýy. VI Yşk lezzeti köñli guçýar günsaýy, Ol lezzet bahardyr ýar bilen ýara. Baglañ pyntyk ýaryşy deý mart aýy, Ähli duýgularyñ pyntygyn ýarar. Şeýdip, mana düşer ýigdekçe, ine. Nädogry ýaşaýşy birden sazlaşar. Düşüner ol Aýyñ gözelligine, Lukman bolup güller bilen sözleşer. Aşyk ýigit bilen söhbet açma kyn: Şol wasp eder otyr ýerdäki aýyn. Demigip gürrüñ biýr saña günuzyn, Ol uzyn gijä-de taýyndyr taýyn. Köñül öwşün atmaz yşkyñ nuruna, Aşyklar duşmasa biri-birine. VII Aşyklar duşmasa biri-birine, Bir deñze guýmasa ol goşa derýa, Ähli umyt siñer ýeriñ şoruna, Ähli geljek göni geçmişe barýa. Men seni soraglap gezýän dünýäni, Seni tapjak bolýan şamu-säherden. Bu gün bu şäherden otla münýärin Taparyn diýp başga oñat şäherden. Sorag belgisi deý garañky gökde, Egri aý soragly bakýar gözlerme, ...Ýyldyzlar uzakda, şeýle uzakda, Uzaklygy çalym edýär gözlerñe. Ýürekler almasa söýgüden paýy, Dogmajak ýalydyr güni hem aýy. VIII Dogmajak ýalydyr güni hem aýy, Aşyk ýigit aýra düşse ýaryndan, Ýöne gam çekmekde, heý, many barmy? Bu ýeke-täk ýolmy ýollañ baryndan? Söýgi hasrat däldir. Ýürekde dörän, Hiç mahal guramaz baldakdyr baldak. Men söýgini belent göterdim örän, Misli maña tabşyrylan al baýdak. Men ölerin. Şeýdip mazarym dörär. (Alaç barmy – tebigatyñ emri bu). Söýgim gelip mazaryma büdürär Hem bir ädim uzaldar meñ ömrümi. Söýgim gözýaş döker üstümde günde, Her hal säher tüm çetinden jyklanda. IX Her hal säher tüm çetinden jyklanda, Suwy süýjän alma kimin dañ atar. Şeýdip, ýarym, dünýe gezen ykmanda, Günüñ mis naýzasy zemine ýeter. Sen meniñ bagtymmy ýa meniñ gaýgym? Bagtymmy? Gaýgymmy? Ony kim bilýär. Seslen sen, seslen sen, eý meniñ söýgim, Saña oñat sözler aýdasym gelýär. Men sensiz şatlykda ýaşadym, arman, Örän köp şatlykdan ýadadym-irdim. Seni tapsam, şat şäherde ornuñ bar. Gussa şäherimi bagta öwirdim. Şonda bagtym üste uly gün dogar, Rugsat berenden soñ haýbatly horaz. X Rugsat berenden soñ haýbatly horaz, Başlar baky urşy “ýok” bilen “baryñ”. A men sen barada ýazaryn gazal, Oñarsam gussamy ilden gizlärin. Öterin men ähli deñizden, otdan, Goý, ot bilen suwdan bolsun ýazanym. Söýmek üçin mertlik gerek bar zatdan, Seni söýüp, soñra mertlik gazandym. Döredi öñümde gomlaryñ beýgi, Ýeñdim men olary ýeñşi deý gämiñ. Belki, myradyna ýetmedik söýgi Ýeten söýgülerden kämildir kämil. Bu dünýe jemidir (oý ediñ, barlañ!), Ähli duşan hem duşmadyk ykballañ. XI Ähli duşan hem duşmadyk ykballañ Dünýesidir biziñ ümmülmez dünýä. Duşanlary – bir ýassykda uklarlar, Duşmadyga – bir ýassyk az görünýä. Şu gün köçämizden bir gözel geçdi. Kim ol? Ady näme? Gelipdir nirden? Ol saña şeýle bir gaty meñzeşdi, Señ adyñy tutman saklandym zordan. Sen sesimi eşden bolsañ eger-de, Ýüregñi gyýardy ol misli päki. Men nirde ýansam-da, doñsam-da nirde, Seniñ rahatlygyñ bozmaryn baky. Seniñ rahatlygyñ bar bolsa eger, Üstünden lowurdap tylla Gün dogar. XII Üstünden lowurdap tylla Gün dogar, Oñatlygyñ hemem erbet pälleriñ. Onuñ örän uly aladasy bar – Olam aladasy uly şarlaryñ. Ýogsa onuñ özem men diýen aşyk, Şol ylgap ýör. Oña pellehana ýok. Her günde bäş sany materik aşyp, Şindem Aý ýaryna duşup bilenok. Ýöne ol ýyladýar duşmadyklary, Aýa duşman, edýän ahmyrna derek. Bize-de, Gün ýaly, gussajyklary Öz nurumyz bilen gizlemek gerek! Oñatlyk, nur ýagsa ýagmaly wagty. Söýülse, Gün dogsa dogmaly wagty. XIII Söýülse, Gün dogsa dogmaly wagty, Sekiz elli gussañ manysy ýokdur. Iru-giç päk bolsa ynsanyñ bagty, Başda söýýän wagty ýüregi päkdir. Söýgiñ bilen maña beren päkligiñ Bu başymy belent göge ýetirdi, Meniñ ykbalymda seniñ ýoklugyñ Maña juda tämiz gussa getirdi. Seniñ gussañ bilen galdym belende, Seniñ gussañ bilen ömrüm abatlyk. Gussa söýgi bilen dörän bolanda, Dünýede iñ tämiz şatlykdyr şatlyk. Guramaz dünýede söýgiñ daragty! – Ine, adamzadyñ iñ zerur bagty. XIV Ine, adamzadyñ iñ zerur bagty: Söýgi bet pygyldan çykýandyr üstün. Siz şeýle bir söýüñ, şeýle söýüliñ, Goý, gökde ýyldyzlañ gözleri gitsin. Söýüp – peslik, pislik köküni gyryñ! Söýgi bilen söýüñ! A söýgi giñdir. Her hal geçmişimden ýokdur ahmyrym, Çünki meñ geçmişim – seniñ söýgiñdir. Seniñ aýdyp ýetişmedik sözleriñ, Ýañakda gijeden yz galan halyñ, Seniñ meni gözläp ýören gözleriñ – Şudur ähli geçen, geljek ykbalym. Gör, eýýäm iñrige gark bolupdyr ýer, Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler. * * * * * * * Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler, Saralan ýapraklañ düşüşi ýaly. Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler, Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary. Söýgi günleriniñ adaty, ine: Yşk lezzeti köñli guçýar günsaýy, Aşyklar duşmasa biri-birine, Dogmajak ýalydyr güni hem aýy. Her hal säher tüm çetinden jyklanda, Rugsat berenden soñ haýbatly horaz, Ähli duşan hem duşmadyk ykballañ Üstünden lowurdap tylla Gün dogar! Söýülse, Gün – dogsa dogmaly wagty, Ine, adamzadyñ iñ zerur bagty!
