Essalamu aleykum eziz agzalar. Geling her kim Remezan ayyna we Oraza degishli bilenjesini yazsyn. çünki el eli yuwar, iki el birigip ýüzi.
Remezan
-
Bravo
14 years ago
- Sagja nb dost! Kabul bolsun!
Pygamberimiz (s.a.w.) hadyslaryndan:
Oraza-saglykdyr.
Seytan adamyn damarlarynyn icinde aylanyp yor, agyz beklemek bn onun yollaryny daraldyn!
-
Cwetocek
14 years ago
- Minnetdar nb!
-
Bravo
14 years ago
- Sagja bol diyjekdm.
-
Nechka94
14 years ago
- Sag bol dost peydaly yazgylar ucin. Orazalar kabul bolsun.
-
NB
14 years ago
- Hezreti Aly (Alla onuň ýüzüni nurly etsin!) aýtdy:
- Eger Haktagala ymmata azap salar bolsady, onda remezan aýyny bu bendelere bermezdi. Bu sebäpden, eger ol kişiler Muhammediň ymmaty bolsalar, olara dowzah odynyň haramlygy mälim boldy. Olar:
- Hakdan her zat Muhammet alaýhyssalama gelip dursa, hemmesini ykrar etseler, oňa ynansalar we hak bilseler, hem gadyr bilen amal etseler we şeytandan bolan hemme işleri terk etseler, ol terk bolan işleri nähak bilip şeýtana duşman bolsalar, hakyky ymmat bolarlar.
***
Ymam Abu Hanypa (Alla ondan razy bolsun!) ençeme mesele ýat edipdir. Ol meseläni bu mezhebiň ulamalary bu halklara beýan edipdirler. Ol mesele isle aňsat bolsun, isle kyn bolsun, hemmesini hak bilsin. Emma ylmy gaýyp bilen amal etmesin. Uçmahy we dowzahy, rahaty we azaby hak bilse, dini ylymlary duşman tutmasyn. Eger kişi bu sözleriň birden birine ýüregi bilen ynanmasa, emma diňe dili bilen ykrar etse, ol ymmat bolmaz we mynapyk (iki ýüzli bolar). Mynapyklary kyýamat güni bolanda dowzaha salarlar.
Eý Taňrymyz, hemmäni haklykdan çykarmagyl. Ämin!
***
Resul alaýhyssalam aýtdy. Gijeleriň serweri Gadyr gijesidir. Gadyr gijesi remezan aýynyň yigrimi ýedinji gijesidir.
***
Aly (Taňry onuň ýüzüni nurly etsin!) Resul alaýhyssalamyň şu sözüni aýtdy:
Ol şeýle sogaply gijedir, ýagny ol gijede yhsan we keramat köpdür. Ol gijä «Gadyr gijesi» diýerler. Haktagala gadyr gijesinde birinjiden, Muhammet ymmatynyň günäsini bagyş eder. Ikinjiden, ol gije Magraç gijesi bolup, Haktagala wada edip:
- Eý Muhammet! Men seniň ymmatynyň günälerini geçdim - diýer. Üçünjiden, ol gije bolanda kapyrlar Seýit Älemden «Aýy iki bölek et» diýerler. Resul Huda mübärek barmaklary bilen aýa yşarat eder. Aý iki bölek bolar. Ol gije Allatagala hem Muhammet ymmatynyň günäsini geçer. Her wagty gadyr gijesi bolsa Jebraýyl alaýhyssalam perişdeler bilen geler. Sidretilmüntehadan gelen ol perişdeleriň hasabyny diňe Allatagala biler. Özge kimse bilmez. Ol gelen perişdelerde dört müň baýdak bolup, onda arap elipbisinde «La ilaha illallahy, Muhammet Resulalla» diýen ýazgy bardyr. Ol wagt Jebraýyl alaýhyssalam olara:
- Baryň, jahany seýran ediň - diýip aýdar. Ol perişdeler jahany seýran ederler we gündogardan günbatara çenli aýlanarlar. Her jaýda ärden we aýaldan mömin bar bolsa, olar Haktagalanyň ýady bilen oturan bolsalar, olara Haktagalanyň rehmetini dökerler. Emma olar käbir kişilere rehmetden dökmezler. Yagny bir kişinin başga kişide haky bolsa, ol haky zorluk bilen bermeýän bolsa, ýa-da bir kişä jennet ýar bolsa, emma ol kişi ýatyp uklasa, ýa-da ol öýde haram mal bolsa, heniz toba etmedik bolsa, ol jemagat1ar beýle rehmetden binesip bolarlar.