SÖÝGI
-
hallboy
14 years ago
- Minnetdar Atdash.
-
Mahek
14 years ago
- Sag bol hallboy. Sen bu zatlary ýatdan ýazdyñmy?
-
Cwetocek
14 years ago
- Kop kop minnetdar!!!
-
Cwetocek
14 years ago
- Soz.
Sozung agramyny olcemez tonna,
olcemez guyjuni milyon kilowat.
Soz-yalangac pikire gyrmyzy dondur.
Soz bar-kime shapbat,
soz bar-kime bagt.
Dunyede ing beyik shypa sholangky.
Shatlygmyzy singdiryaris sholara.
Dunyede ing beyik jepa sholangky,
hasratymyz singdiryaris sholara.
Soz-bu gazap bilen cakan yyldyrym.
Soz-bu gyz nazidir,durleng-durudir.
Basharmasang-ol ocugsi yyldyzyng.
Basharsangam lowlap duran gunungdir.
-
Cwetocek
14 years ago
- Giderin,giderin,
uzakdyr yollar,
soyerin.ishlarin.
Aglap-gulerin.
Kim men? Name
gadym dunyang yuzunde?
Men bulary olemden song bilerin.
Ayagymy duzdum dowrun ayagna.
Sesine ses goshdum beyik dowruming.
Bir aladam: nace sahap bolarka,
"saylanan gunleri"
yashan omrumin?
-
Goool
14 years ago
- Säher turup...
Säher turup, syl ýüzüňe
çagaňy,
Päkliginde bolup bilsen
şonça bol.
Sen sanama gara saçyň
agyny,
Sen sag-aman öreniňe monça
bol.
Biz hemmämiz şatlyk üçin
doguldyk,
Şoň üçinem geçdik, ine,
şunça ýol.
Şat günleriň köp bolmanna
gynanma,
Şat günleriň bolanyna monça
bol.
Goňşyňy gozgama, göçmesin
gonşyň,
Goý, öçmesin sen ölçerme
oduny.
Aýaklaryň ätjek ädimin äder,
Göreçleriň görer görjek
zadyny.
Säher turup, syl ýüzüňe
dünýäni,
Giňliginde bolup bilseň
şonça bol.
Bu dünýäne mahsus ähli
zatlaryň
Senden sowlup geçmeýänne
monça bol.
Erbet bor bu baglar geçse
deňiňden ,
Bu ýagyşlar seniň uçin
ýagmasa.
Bagy ikiýana bulanda tupan,
Zerur çygy gül ýüzüňe
degmese.
Gykuwlaşyp geçip gitse
deňiňden,
Durnalaryň ýyllar kimin
hatary.
Seni gozgamasa beýik
ýaşaýşyň ,
Çözülen hem çözülmeli m a t a l
y .
Şoň üçinem syl ýüzüne
dünýäni,
Özüň hakda, goňşyň hakda
pikir et,
Bu dünýäňe mahsus ähli
zatlaryn
Senden sowlup geçmeýänne
şükür et.
-
Cwetocek
14 years ago
- Bu nenengsi geng gylyk?
Nirden gelip yolukdy?
Ondan gacyp nirede,
na deshige summeli?
Ine,agsham natanysh
menin gapymy kakdy,
gownume,shong kisesi
kesgir mawy gamaly.
Yel shuwlayar dasharda,
gelip uryar penjira.
Misli kepen gunduz gar-
yerde yatar nicezar.
Hey,gun bormy mundanam,
yurek dushupdir penja,
shol gazaply garapenje
ezyar ony myncgayar.
Cyrany sondursem birden
goyy tumung icinden
gaplap alyar dashymy
egri-bugry geng yuzler.
Aydyng ahyr,hacana cen,
hacana cen,hacana cen.
Manga bakyp iyjek meni,
gorulmedik wagshy gozler?
Bu namaning alamaty
yadawlykmy ya jezamy?
Ol gozler na gozleyar,
name olang maksady,
cekip cydar yaly dal,
bu dushnuksiz yzany.
Halasgarim,diregim,
basymrak dang atsady.
-
Cwetocek
14 years ago
- Bilyan,yyl dolanyp,asyrlar gecer,
bulutlar gocerler,coller-de gocer.
Shonda damja donsem,bolar bir karim:
men elmydam teshneleri gozlarin.
Eger baga donsem,bolar bir karim:
men ynsana saya salmak islarin.
Yyldyz bolup aralashsam aleme,
sheyle ykbalymdan sahel nalaman.
Yasharyn uzakda bir arzuw bilen,
ynering adamlarna garasharyn men!
-
Goool
14 years ago
- Razy
Ynsana bagt üçin nämeler
gerek?
At gerek, ýol gerek hoş hyýal
bilen;
Her goşgymda kämil bolmana
derek,
Onuň barha kyn düşýänne
razy men.
Razy — çynym bilen sadany
söýýän,
Razy — halal saçagymda
çöregim.
Razy — çalarypdyr saçlarym
eýýäm,
Razy — hernä üýtgemändir
ýüregim.
Razy — günler ýüpek
sowsana döndi,
Razy-—ýüregimde özgäň
agysy.
Razy — «Mydam Güneş
bolsun-a» doldy,
Asman bilen şu zeminiň arasy.
Razy — köp büdredim çaga
mysaly,
Ýalňyşdym, ökündim
ilkibadalar.