Gadyr gijesinden soň daň atandan ol perişdeler asmana çykarlar. Ol perişdelerden Haktagala sowal eder:
- Eý perişdeler, siz nireden gelýärsiňiz? Hoş geldiňiz! Ol perişdeler aýdarlar:
- Muhammet ymmatyna seniň rehmetini ýetirip gelýäris.
Onda Haktagala aýdar:
- Eý perişdelerim, siz näme iş etdiňiz? Perişdeler aýdarlar:
- Sen danasyň: Sen aýan bilijisiň! Bendeleriň Seniň ýadyň bilen boldular.
Haktagala aýdar:
- Onuň ýaly bolsa siz güwä boluň. Men ol bendelerimiň günäsini geçdim. Olary didaryma duçar ederin we behişdi bagyş ederin - diýdi.
***
Gadyr gijesi edilen tagatyň sogaby müň aýyň gijesinde edilen tagatyň sogabyndan ýagşyrakdyr.
***
Imam Japar (Alla ondan razy bolsun!) Resul Hudadan rowaýat etdi. Resul Huda aýtdy:
- Her mömin bende dört rekagat namaz okasa gadyr gijesinde her rekagata bir ýola «Fatyha», yigrimi bäş ýola «Kulhuwallahu ahady» okasa, namazdan boşandan son ýüz ýola «istygpar» okasa, ol bende gadyr gijesiniň sogabyny tapgaý. Ýene onuň orazasyny we namazyny kabul eder. Ýene ol bende üçin behiştde bir şäher bina eder. Ol bende okan her aýaty we eden her sejdesi üçin bir şehidiň sogabyny tapar. Ol bende şol gadyr gijesi bilen geljekki gadyr gijesiniň arasynda ölge şehit bolar.
***
Enes bin Mälik (Alla ondan razy bolsun!) Resul Hudadan rowaýat etdi.
Resul alaýhyssalam aýtdy:
- Her mömin gadyr gijesi dört rekagat namaz okasa, her rekagatda bir ýola «Fatyha», bäş ýola «Innä enzelnahu», bäş ýola hem «Kulhuwalla», bäş ýola hem «Kul ýa eýýuhel¬kafiruny» okasa, sogaby şunuň ýaly bolar:
Müň haj edeniň, müň guly azat edeniň sogabyny we müň ýalaňajy geýdireniň sogabyny berer. Wagtynda ol bende namazyny okasa Haktagaladan asmandaky perişdelere:
- Eý, perişdelerim, güwä boluň, men ol namaz okan bendäni ýalkadym. Ol bendeden razy boldum- diýip wada eder.
***
Resul alaýhyssalam aýtdy:
- Aýt (baýram) gijesinde her mömin dört rekagat namaz okasa, her rekagatda bir ýola «Fatyha», üç ýola «Ayatul kürsini» okasa, Haktagala ýer ýüzündäki musulmanlaryň, tamam oraza tutanlaryň we namaz okanlaryň nähili mukdarda sogaby bar bolsa, bu namaz okanlara hem şol mukdar sogap berer.
-
NB
14 years ago
- Derman ulanmak we sanjym etdirmek
Agyzdan kabul edilýän dürli görnüşdäki dermanlar orazany bozýar. Çünki, olar iýmitlendirji häsiýete eýedir.