Şonda gökden inen perişde
ýaly
Duşdy maňa oňat-oňat
adamlar.
Razy — köçelerim, ýüregim
ýagty,
Razy—kükregimde diňenok
owaz.
Berdi maňa bir ömürlik bu
bagty
Geçip barýan ýaşlyk, geçip
barýan ýaz.
Razy—joşdum topragymyň
toýunda,
Duzuny syladym, sowuşdym
ýasyn.
Eziz maňa şu topragyň
goýnunda
Wysal bolan hem bolmadyk
yhlasym.
Gerekli pursatym indim äleme,
Begendim, söýüldim, çekdim
men zary
Ine, şu zatlaryň meniň täleýme
Miýesser edenine muňde bir
razy.
-
Cwetocek
14 years ago
- Ongarsang,
bar zady ongatlyga yor,
belki-de yorgudyng yerine dusher.
Ikibashdan,gundogarda gun dogar,
ikibashdan,gunbatarda gun yashar.
Ikibashdan,yigreniler,soyuler,
kimse yere gider,kim dorar yerden.
Ikibashdan,bizing kone duygular
kone yaralar dek acylar birden.
Kone duygularmyz shatlyk mysaly,
bir ajap saherde gun bolup dogar.
Ongarsang,ongat tut kongulde pali,
ongarsang,bar zady ongatlyga yor.
Yaramaz duysh gorup,yorme dumanda,
yaqamazlyk bolmasa,seng kuyungde,
hanha,yyldyz suyndi gitdi asmanda,
caga dogdy gongshymyzyng oyunde.
-
Goool
14 years ago
- Yashlyk
Gazaply kazy deý, mydam
başymda
Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-
şyk.
Düýnuň özem garaşýardym
ýaşlyga,
Bu gün bolsa, geçip barýar şo
ýaşlyk»
Bir zada düşünýän;
şowhunly
günler
Al atymy çapyp ýören haladym,
Öňümden çykana gül
ýaşlygymy
Hormat ezdip, sowgat kimin
paýladym.
Jomartlygym üçin
«sagbolsunlara»
Ýüzüm göge tutup göçer
ýörerdim.
Ýaşlygymy gerekmejek
dostlara
Hem boş söhbetlere seçer
ýörerdim.
Öwgülerden humar bolup, gijeler
«Alyň!» diýip, kişiň gapysyn
kakdym.
Ýaşlygmy gül edip, jomartlyk
bile,
Söýmeýän gyzlarmyň döşüne
dakdym.
Men- ony boş gijelere
paýladym.
Men ony
Boş gürrüňlere paýladym.
Ine, bu gün uly döwletden galan
Köpüklermi ahmyr bilen
sanadym.
Neçün beýle bolýar? Ilki
ýalňyşyp ,
Soňra ökünç bile egilip ýörüs!
Jaýymyzy çilim çekip,
tüsseläp,
Soňra tüssämize bogulyp ýörüs!
Ah, bu gün säherem şeýle bir
çytyk,
Bolaýmagy mümkin tüýs
ýagyşly gün.
Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady,
Biz özümiz ýitirýäris ýaşlygy...
soñkyja iki setiri super yazylan meñ ucina!!!
-
Cwetocek
14 years ago
- Bagt
gije-gundiz gyrmyldap yor ayalmyz,
bize yylgyrmaga degenok eli.
Bizing weli,bashga yerde hyyalmyz,
bashybosh dullara gowshuryas guli.
Gownume bolmasa,shol dul ayalyng
bu dali gowune mahri kan yaly.
Unudyang yagyshda buyup duryanyng,
unudayyang ongatlygy kayarym.
Ayalymyz suwaryp yor gulleri,
yuwyar,seryar cagamyzyng arlygyn.
... Bagta garashyarys ong yok gunleri,
bagtly gunler duyamyzok barlygyn.
-
Goool
14 years ago
- Maňa seniň gözleriňden gitme
ýok
Maňa seniň gözleriňden gitme
ýok.
Maňa seniň sözleriňden gitme
ýok.
Düşün, bu dünýäde soňky güne
çen
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly
men .
Seniň ýüpek gijeleriňden gitme
ýok .
Seniň aýdyň gündizleňden gitme
yok.
Bu garagol jahyllykdan giderin.
Ol hasaly gojalykdan giderin .
Çünki men olardan gitmän
bilemok .
Emma seniň ykbalyňdan gitme
ýok .
Men zemin .
Sen bolsa ullakan asman .
Saçyňy nur edip üstüme
dökýäň .
Emma ,düşün ,läläm, şeýle gün
dogar:
Saçlaryň gar bolup üstüme
ýagar .
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme
Gararyn belentden ýeriň
ýüzüne .
Men bir gyzda gözleriňi görerin .
Men bir gyzda sözleriňi görerin .
Şapakda görerin-ýaňagyn alyn .
Gijede görerin –ýaňagyn halyn .
Synlap ýapraklaryň ýüzünde
deriň ,
Onda seniň gözýaşyňy görerin .
Zemin aylanyp dur ,
Oňatlyk örän !
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma
ýok .
Dünýäň her gülünde men seni
görän ,
Şonuň üçin bu dünýäden gitme
ýok.
-
Goool
14 years ago
- Razy men bu dünýäden
Razy men bu dünýäden
Ömür boýy pikir edip
Diýjek sözum diýip gitsem
Watan duzun doly haklap
Beren duzyn iýip gitsem
Razy men bu dünýäden
Üşän wagty ojar bolup
Dostum üçin köyüp gitsem
Müň gözeli gowy görüp
Bir gözeli söyüp gitsem
Razy men bu dünýäden
Yamanlara diken bolup
Yüreklerine batyp gitsem
Al gül bolup ýagşylaryň
Toýlaryny tutup gitsem
Razy men bu dünýäden
Ajal bilen dikleşemde
Aglap dälde gülüp gitsem
Bu dünýäde artyk bolman
Kem boljagymy bilip gitsem
-
Goool
14 years ago
- Hamala çagalyk geçmejek ýaly
Hamala çagalyk geçmejek ýaly,
Çagalygyň kenarynda kän
durdum.
Bu dünýe durşuna sowaldy
maňa,
Şo sowallaň jogabyna näm
berdim.