Klizma etdirmek, bur¬nuňa, gulagyňa derman, ýag damdyrmak orazany bozýar. Bu ýagdaýda kaza tutmak zerurdyr. Ýöne gulaga giren suw orazany bozmaýar.
Göze damdyrylan derman bogazyňda duýulsa-da orazany bozmaýar.
Ynsanyň derisinden içine syzan zatlar orazany bozmaz. Şonuň üçin bedene çalnan ýag ýa-da ýuwnanyňda sowuklygy bedeniňe orna¬ýan suw orazany bozmaýar.
Bedene urlan iňňe agyzdan kabul edilen dermanlar ýaly orazany bozýar. Çünki, bu orazalynyň öz razylygy bilen edilişi ýaly, beden üçin hem peýdalydyr. Bu ýagdaýda kaza tut¬malydyr. Mümkin bolan ýagdaýynda sanjymy agza-çardan soň etdirmek has laýygydyr.
Demgysma keseliniň garşysyna tozan şekilinde ulanylýan dermanlar (ingal¬ýasiýa) orazany bozmaýar.
Bedene gan goýbermek derman beren ýaly orazany bozýar. Ýöne gan aldyrmak orazany bozmaýar. Şonuň üçin «Bedenden çykýan zatlar tahareti bozýar, bedene girýän zatlar bolsa orazany» diýen söz kada öwrülip¬dir.
Dişiňi sogurtmak hem orazany bozmaýar. Ýöne gan we dermandan hiç bir zat ýuwutmaly däldir.
-
NB
14 years ago
- Allatagala hiç kime göterip biljeginden artyk ýük ýüklemeýär
Pygamberimiz “Eý Allam! Rejep we Meret aýlaryny biziň üçin bereketli kyl, mübärek kyl; bizi Remezan aýyna gowşur” diýip dileg edipdir.
“Remezan” sözi, “ýanmak” diýmekdir. Çünki bu aýda oraza tutan we toba edenleriň günäleri ýanýar, ýok bolup gidýär.
Ebu Hüreýräniň (Allah ondan razy bolsun!) rowaýat etmegine görä, Resulullah (s.a.w.): “Remezan aýy gelende, Jennet gapylary açylar. Dowzahyň gapylary ýapylar we şeýtanlar baglanar” diýip buýrupdyr. Başga bir hadysda bolsa: “Bir kişi , Remezan aýynda oraza tutmagy parz bilse we orazanyň sogabyny Allatagaladan garaşsa, geçmişdäki günäleri bagyşlanar” diýip Remezan aýynyň we tutulan orazanyň ähmiýetine ünsi çekipdir.
Käbir adamlar, Yslam dininiň ýeňillik dindigine düşünmän: “Yslamyýetde namaz okamak, oraza tutmak, zekat bermek, haja gitmek ýaly agyr we jogapkärçilikli ybadatlar bar. Bulary etmek ýeňil däl. Çünki birinde bedeniň ýadaýar; beýlekisinde bir aý aç gezilýär; ýene birinde hem puluňdan harçlamaly bolýar” diýýärler. Hakykatda bolsa bu agzalan ybadatlaryň hiç biri musulmana kynçylyk döredenok. Bu meselede beýik alym ymam Rabbany şeýle diýýär: “Allatagala bendelerine başaryp biljek zatlaryny buýurýar. Güýji ýetmejek işleri emir etmeýär. Ynsanlary ejiz ýaradandygy üçin, bütün emirlerinde ýeňillik döredipdir.” Nisa süresiniň 28-nji aýatynda: “Allatagala sizden agyr teklipleri aýryp, size ýeňillik bermek isleýär; çünki ynsan, ejiz ýaradylandyr.” Bakara suresiniň 286-njy aýatynda: “Allatagala hiç bir adama güýjüniň ýetýäninden artykmajyny ýüklemez...” diýip buýurýan Allatagala, ýene şol suräniň 185-nji aýatynda: “Allatagala size ýeňillik isleýär, size kynlyk islemeýär ...” buýurýar.