Ol şeýle kenardy,—
Beýik kenardy,
Alkymynda sorag Adasy bardy.
Aňyrsynda bolsa, başga bir
beýik,
Başga bir giň kenar uzap
gidýärdi.
Ol şeýle bir uzak,
şeýle çuň eken,
Ol şeýle bir beýggk,
şeýle giň eken.
Çeker şatlygyny diňe
gögeren,
Gaýgysynam diňe göteren
çeker.
Şo kenara gelip oý edil ýörün,
Ýygnap ýeňil, agyr soraglaň
baryn —
...Ne bir o kenarda jogal tapdym
men,
Ne bir bu kenarda jogap
tapýaryn.
-
hallboy
14 years ago
- Berekella !
Minnetdar, Gul, Goool.
-
Goool
14 years ago
- Paralleller kesişmeýär hiç haçan
Seniň ne dostuň bar, ne
duşmanyň bar,
Sen elmydam çetde,
elmydam ümsüm.
Sende ne gahar bar, ne-de
mähir bar,
Sen salgymy? Sen kölgemi?
Sen kimsiň?
Seniň ne ajyň bar, ne-de süýjiň
bar,
Il derdine ne agladyň, ne
güldüň.
Öz külbäňe daşap bilenňi daşap,
Ýene bu dünýäden nägile
bolduň .
Sen durmuşy syçan kimin
gemirdiň,
Seretdiň köpräk, arzan alarňa.
Siňdirdiň öz ruhuň bar
boşlugyny,
Şikaýatlaryňa,
Arzalaryňa.
Il Fronta soňky nanyn
emlände,
Ýowuz günler düşeninde
başyna,
Sen beýikden beýik sütün
dikeldip,
Tikenek sim aýlap dykdyň
daşyňa.
Biz
soňky pillämiz guýjumiz
jemläp,
Jepa çekip örboýmuza
galypdyk
Ahmyr bilen! “Bu durmuşy
ýene bir
Kerpiç beýgeldäýsek” diýip
ölüpdik.
Sen biz bilen bir köçeden
ýöreýäň ,
Göräýmäge,
ýollarymyz bir ýaly.
Emma syn edäýsek içginden-
içgin!
Sen bir başga
Biz bir başga dünýäli.
Ýok!
Sen günüň ýüzündäki menek
sen,
Bu gün sen perdäňi açýaň aç-
açan
Seniň ýoluň
ýodumyza parallel!
Paralleller kesişmeýär hiç
haçan!
-
Goool
14 years ago
- cwetocek bolda yazda dine menmi indi?!
-
dilya87
14 years ago
- Salam agzalar hally goool gowy ýazypsyñyz berekella
-
Goool
14 years ago
- Eger seni özüm döreden bolsam
Eger seni özüm döreden bolsam
Hyýalymda, arzuwymda her
günüm,
Näçe jan etsem-de, hyjuw
etsem-de
Seni beýle söýüp bilmezdim,
gülüm;
Eger seni özüm döreden
bolsam,
Bolmazdy söýgimiň gizlin
manysy. ;
Ähli zat meň üçin bolardy
aýan —
Söýgiň ajap syrlarynyň barysy.
Sen, gülüm, meň üçin täsin bir
dünýa,
Ony täsin edýän syrly
duýgudyr.
Söýgi diýmek — şo duýgynyň
manysyn
Düşündirmek kyn bolanda
söýgüdir.
Düşündirip bolýan zatlaň
barysy,
Söýgi däl, biz muny ozaldan
bilýäs.
Söýgi—-galaryňdan beýikdir
beýik,
Söýgi — boýlaryňdan
çunurakdyr has.
Şonuň üçin seni döreden
bolsam,
Hyýalymda, arzuwymda
sünnäläp,
Gijeler hesretden syýa
dönerdim,
Ýazardym hesretden gije-
gündizläp
-
Goool
14 years ago
- Myhmancylykda aydylan tost
Entek sadalykdan zyýan çeken
ýok,
Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz.
Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen,
Bereketli gelsin tylla güýzüňiz
Törüňizde hemişelik guralan,
Ýumşak sallançagyň ýatmasyn
bady.
Saçagňyzda çörek, duz haltada
duz,
Söznmesin ojakda ojaryň ody.
Duluňyzdan gelin baksyn aý
bolup,
Tüýnügňizden gelin bolup, aý
baksyn.
Ýaman niýet bilen işikden giren
–
Ýagşy niýet bilen işikden
çyksyn!
-
Goool
14 years ago
- Menem söydum...
Menem söýdüm söýülmedik
juwany,
Menden başga bagtly baryn
bilmedim,
Ýöne mydam Aý astynda
dostlarmyň
Söýgi hakda söhbetini diňledim.
Menem bagtly boldum ýagty
dünýäde,
Menden başga bagtly baryn
bilmedim.
Ýöne ot başynda dünýäni
undup,
Bagtlylaryň söhbetini diňledim.
Ýok, men muny bilgeşleýin
edemok,
Adamlara gulak asman
bilmedim.
Begendim, gynandym, söýdüm,
ýigrendim.
Elmydama özgeleri diňledim.
Indi bilenimden ýazýaryn
aýdym,
Öz-özümden monça bolýan,
ýeňleýän ,
Ýöne sähralara çykamda, ýene
Özgäň düzen aýdymyny
diňleýän.
-
Goool
14 years ago
- Hemmeler sylaýar
«kiçigöwüni»
Hemmeler sylaýar
«kiçigöwüni»,
Ol bolsa sylagdan humardyr
humar.
Öwülse,
Keýip bilen süzüp gözüni
Diýer «ÝOK, adamlar,
kemçiligim bar»
Onsoň gussa bilen saňa garar-
da,
Kemçiligin sanar
Okaýan deý aýat.
Onuň kiçigöwünligi barada
Dörär şeýdip, ýene-de bir
rowaýat.
Öwüleni üçin
Olam öwen bor.
Üns bilen diňlär ol, ýakymly
gürlär,
Awtobusda boş bolsa-da
onlap ýer,
Giren goja öz ornuny
hödürlär.
Ýöne bir gün düşse tankyt
astyna,
Ol hakyky ýüzün açar dessine.