Namaz, oraza ýaly beden ybadatlary aslynda örän ýeňildir. 5 wagt namaz günüň dowamyndaky 24 sagadyň bir sagadyny alýar. Oraza aýy 12 aýda bir gezek gelýär. Zekat bolsa malyň hemmesini däl-de diňe kyrkda biriniň berilmegini emir edýär. Diniň beýeki buýruklaryna ünsli we ynsaply seredilende, ýeňillikler mese-mälim görünýär.
Ybadatlaryň kyn bolup görünmegi, ynsanyň içki duşmany bolan nebisiň täsiri bilendir. Hakykatdanam, namaz okamak we beýleki ybadatlary etmek mümünlere ýeňil bolýar, ruhy lezzet we dynçlyk berýär. Kalby garalanlara bolsa kyn gelýär we ýürekgysdyryjy bolýar. Ýene-de, her işde bolşy ýaly, ybadatlaryň dowamly berjaý edilmegini Beýik Alladan dilemelidiris. Çünki Allatagala: “(Her dürli günäden daş durmaj, oraza tutmak we beýleki ybadatlary etmek üçin) sabyr edip we namaz kylyp Allatagaladan ýardam isläň. Sabyr we namaz Allatagaladan gorkýan mümünlerden başgalara agyr gelýär” diýip buýurýar.
-
NB
14 years ago
- Mary wagty bilen.
Awgust.
Beklemek Açmak
11. 4:14 19:56
12. 4:15 19:54
13. 4:16 19:53
14. 4:17 19:52
15. 4:18 19:51
16. 4:19 19:50
17. 4:20 19:48
18. 4:20 19:47
19. 4:21 19:46
20. 4:22 19:44
21. 4:22 19:43
22. 4:23 19:41
23. 4:24 19:40
24. 4:25 19:38
25. 4:26 19:37
26. 4:27 19:36
27. 4:28 19:34
28. 4:28 19:33
29. 4:29 19:32
30. 4:30 19:31
31. 4:31 19:29
Sentyabr.
1. 4:32 19:28
2. 4:32 19:27
3. 4:33 19:25
4. 4:34 19:23
5. 4:35 19:22
6. 4:36 19:20
7. 4:36 19:19
8. 4:37 19:17
9. 4:38 19:15
10. 4:39 19:14
11. 4:40 19:12
Bolek yalngyshlyk giden bolsa meng gunam.
1-2 gun artyk yazylan bolmagy ähtimal.
-
Bravo
14 years ago
- Malades dost! Allam (j.j.) sizden razy bolsun! Ag namaz wagtlary bn yazsanyz razy bolardym.
-
hooligan
14 years ago
- Allah (c.c) senden razy bolsun dost tutyan orazanam kabul bolsun
-
Cwetocek
14 years ago
- Kop kop Minnetdar nb!!!
-
Bravo
14 years ago
- Nace nace swet?? :-D :-D
-
AKG
14 years ago
- Sagbol dost sagbol. Uly kömek etdin. Tanyr¥alkasyn!
-
mamatow
14 years ago
- GUTLAYAM
-
Owadanoglan
14 years ago
- Dost sen bizin un uly alada edipsin. Sana uuuuuuuullakan sagbol aydasym gelyar
NB 14 years ago- ORAZA AÝYNYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY
Kagbal Ahbar (Alla ondan razy bolsun!) Resul alaýhyssalamdan rowaýat etdi:
Resul alaýhyssalam aýtdy:
- Eý ýaranlar, Haktagala sizleri uluglap remezan aýyny iberdi. Taňry ony başga hiç pygamberiň ymmatyna ibermedi. Ol remezan aýynyň orazasyny meniň ymmatym üçin sylaglady. Siz hem ony uluglaň we eziz tutuň. Çünki siz özge ymmatlaryň arasynda kyýamat güni bu sebepden eziz bolarsyňyz. Her kim remezan aýynda bir gije ybadat etse, gündiz ýalançylykdan, gybatdan, töhmetden we şugulçylykdan özüni saklasa, Haktagala ol bendä müň aý ybadat edeniň sogabyndan hem köp sogap berer.