Uwlar ol,
Ýarar ol gazapdan doly,
Guýrugna basylan möjek
mysaly.
-
Cwetocek
14 years ago
- Ine baryang umydynga budurap
egning horlugyna utanyp cala
uzakda orkestr joshup titirap
oglanlar tans etyar owadan gyzlary bilen
hor elleringi cykarangok yengingden
olar birden yere yetayjek yaly
gecip baryang yigitlering denginden
gulaga yakymsyz bir saz mysaly
undup bilman gormeksizje doglanyng
yuregingde hosh arzuwlar besleyang
gecip baryan bir syratly oglanyng
mylakatly soz aydarny isleyang
emma,yigitlering oz gaygysy bar
yorite yag bilen saclaryn darap
olar wagtdanam ozup baryarlar
ozlerning owadan gyzlarna tarap
ah,horja gyz! Horlugyngdan horlanyang
sanga hosh soz diyjek yigit nirede?
Bu shaherde nace diyseng yigit bar
seni oye ugradanok biride...
Gyzlaram yanynga delmurup gelip
owadan gulshup yuregnge dushyar
ozlerning gormegni artdyrjak bolup
gezegine sening bilen tirkeshyar
oye gelyan,gyyar yuregngi unji
hasratdan cekilyar iki owurdyng
aglayarsyng ah ejejan name ucin
meni beyle betgelshik dogurdung
emma gongshy gelin bir gormegey dul
atasyz ogluna gunali bakyar
hem sening tersinge gussa gam cekyar
diyyar "owadan dogulma bagtly dogul" .
Aglama gyz uyajygym gam cekme!
Bilip bolmaz ykbalyngy ongunden
bu howlukmac yigitlere at dakma
sowlup gecenok oz bagtynyng denginden
kate sheyle bolyar gorkdir gormek
gidip otyr il icinde at alyp
yone name ucindir tylla yuzuk dek
yolda gum icinde galyar sadalyk
tekepbir bol cykyp bolmaz gaya dek
sada bol aylaryng dogshy yaly
sheyle yigitler bar olar bar entak
sen dek gayalarda olang hyyaly
-
Cwetocek
14 years ago
- Salam dilya hally goool!
Beh yetishemok:-) elde yazamsong
-
Goool
14 years ago
- sag bol durmuş
sag bol, durmuş
sag bol, durmuş!
sag bol bereniň üçin.
şükür, saçagyma kemenok çörek
ýöne adam
çörek bilen adam däl,
oňa başga -da kän,
kän zatlar gerek.
sag bol, durmuş!
sag bol bereniň üçin.
ýagyşlaryň üçin, garlaryň üçin
ýöne ýagyş, gara juda höwrügip
adamyň hasratdan ölmegi
mümkin
sag bol, durmuş!
sag bol bereniň üçin.
il deňinde ýar ýerine ýar berdiň
ýöne ýaryň saçyn ýassyk edinip
ýatmak gylygyna syganok
merdiň .
dahana söz berdiň waspyn
diýere
dost berdiň şol dosta mynasyp
saýyp
dost kyn günüň gerek
duşmanam berdiň
şat günümde aglap biljek ajaýyp.
saglyk berdiň, duýgy berdiň
köňlüme
dözdüň meni gyşyň aňzak ýeline
şu zatlaryň aşagyndan çyk diýip
iň soňunda galam berdiň elime
gije-gündiz galamymy
oýnatdym
habar sorap gülden, ýagyşdan,
guşdan
aşagyndan çykar ýaly däl eken
kän zat alan ekenim men
durmuşdan
ýöne neçün
mende kinäň bar ýaly,
berenlerňi alýaň ýuwaş-
ýuwaşdan?
ýa-da onuň bolmalysy şeýlemi?
eýýäm aýra düşdüm niçe deň-
duşdan
atyň eýerinde tanys oýnaýyn
ýolbars deý böwseýin oduň
halkasyn
köp zat berdim diýip gynama
meni
berenleriň üçin taňryýalkasyn
pursat ber, howlukma,
gyssama meni,
älemgoşaryňa bir gaş kakaryn.
öňümde ak kagyz
elimde galam
menem bir gün bergilemden
çykaryn!
-
Goool
14 years ago
- uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi
eýýäm güneş batypdyr,
aý-da agyl atypdyr.
garagolja serdarym
süýji uka batypdyr.
günler aýlara bakar,
aýlar ýyllara bakar.
on sekizin dolduryp,
serdarym ata çykar.
jahyllygyň ýaşynda,
yşk gaýnar döşünde,
obamyzyň gyzlary
seni görer düýşünde.
ýaryň geler ýanyňa,
eneň geler zaryňa.
sen maňa az bakarsyň,
köp bakarsyň ýaryňa.
gyş ýaza sesin goşar.
bahar kösük ýetişer,
gelin-gaýnyň käwagt
arasyna tow düşer.
malyň göwni ýazlarda,
lalyň göwni sözlerde.
meniň göwnüm sendedir,
seniň göwnüň düzlerde.
jorama duşan ýerim,
balam, seni öwerin:
gelniň ýuwar köýnegňi,
men dolagňy ýuwaryn.
daş oba düşse ýoluň,
gyş bolsa sagy-soluň,
ilki eneň ýat eder.
onsoň ýatlar aýalyň.
miwe köp bolsa eger,
bag başyn aşak eger.
saňa zyňylan daşlar
eneň pahyra deger.
epilýänça bil, balam,
bir dilegim, bil, balam,
maňa köp zat gerek däl,
köpüň ogly bol, balam.
kim serer kak-gurduny,
kim söýer halk merdini,
derdiňi men göterýän,
sen göter il derdini.
aýdan akdyr ýüzleri,
şirin -şeker sözleri.
bu ukusyz gijäniň
ýellenipdir gözleri.
bu dünýe ýogy-barym,
bar myradym, mydarym,
kötel ýollaň küpletin
soň bilersiň, serdarym.