***
Enes bin Malik (Alla ondan razy bolsun!) Resul alaýhyssalamdan şeyle rowayat etdi.
Resul alaýhyssalam aýtdy:
Kyýamat güni bolsa Haktagala üç dürli halklara rehmet berer. Owwal, şagban aýynda remezan aýynyň orazasyna ulaşdyryp, oraza tutsa. Ikinji, Gurhanhonlara. Üçünji, remezan aýynda tarawadan soň namaz okanlara.
***
Hezreti Aly (Allatagala onuň ýüzüni nurana etsin) aýtdy: - Men Seyit Älemden eşitdim. Seyit Älem aýtdy:
Haktagala üç dürli halklara näçe mukdar sogap berse, bir ýalňyz kişä hem bu mukdar sogaby bergeý.
Sahabalar aýtdylar:
- Ýa Aly, ol bir kişi diýýäniň kimdir?
Hezreti Aly aýtdy:
- Ol şeýle bendedir, ýagny orazadarlaryň agzyny açdyran bendedir.
***
Seyit Älem aýtdy:
- Remezan aýynda Haktagala her günde ýetmiş müň asylary (günäkärleri) azat eder. Juma gijesi hem ýetmiş müň asylary azat eder. Remezan aýynyň içinde näçe müň asylary azat etse, aýt baýram gijesi hem şonça mukdar asylary azat eder.
***
- Eý möminler, Haktagalanyň emrini remezan aýynda ýagşy berjaý ediň we yhlas bilen ýagşy ötüriň. Dilleriňizi gybatdan we göriplikden, ýalan sözden we töhmetden saklaň. Gözleriňizi şerigata laýyk däl işlere seretmeklikden saklan. Binika işi we şerigata laýyk bolmadyk iş peýda bolsa, şol zaman tiz toba ediň we puşmanda boluň. Eger bu aýdanym dek etmeseňiz size aç bolmakdan we suwsamakdan özge zat ýok.
***
Abu Hüreýra (Alla ondan razy bolsun!) Resul alaýhyssalamdan rowaýat etdi.
Ol aýtdy:
- Remezan aýynyň owwaly rehmetdir, ortasy magryfetdir, (ylym, bilim) ahyry dowzah odundan azatlykdyr.
***
Resul alaýhyssalam aýtdy.
- Her zadyň köňli bardyr. Iliň köňli remezan aýyndadyr.
Her kim remezan aýynda salamat bolsa, günäden salamat bolar. Tamam iller beladan we günäden salamat bolar. Her kim bir köňli şat etse ol bendeden jemi perişdeler şat bolar. Her kim remezan aýyny şat etse, ol bendeden Haktagala şat bolar. Ol bendäniň günälerini geçer. Her kimden Allatagala şat bolsa, ol bendä dowzah haram bolar.
***
Resul alaýhyssalam ýene aýtdy:
- Remezan aýy gelende dowzahyň işigini baglarlar, behişdiň işigini açarlar we şeýtany bent ederler. Her kim oraza tutsa, ýalan sözlemese, göriplikden we töhmetden daş dursa we gybat etmese, bäş wagt namazyny jemagat bilen okasa, şol mertebe bilen remezany ötürse, Haktagala ol bendäniň şol ýyl eden günäsini geçer. Ol bende remezan aýyny şol mertebe bilen ötürse günäden päk bolar we eneden ýaňy dogan çaga dek bolar.
***
Resul alaýhyssalam aýtdy:
- Her kim Tarawa namazyny okasa, Taňry oňa Arşyň töwereginde perişdeleriň sanyça sogap berer. Olaryň sanyny Allatagaladan özge bilmez.
Resul alaýhyssalam aýtdy:
Kyýamat güni bolanda bendeler hasap üçin jem bolarlar. Ol wagtda orazadarlar görden başyny götererler. Ondan soň Arasada bararlar. Agyzlaryndan behişt yslary geler. Ol hemme Arasadyň halklaryna tasir eder. Ähli Arasat halky ol ysyň ýakymlylygy üçin kyýamat güni «ne tagatyň bar, ýa ne günäň bar?» diýip, kişi-kişiden soramaz. Emma günäli adamlar bar bolsa olar günüň haýbatyndan eden günäleri aýan bolarlar. Eger hamr içen bolsa agzyndan hamr ( arak) ysy geler. Eger zyna eden bolsa, äriň ferjlerinden akar. Süýthor bolsa, garny misli uly gümbez dek bolar.
***
Resul alaýhyssalam aýtdy:
- Ol günde bendeleri behişde ibermäge perman bererler. Bir perişde, ol bendäniň ýanyna geler. Onuň golunda käsesi bolup, ol käse müşkden mähirli jennetiň päk şerabyndan doly bolar. Ol perişde käsäni onuň goluna berer we bendä Haktagalanyň salamyny ýetirer. Ol kasa şeýle diýip ýazylypdyr:
- Bu perişde hergiz sizden daş bolmaz we hergiz siz ölmersiňiz.
***
Resul alaýhyssalam aýtdy:
- Men mynajat etdim - Eý bar Hudaýa, Sen meniň ymmatyma näme iş edersiň?
Ol wagtda Haktagalladan perman geldi:
- Eý Muhammet, seniň ymmatyňa ýedi zat şert etdim.
Owwal seniň ymmatyňdan kim maňa tagat etse, ol tagaty men kabul ederin, yzyňa gaýtarmaryn. Sahylyk bilen onuň muzdyny we sogabany bererin.
Ikinji, her kim günäden toba etse, men ol tobany kabul ederin we günäden päk ederin.
Üçünji, endamynynyň ýedi agzasyna gararyn. Ol bendäniň alty agzasy günäde bolsa, bir agzasy tagatda bolsa, men ol alty agzasyny bir agzasyna bagş ederin, dowzaha ibermerin.
Dördünji, men ol bendäniň köňlüne gararyn. Eger eden günäsini ýadyna getirip, puşman edip gamgyn bolsa, onda ol eden günälerini geçerin.
Başinji, ol bendäni dertdir-azap, ýas bermek bilen günäsini ýok ederin.
Altynjy, bir ýylda dowzahy iki yola açaryn. Onuň bir tarapy tomusdyr, bir tarapy bolsa gyşdyr. Ol bende bu iki wagtda özüni yssy we sowga tutup, maňa tagat etse, ol bendeleri kyýamat güni dowzahda köydürmerin.
Yedinji, eý, Muhammet, seniň ymmatyňdan hasaby hormat bilen tutaryn, adalatsyzlyk bilen tutmaryn. Eger bendäniň günäsi tagatyndan köp bolsa, ol günäni şeyle kişileriň boýnuna salaryn. Ol kişiler dünýäde musulmanlara zulum edenler we musulmanlaryň malyny alanlardyr. Şonuň ýaly-da zalymlardyr. Ol zalymlary dowzaha ibererin. Mazlumlary behişde ibererin.
- Eý Muhammet, seniň ymmatyň hakynda munça ýagşylyklar etdim. Senin ymmatyň Maňa tagat eder.
***
Resul alaýhyssalam aýtdy:
- Her kim otuz gijäni tarawa bilen ötürse, Haktagala kyýamat güni aýdar:
- Eý oraza tutup, tarawa okan bendeler, sizi ärlerden, hatynlardan, bendelerden geljek we beýleki azaplardan azat etdim hem dowzahyň odundan halas etdim - diýer.