-
Goool
14 years ago
- seni söýdim
seni söýdüm. söýüp bir gez
beýgeldim
seni söýdüm. has giňedi bu
dünýäm.
ol ýeňles gylygma gazaply
boldym
öz durmuş ornyma indi
düşünýän.
adamlara has ynamly garadym
ýeňiş bilen tamam boldy
gözlegim
kyn pursatym medet berdi
kalbyma
jadyly däl- seniň ynsan gözleriň
kim men? şu günlere çen
seni söýüp kimdigimi bildim men
ýeňil gopdym başymdaky öýme
dek
diýdim “ejiz bu dünýäde
söýmmedik”
seni söýüp göz ýetirdim bir zada
kynçylyk ýok
ejizlik bar dünýäde.
-
Goool
14 years ago
- dogañda dogupsyn gashy
surmeli,
zulplerini ogshap-ogshap
yormeli,
bagty gormek islan seni gormeli,
dushumlidir, gulum ayagyñ senin.
kim diyer yaz guli owadan bolar,
kim diyer guyz guli owadan bolar,
soradym yurekden, yuregim diydi,
"her kimin oz guli owadan bolar"
ençe dil bolsa-da dünýäde äşgär,
söýginiň sözlügi bir bolar janym.
maňa gürji dilin bilmek ne derkar,
saňa diýmek üçin: "sen meniň janym..."
-
Goool
14 years ago
- komekleshiñhow sizem, menä yazyp yaltanamok gaytam lezzet alyan!
sebäbi meñ yashayan köcämiñ ady gurbannazar ezizow!
-
hallboy
14 years ago
- O-o-o-o... Sen-a bagtly ekenin. )))
-
Goool
14 years ago
- topragym
seniň duzyňy iydim, nanyňy
iýdim
galplygam etmedim, hudaýa
şükür
käte göge galdym, kä gökden
indim
emma hiç ýitmedim, hudaýa
şükür
ilkinji sözümi senden başladym
duzuňy syladym- ýalan
ýazmadym
diňe seniň gyşyň bilen gyşladym
diňe seniň yazyň bilen yazladym.
ýitirenmi seň goýnuňda ýitirdim
tapanymam seň goýnuňda
tapdym men
sen bolaňsoň dünýä akyl
ýetirdim
onuň ähli peslik şatlygy bilen.
-
Goool
14 years ago
- topragym
seniň duzyňy iydim, nanyňy
iýdim
galplygam etmedim, hudaýa
şükür
käte göge galdym, kä gökden
indim
emma hiç ýitmedim, hudaýa
şükür
ilkinji sözümi senden başladym
duzuňy syladym- ýalan
ýazmadym
diňe seniň gyşyň bilen gyşladym
diňe seniň yazyň bilen yazladym.
ýitirenmi seň goýnuňda ýitirdim
tapanymam seň goýnuňda
tapdym men
sen bolaňsoň dünýä akyl
ýetirdim
onuň ähli peslik şatlygy bilen.
-
Cwetocek
14 years ago
- Gowdgny kocanizem gurbannazar ezizowyn adynamy?
-
Goool
14 years ago
- artyk däl ekenim ýeriň ýüzünde
sen geldiň-de,
garyp köňlüm baý etdiň.
ýöne,
nämeüçindir
ynjalygym ýok.
sen maňa bagt berdiň örän
ullakan,
ony nädip gorojagymy bilemok.
ýöne säher säher bagtymy
öpüp,
görýän öz-özümi seniň gözüňde
her hal, ýolda ýatan daş däl
ekenim,
artyk däl ekenim ýeriň ýüzünde.
-
hallboy
14 years ago
- Söýgim
Söýgim — juwanlykda açylan gunça,
Söýgim — kämillikde mäkäm diregim.
Ýlňyşyň, näz ediň,
Ýeke dilegim,
Söýmäň meniň goşgularym boýunça.
Söýüň säherleri täzeden açyl,
Söýüň bar ýürekden.
Söýüň wepaly.
Söýüň
Ynsan ogly şunça ýol geçip,
Sizden öň söýüşii görmedik ýaly!
Gurbannazar Eziz
-
Goool
14 years ago
- Serpaý
söýüň meni yürek söýgi
küýseýär,
şeýlebir küýseýär ýok çaky çeni.
ýekeje adama ýeterlik söýgi
bilen bir pursatlyk söýüň siz
meni.
maňa kän zat,
uly bir zat gerek däl,
eliňizi ýüregňize goýuň siz:
size söýgi bilen ýüzlenyän
günlem
sözlerimi kesä çekmän söýüň siz.
söýüň meni ähli erki hem durky
bilen size tarap ýollar çekeni
yeke özüň söýüp ýörsen
elmydam
birazajyk agyr düşjek ekeni.
söýüň meni siziň sadyk guluňyz
soňra menden size galar şeýle
paý
men size bahasyz serpaý ederin
şalaryň elinden gelmejek serpaý.
-
hallboy
14 years ago
- SENİ SÖÝDÜM
Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.
Öz ýeňles gylygma gazaply boldym
Öz durmuş ornyma indi düşünýän.
Adamlara has ynamly garadym
Ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim
Kyn pursatym medet berdi kalbyma
Jadyly däl-seniň ynsan gözleriň
Kim men? jogap tapman şu günlere çen
Seni söýüp kimdigimi bildim men
Ýeňil gopdym başymdaky öýme dek
Diýdim “Ejiz bu dünýäni söýmmedik”
Seni söýüp göz ýetirdim bir zada
Kynçylyk ýok
Ejizlik bar dünýäde.
-
Goool
14 years ago
- Daglar
dünýämiziň örki, gögüň diregi
bardyr tomaşaly saparyň, daglar
bu gün saňa örkläp däli ýüregi
senden uly kuwwat taparyn
daglar
etegiňde iller mekan tutdylar
at çapyp, ýaý çekip, peýkam
atdylar
söýüşdiler , uruşdylar – ötdüler
menem seni söýüp öterin, daglar
men-men diýip daga köňül
bagladym
seni görüp kiçiligme agladym
boýumy boýuňa deňän halatym
toba edip öňüňe çökerin daglar
niçe danalaryň sözün eşitdiň
betpälleri öz paline duş etdiň
bu gün gelip meniň ýakamdan
tutdyň
saňa näme diýip öterin daglar?
syn et ummanlaryň gözel
görküne
beýik binalaryň synmaz erkine
ýamanlygmy goý özümiň
erkime
ýagylygmy welin, aparyň
daglar!
-
Goool
14 years ago
- Ynam
men ony goradym ýaman
gözlerden
jalaý ýigitleriň her garaýşyndan
sowuk gybatlardan, sowuk
sözlerden
tükenmez ýyllaryň gara
gyşyndan
goradym göripleň
gargaýyşyndan
ýakynlarymdanam goradym ony
goradym doslarmyň
ýylgyryşyndan
hiç bir zada rowa görmedim ony
bişişini synlap ullakan almaň
şol uly alma-da gorkuly garap
ony ähli zatdan goradym, arman
özümi şol gyzdan bilmedim
gorap
hanha, iňrik ýere ýazylyp barýar
bilýän, bir ýerlerde eýýäm daň
atdy
oň söýgüsi misli bir uly derýa
zyňylan daş bolup, ýüregme
ýetdi.
ine, syryp ýörüs köçeleň boýun,
bir-birimiz tanaman, nobata
durus
geliň , syr saklaman, alalyň boýun
şol daşy näçämiz göterip ýörüs!
biz jeza bar jezalaňňam jellady:
wysallaryň myrat bolmak
deregne
adamyň eý gören, ynanan zady
bir gara daş bolup çökýär
ýüregne
ynamsyz ýaşamak mümkin däl
mümkin,
ony goramalay beýni hem ýürek
ýöne ynamlaňňam synýany üçin,
käte ynamlardan goranmak
gerek.
hallboy hääääýt ogurlamahow))
-
Goool
14 years ago
- Bir kemsiz gozel bolmaz
"birkemsiz gozel yok''
diyenmishinler,
belki shol gözelem däldir,bir
kemsiz,
belki ish edende yokdur usuly,
belki-de ozini söyyändir chensiz.
a sen bolsa yöräp baryaň
shadyyan,
göni bakyp adamlaryň yüzüne,
tur,otur sen,kitap oka suw
dasha,
sen mydam yeketak menin
gozüme.
sen gözel dal sen köplerin biri
sen,
sen gözel dal,sen ömrümiň
ykbaly,
bolubersin gözellerin yetmezi,
sen gözel dal,kemçiligiň bor yaly!
-
Cwetocek
14 years ago
- Dunyede her kimin oz gylygy bar,
öatlary saylap-secgin-diydiler.
Edep-sypaycylyk adamy bezar,
mydam godeklerden gacgyn-diydiler.
Diyishleri yaly gacdymda yordum,
godekligem meni kowlap yormedi.
Ol onumden cyksa, yuzum owurdim,
on na derdi asyl gaty gormedi.
Sypayy diylenler bolyar her hili,
juda sypayylar dashym aldylar.
Duyman durka,kastlary bar yaly
sypaylygmyn dulugyna caldylar.
Sypaycylyk bilen hormat etdiler.
Sypaycylyk bilen adym tutdular.
Sypaycylyk bilen arzan satdylar.
Sypaycylyk bilen etdiler baryn.
Son yene diydiler yanyma gelip,
mert yigide nazik bolmak yarashmaz.
Bardyr adamlarda sheyle bir gylyk-
ajyn yokmy-suyjine-de garashmaz.
Eysem,yaranjanlyk,oz kulban kuyi,
goriplik hem juda-juda kuteklik
yaly gylyk-hasiyet dush gelyan guni
in yaramaz gylykmydyr godeklik?!
Bash cykarmak gerek sheyle gylykdan,
nace cun dushunsen,shonca-da yagshy.
Kebza pycak sokyan sypaycylykdan,
tumshugyna kakyan godeklik yagshy.
Ey,siz,sypayylar,men taya bakan
gelmawerin leshger cekip,dokulip.
Yashasyn,hak ucin gulakdan cekyan,
goni goze bakyan sagdyn godeklik!
-
Goool
14 years ago
- bir gün bag deý ýanyp-
köýsen
(baky gelen barmy eýsem?)
abraýňy ataňa goýsaň,
ogluňa atyňy goýsaň ,
bugdaýa meýdany goýsaň,
zemine asmany goýsaň,
gurmadygňy goýsaň eger,
deňi-duşlaň dowam eder.
sährany şähere goýsaň,
tohumy bahara goýsaň.
goýsaň,
goýsaň,
köp zat goýsaň,
derdiňi enä goýmasaň.
dert alynmaz ýöne ýere,
kim başyn hesrete goşar?
ýöne mydam enelere
üleşekde şu paý düşýär.
-
hallboy
14 years ago
- O-o-o-o... Bilmandirin Goool, yazylan daldir oytdum.
-
Goool
14 years ago
- Ayralyk
daň atýar, gün ýaşýar – güneş
ýaşmaýar.
ýyldyz öçýär, emma öçmeýär
älem.
adam ölýär – hiç ölmeýär
aaamzat.
bag guraýar – tokaý ýaşaýar
hälem.
bu şeýle bolupdy.
şeýle-de bolar.
tebigatyň demir kanuny bular.
daň atýar, gün ýaşýar –
gyýylýar ýürek
bir ýyldyzjyk öçýär – gyýylýar
ýürek
goja bag çüýreýär – gyýylýar
ýürek
adam ölýär – hasam gyýylýar
ýürek.
eger güneş, älem, tokaý,
adamzat –
baky bolsa,
gama batmak ne derkar?
bag ölýär – bag döreýär,
gün ýaşsa – daň atmaly.
her ölümiň yzyndan oň dowamy
– ömür bar.
şularyň birisi dünýämden gitse,
bilemok, ýüregmi gaplaýar
gussa.
-
Goool
14 years ago
- Märeke
öz işine gümra gadym giň jahan
käte gam getirer, kä-te hemaýat.
çirkin-çirkin aglanynda gyzjagaz.
"öýkeni giňeýär!" diýip güldi
jemagat.
ýigrimi gyş geçdi, ýigrimi bahar.
şo gyz kämil çykyp, toýa
şaýlandy
şonda şol gözeliň ikinji sapar
owadan gözlerne duman
aýlandyr.
"aýu, tula, begenjiňe aglaýaň!"
diýip, ýomak atyşdylar gelinler.
entek nämaň-nämedigni
aňmaýan
gyzlaň ýylgyrşyny gizledi ýeňler.
soň ýene aý ötdi. ötdi köp bahar.
kim gam çekdi, kim keýpini
çaglady.
şonda şol gözelmiz üçünji sapar,
soňky sapar için tutup aglady.
indi ahmyr ýokdy, gözýaşam
ýokdy
söýgi, umyt ýer tapmadyk
synady.
diýdi, il ýene-de juda sogdurup:
"maşgalada öýke-de bar, kine-de!"
paşmadyk umytlaň gizläp ahyny,
şatlykdan üç gezek aglaýan
barmy?
sen aýt, märeke, aýt ahyry,
saňa biperwaýlyk endikmi,
kärmi?
-
Cwetocek
14 years ago
- Erbet goshgular
erbet goshgy...olar durli-durludir,
kasinin suwy kan,duzy bolsa az.
Kasi bosh tannyra yokardan gacan
dash sebapli doran yakymsyz owaz.
Kasi nadogrudan yoluny bashlap,
ozuni mun durli kulpete salar
subut etjek bolup nadogry zady,
goshgy onkidenem nadogry bolar
kasi bolsa... Cykaryp bir hokgany,
iki ikin jeminin jedelin eder.
Muny cozmek ucin birje yol barka,
ol alar-da,egri yollardan gider.
Egri yollar shahyr ucin hatarly,
yone,dogrudanam,aga bol,shahyr!
Kate dogry pikrin artyklygyndan
nadogry goshgy hem dorayyar ahyr.
-
Goool
14 years ago
- Men seni söýýän
eyyäm, iñrik cökdi yeriñ yüzüne,
asman cyralaryn yakdy
bireyyäm.
''söyyän'' diymesemde seniñ
özüñe,
kine etme yarym men seni
söyyän!
kärim sheyle, mydam yolda, ilde
men,
onuñ aladasy, hysyrdysy kän.
ishli bolup seni sähel yadymdam
cykarsam gam cekme men seni
söyyän!
bashyña agyr ish düshse eger-
de,
hasrat yüregiñi gylyc dey gyyan
bolsa yatla meni uzak bir yerde,
seniñ gaygyñ bilen men seni
söyyän!
ayazly gün, ayazsyz gün, yssy
gün,
meni gowrup gysanynda
cölüstan,
agyr yolda yadap gacsa
ysgynym
men seni yatlayan men seni
söyyän!
iliñkiden artyk bagty dilemen,
saña iliñki dey bagt isleyän.
özüñi elmydam güycli saygyn
sen,
cünki shonuñ ücin men seni
söyyän!
-
Goool
14 years ago
gowdgny kocanizem
gurbannazar ezizowyn
adynamy?
cwetocek | 2010-08-17
23:49:12
howwala
-
Cwetocek
14 years ago
- :-)
-
hallboy
14 years ago
- Bu stranitsa donup bashlady, achmajak bolyar. )))
-
Goool
14 years ago
- Yrza boluñ menä häzirlikce boldy etjek, soñ yene gosharyn!
+bir goshgy setiri bolmaly:
"kimligin biljek däl arshda HUDAÝYÑ,
yone yerde gözellikler HUDAÝDYR!"
TOCNO BILEMOK SHU SETIRLER G.EZIZOWYN GOSHGULARYNDANmy yada bashga, EGER g.ezizowyñ goshgusyndan bolsa bilyanñiz oklarsyñyzda?!
-
Yazlale
14 years ago
- Hemmanize salam! Siz G. Ezizowyn gaty gowy goshgy setirlerini yazypsynyz.
-
Cwetocek
14 years ago
- Mena g.ezizowyn gosgularndana tapmadm o setirleri
-
trabzonlu
14 years ago
- hemmelerinize salam bolsun yazylan hatlaryn hemmesini okayyp gorenimdir hemmesi myn byr mana aydyya 3 boyutli resim e menzeyan gozel hatlar dusunduryya gulduriya yyglatyya hemmezaty mewcut bulunan so kyymatly hatlary yazan karyndaslarymın hemmesynden allah razy bolsun gejenyn bu wakty çooook uzaklara goturen boldunuz yuregimi teşekkürlerimi sukranlarymy sunarym hemmenyza sag bolun janlar.
-
hallboy
14 years ago
- Goshgy yazyshyan dowurlerimiz hezildi!
-
trabzonlu
14 years ago
- salam hallboy hemme dowurlerin byr oguti bolan dyr ozunin yazylary çyra bolsun talyplar yazanlaryna allaha emanat bol
-
hallboy
14 years ago
- Salam!
-
hallboy
14 years ago
Beh yetishemok elde yazamsong
Cwetocek | 2010-08-17 23:03:31
Ha-ha... Gulish! Biz name, sho wagt ayagymyzda yazyadykmy??? !!! (hezil):-):-D:-P
-
trabzonlu
14 years ago
- seher wakdy boldi türkmenistanda gunacan dyr onemi yok hemme zadyn seher wakty byr dilegy bolandyr namaz wakti
-
Gozela
14 years ago
- Gool mana diysen yarady yazan yagsy kop kop sps.
-
Cwetocek
14 years ago
ha-ha... gulish! biz name, sho
wagt ayagymyzda
yazyadykmy??? !!! (hezil) :-p
hallboy | 2010-10-25 18:32:04
yok siz kopia etyadiniza:-)
-
Goool
14 years ago
- Bular yaly gowy temalaram barmay bææh
çyra
trabzonlu | 2010-10-25 18:13:58
cyracy diyjek boldunmy :D
-
Cwetocek
14 years ago
- diyjegni diyipdir goool :-) ana sana chyrachy diypdr:-)
-
Goool
14 years ago
- otaylardada bamay cyracylar?
-
Cwetocek
14 years ago
- bar oytyan!
-
unversal
14 years ago
- Saher turup syl yuzune cuysani
yaslygynda bolup bilsen alkas bol
sen sanama cuyselerin sanyny
sol cuysanin bolanyna monca bol.
Adamlar sutga bir telda dinlapdim. *yylgyryan smilejik*
-
Yazlale
14 years ago
- :)
-
bmw525
14 years ago
- Dowamy mende bar ay borlay yazmayynlay, yaltanyan
-
Bayja
13 years ago
- gytyndan betinden
Goool 14 years ago- bet hallboy! Menem goshjak bolaryn!